Bulary bilmek gyzykly

25 Oktýabr 2022
2303

Eýfeliň gizlin otagy

Görlüp oturylsa, Pariždäki meşhur diňde öý hem bar eken. Ussat binagär Gýustaw Eýfel meşhur diňiň ýokarky böleginde gizlin öý hem gurupdyr. Içinde öý goşlary-da bolan bu uly bolmadyk jaýyň oňaýlylygy adaty fransuz öýlerinden sähelçe-de kem däl. Gýustaw Eýfel myhman otagly, hammamly we iki sany ýatylýan otagly gizlin öýde şäheriň gözel görnüşini synlap, dynç alypdyr, myhmanlary kabul edipdir. Häzirki wagtda bu öý muzeýe öwrülip, onda Eýfeliň we onuň dosty Tomas Edisonyň edil gürleşip oturan şekildäki mum heýkelleri ýerleşdirilipdir.

Taýýarlan Sähra BABAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 116-njy orta mekdebiň okuwçysy.