Tuýa

30 Maý 2023
973

Tebigatyň, ýaşyl öwsüp oturan baglaryň, dürli reňkli gülleriň adamlaryň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan ruhy sazlaşygy döredýändigini, dürli bagbançylyk bezegleriniň şäherleriň binagärlik maksatnamasynda maksadalaýyk ulanylmagynyň örän möhüm ähmiýete eýedigini bilermenler belleýärler. Şähergurluşygynda ýaşyl gözellikleri artdyrmaga uly üns berilýär. Bagdyr seýilgähleri, ýol ugurlaryny bezejek köp sanly daragt, gyrymsy agaç we gül ekmek işleri yzygiderli geçirilýär. Ekmek üçin ýaşyl gözellikleriň esasy bölegi degişli kärhanalaryň ýyladyşhanadyr açyk nahalhanalarynda taýýarlanylýar. Ösdürilip ýetişdirilen dürli görnüşli tuýa, dagdan, güjüm, derek, tut ýaly daragtlaryň onlarça görnüşi seýilgählere, meýdançalara, bagýodalaryna, ulag ýollarynyň zolaklaryna üýtgeşik gözellik berýär.

Bezeg agaçlarynyň arasynda tuýa agajy has meşhurdyr. Tuýa diňe bir bezeg agajy hökmünde däl, eýsem howany arassalamak, ionlaşdyrmak, hoşboý ys bilen baýlaşdyrmak wezipelerini hem ýerine ýetirýär. Bu agaç şäher seýilgählerinde, aýmançalarda, şeýle-de hususy öýleriň baglarynda ýaşyl germew hökmünde giňden ekilýär. Tuýa arçanyň bir görnüşi bolup, hemişe gök öwsüp duran, uzyn bolmadyk, ýaşylyň dürli öwüşginlerinde, şeýle-de gyzyl we ala öwüsýän reňklerde duş gelýär. Bu agajy güneşli ýa-da alakölege ýerlerde ekmeli. Ýeňil topragy gowy görýär, palçykly ýerlerde bu agaç saralyp solýar. Tuýa tomus döwründe gyşy geçirmek üçin kuwwatlanyp güýç ýygnar ýaly ýaz aýlary ekilýär. Nahaly hepdede 1 gezek, yzygiderli suwaryp durmaly. Ilkinji ýyl gyş döwri nahaly hökman ýyly saklamaly. Tuýa gyrkymy örän gowy görýär. Bu bezeg agajy üýtgeşik ideg talap etmeýär, şol bir wagtda-da örän owadan, gelşikli görünýär, daşky gurşaw üçin hem örän peýdalydyr.

Kerimberdi ATAÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar