Sanly ykdysadyýet — döwrebap ösüş

9 Maý 2023
982

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanda durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bagtyýar geljegini, ýurdumyzyň durnukly ösüşlerini kepillendirýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklaryny ornaşdyrmakda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga, durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, sebitleýin zähmet bölünişigini kadalaşdyrmaga, ösüş maksatnamalarynda göz öňünde tutulan ägirt uly taslamalaryň we başlangyçlaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegine ýardam berdi.

Milli ykdysadyýetimizi bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, ýokary maýa goýum işjeňligini üpjün etmek, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny güýçlendirmek, importyň ornuny tutýan önümleriň öndürilişini artdyrmak, durmuş ulgamlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, şeýle hem adamyň aň-bilimini ösdürmek üçin maýa goýumlaryny köpeltmek, döwlet bilen hususy bölegiň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak babatda ägirt işler durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda halkara ölçeglerine laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalary we maglumat-aragatnaşyk enjamlaryny yzygiderli ornaşdyrmak işleri üstünlikli alnyp barylýar. Munuň özi önümçiligiň täze usullary, adamlaryň bilimine, iş endiklerine bildirilýän täze talaplary emele getirýär, sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, wagty we harajatlary tygşytlamaga, girdejileriň täze çeşmelerini ýüze çykarmaga şert döredýär.

Gözel ORAZOWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.
Beýleki habarlar