Ýakymly duýgulara beslendi

14 Fewral 2021
1331

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Ahal welaýat kitaphanasy tarapyndan täsirli döredijilik duşuşyklarynyň, dabaralaryň, maslahatlaryň, söhbetdeşlikleriň, edebiýat agşamlarynyň köp sanlysyny geçirmek meýilleşdirilýär. Welaýat merkezinde ýerleşýän N.Saryýew adyndaky Çagalar sungat mekdebinde geçirilen edebiýat agşamy hem şeýle çäreleriň biri boldy.

Welaýat kitaphanasynyň neşirleri saklamak bölümi tarapyndan guralan edebiýat agşamy Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Daňatar Öwezowyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlandy. Onda çykyş edenler ussat kompozitoryň ömri we döredijiligi barada söz açdylar, onuň döreden sazlarynyň milli saz sungatymyzy ösdürmekdäki ähmiýeti hakynda gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, ussat kompozitoryň saz eserlerinde diňe bir gadymy milli däpler däl, eýsem dünýä tejribeleri, sungatynyň dürli görnüşiniň, şol sanda opera sungatynyň häzirkizaman ýörelgeleri öz beýanyny tapýar.

Jemile IŞANKULYÝEWA,
Ahal welaýat kitaphanasynyň neşirleri saklamak bölüminiň kitaphanaçysy.