Ýemşen ýurdumyzyň dag eteklerinde ösýän agaçlaryň biridir. Ol oňat hasyl getirýär. Miwesi süýji bolansoň onuň hyrydary hemişe ýetik. Ýemşen sözi grekçe «berk» diýen manyny berýär. Bu agaç örän berk hem-de uzak ýaşamaga ukyply, onuň 300 ýyldan hem köp ýaşaýandygy bellidir.
Ýemşeniň boýy 4 metr çemesi bolýar, käte oňa uzyn gyrymsy agaç görnüşinde-de gabat gelinýär. Ol alma görnüşli agaçlaryň maşgalasyna degişli bolup, ösegenligi bilen tapawutlanýar. Olara derýa boýlarynda, jaryň gyralarynda, şäher eteklerinde-de duş gelinýär. Ýapragy pişme pisint, hatarma-hatar, özi-de uçlujadyr, iki tarapy-da tüýjümekdir. Gülleri o diýen uly däl, ak reňkli, gürden ýaýbaň güllegen bolýar. Bu agaç maý aýynda gülleýär. Ýemşeniň miwesi gyp-gyzyl reňkde bolup, diýseň süýji tagamlydyr.