Garagumda ýüregim

15 Mart 2021
2149

Türkmen halky hemişe-de tebigat bilen sazlaşykda ýaşapdyr. Sebäbi ol özüni tebigatyň bir bölegi saýypdyr. Tebigat ynsan ýaşaýşynyň gönezligi bolup durýar. Türkmen öz tebigaty bilen höwrügip, elmydama onuň diline düşünip, ol hakda alada edipdir. Ata-babalarymyzdan miras galan bagbançylyk usullary, tejribeleri hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen döwrebap röwüşde ösdürilýär.

Bu babatda häzirki döwürde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýlup, ol daşky gurşawy goramakda uly ähmiýete eýedir. «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynda, Repetek döwlet biosfera goraghanasynda alnyp barylýan işler milli hem-de halkara ylmy bilermenleriň bilelikde gatnaşmagynda amala aşyrylýar. Şeýle işleriň barşynda Garagum sährasynyň biologik dürlüligi özboluşly häsiýete eýe bolup, ol goralyp saklanmaga degişlidir. Garagum sährasy — gudratly, jadyly dünýä. Her bir ynsanyň ýüreginde Garagumuň janly-jandaryna, ösümligine, ot-çöpüne aýratyn uly söýgi bar.

Şöhrat MÜLKIÝEW.