Gözelligiň, bakylygyň baýramy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň gözelliklerini has artdyrmak, ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky ýörelgeleriniň, giň möçberli tagallalarynyň işjeň dowam etdirilýändiginiň, sebit hem-de dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.