Tebigatyň ynsana beren iň naýbaşy nygmatlarynyň biri hem kömelekdir. Dünýäniň köp ýerlerinde bu nygmata bolan isleg uly. Ylaýta-da, bahar aýlarynda kömelekleriň onlarça görnüşi azyk harytlary bazarlarynyň tekjesini bezeýär.
Hemmämize mälim bolşy ýaly, kömelekler iýilýän we iýilmeýän – zäherli kömeleklere bölünýärler. Iýilýän kömelekleriň arasynda ululygy, agramy boýunça dünýäniň iň uly, äpet kömelegi adyny alanlary hem bar.