Ýer güni her ýyl baharda dünýäniň köp ýurdunda adamlaryň ünsüni tebigatyň goragyna çekmek maksady bilen baýram edilýär. Ol Demirgazyk ýarym şarda baharyň, Günorta ýarym şarda bolsa güýzüň başlanýan gününde — 21-22-nji martda bellenilýär.
Ilkinji gezek bu çäre 1970-nji ýylda ABŞ-da geçirilýär. Yzygiderli gurnalyp ugralan çäräni dünýä ýüzüniň adamlary haýran galaýmaly tizlikde alyp göterýärler. Şonuň üçinem bu halkara çäre barada: «Zeminiň güni öz-özüni döretdi» diýilýär.