Elektron döwlet hyzmatlary

14 Aprel 2023
902

Döwlet dolandyryşynyň netijeliligini artdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin elektron ulgamyny özleşdirmek, sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly pudaklary döwrebaplaşdyrmak meseleleri döwrüň möhüm talabydyr. Şu jähetden, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmelere hem-de «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ylym, bilim we önümçilik aragatnaşyklary pugtalanýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler açylýar, inženerçilik-tehniki we beýleki zerur ugurlar boýunça okatmagyň usulyýeti kämilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny we internet-web saýtlaryny döretmek hem-de işe girizmek hakynda» Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarda IT-merkezleriniň döredilmegi üçin maliýe serişdeleriniň gönükdirilmegi sanly tehnologiýalardan doly peýdalanmagy başarýan hünärmenleri taýýarlamaga we bu ugurda milli mekdepleri goldamaga, programma üpjünçiligini işläp taýýarlaýjylara ýardam bermäge şert döredýär.

Röwşen IŞANGULIÝEW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Kanunçylyk müdirliginiň ykdysady kanunçylyk we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny döwlet bellige alyş bölüminiň müdiri.
Beýleki habarlar