Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasatynyň özeni tebigy gurşawy goramak we tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak bolup durýar. Ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa daşky gurşawyň döredilmegi ekologiýa syýasatynyň baş maksadydyr. Ekologiýa syýasaty geljekki nesilleriň-de abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edilýän aladany özünde jemleýär. Sebäbi adamzadyň şu günki esasy wezipeleriniň biri tebigy ekoulgamy geljekki nesillere geçirmekden ybaratdyr.
Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň biri bolan BMG-niň birnäçe konwensiýalaryna goşuldy we daşky gurşawy goramak boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz ýerine ýetirýär. Eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan giň gerimli bag ekmek dabaralary ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak babatdaky işe goşandydyr.