«Adalat» elektron maglumat toplumy

4 Maý 2023
1400

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde we halkara gatnaşyklarynda düýpli, giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 1990 — 2023-nji ýyllar aralygynda kabul edilen Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, Türkmenistanyň Konstitusion kanunlarynyň, Türkmenistanyň kodeksleriniň, Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlarynyň we Kararlarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň, şeýle hem 1995 — 2023-nji ýyllar aralygynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň soňky girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen üsti ýetirilen ýagdaýyndaky maglumatlary özünde jemleýän «Adalat» elektron maglumat toplumy programmasy taýýarlanylyp, fiziki we ýuridik şahslaryň şol programmadan peýdalanmaklary üçin mümkinçilikler döredildi.

Aýgözel HEZRETOWA,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Kanunçylyk müdirliginiň hukuk maglumatlary merkezi bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar