Adalatyň dabaralanýan döwri

23 Ýanwar 2021
1680

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işler Watanymyzyň at-abraýyny, şan-şöhratyny, mertebesini arşa göterýär. Ajaýyp zamanamyzda ähli babatda ösen ýurda öwrülen Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Türkmenistan köp döwletler bilen syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda, şol sanda halkara hukuk ulgamynda-da işjeň hyzmatdaşlygyny ösdürýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy giň gerime eýe bolup, milli kanunçylygymyz bilen dürli ugurlardaky halkara hukuk resminamalaryny sazlaşdyrmak, halkara konwensiýalaryna goşulyşmak, ikitaraplaýyn halkara resminamalary ykrar etmek işleri hem ulgamlaýyn amala aşyrylýar.

Rustam ATAJANOW,
Türkmenbaşy şäher kazyýetiniň başlygy.