«Samsung» ýarymgeçiriji mikroshema önümçiligini ep-esli azaldar

9 Aprel 2023
817

7-nji aprelde «Samsung Electronics Co Ltd» kompaniýasy uly bäsdeşleriniň göreldesine eýerip, mikroshema önümçiligini ep-esli azaltmak isleýändigini mälim etdi. Kompaniýa dünýäde ýarymgeçirijilere bolan islegiň görnetin peselendigini, şunuň netijesinde hem bahalaryň arzanlandygyny nygtaýar.

Bu garaşylmadyk habar «Samsung Electronics Co Ltd» kompaniýasynyň mikroshema göterijileri öndürmekde şu ýylyň birinji çärýegi boýunça 96 göterim girdeji alanyny mälim edeninden soň ýaýrady. Bu garaşylýan görkezijiden ep-esli pes boldy. Maýadarlar bu pudagyň önümçilik liderleriniň şeýle netijä gelmegi bilen ylalaşdylar. Sebäbi soňky 9 aýyň dowamynda bu pudagyň girdejisi 70 göterim pese gaçdy.

Taýýarlan: Bägül Ataýewa,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.
Beýleki habarlar