«7/24. tm», №23 (158), 05.06.2023.
Ynsanyň durmuşy tebigat bilen berk baglanyşykly. Gadymda ata-babalarymyz hem tebigat bilen ýakyn aragatnaşyk saklap, ondan üzňe ýaşamandyr. Biziň arassa howamyz, gözel tebigatymyz, janly-jandarlar, ösümlikler... biziň ýaşaýyş-durmuşymyza oňaýly täsirlerini ýetirýärler. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde, tebigatymyzy gözel hem arassa saklamakda ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler öwgä mynasypdyr. Ýaşamak üçin sagdyn tebigaty gorap saklamak meselesi soňky döwürde halkara ähmiýete eýe boldy. Türkmenistan hem ekologiýany goramak ýaly bu wajyp işden çetde durman, gaýta halkara derejede ähmiýetli başlangyçlar bilen çykyş edýär.