Ýyly üstünliklere beslemek ugrunda

5 Fewral 2021
1668

Welaýat kitaphanasynda welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda brifing geçirildi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli geçirilen brifingde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli ulgamlarda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilendigi, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek üstümizdäki ýylda hem eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegi ugrunda tutumly işleriň durmuşa geçiriljekdigi, uly üstünlikleriň gazanyljakdygy barada buýsanç bilen gürrüň etdiler. Beýik Garaşsyzlygymyzy, milli bitewüligimizi pugtalandyrmakda, döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmakda, ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini artdyrmakda jemgyýetçilik guramalarynyň ýokary depginde iş alyp barýandyklaryny, möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli, parasatly syýasatyny özleriniň baş ýörelgesi edinýändiklerini aýtdylar. Halk baradaky aladany ilkinji orunda goýýan Gahryman Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolup, halkymyzyň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Gülnabat ANNATAGANOWA,
«Balkan».