«TM Trade» onlaýn-platformasy Türkmenistanda we daşary ýurtlarda işewürligi ilerletmek boýunça hyzmatlaryny hödürleýär

17 Aprel 2023
717

«TM Trade» – bu kiçi we orta telekeçiligiň wekillerine giň köpçüligi öz iş ugurlary bilen tanyşdyrmak, haryt nyşanynyň meşhurlygyny artdyrmak, täze hyzmatdaşlary, müşderileri hem-de haryt bilen üpjün edijileri tapmak üçin amatly we ýeňil usuldyr.

Ulgamyň hödürleýän hyzmatlary kompaniýanyň şahsy profilini ýa-da web-sahypasyny döretmegi, şeýle hem «TM Trade-de» mahabat bannerlerini hem-de satyn almak we satmak üçin bildirişleri ýerleşdirmegi öz içine alýar. trade.com.tm internet-platformasyny döredenler üçin «TM Trade» usulynyň täsirli we amatly bolmagy örän wajypdyr. Şonuň üçin hem hyzmatlaryň we önümleriň sanawy 20-den gowrak kategoriýalara bölünendir, kärhanalar bolsa iş ugurlary we sebitler boýunça tapawutlandyrylyp, olaryň gysgaça maglumatlary we suratlary ýerleşdirilendir.

Beýleki habarlar