«Toyota» kompaniýasy ýylda 1,5 million elektroulag satmagy maksat edinýär

9 Aprel 2023
744

Ýaponiýanyň «Toyota Motor» awtoulag konserni elektroulaglarynyň satuwyny 2026-njy ýyla çenli 1,5 milliona ýetirmek isleýär.

«Toyota» kompaniýasy 2026-njy ýyla çenli elektrik hereketlendiriji arkaly işleýän elektroulaglaryň ýene 10 sany täze görnüşini öndürmegi meýilleşdirýär. Şol sanda 2024-nji ýylda kompaniýa hytaý bazaryna täze — iki görnüşli ulagy, 2025-nji ýylda bolsa ABŞ üçin ýolsuz ýerden hereket edýän elektroulag öndürer.

Taýýarlan: Sona AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar