Bagtyýar günleriň bagtly ýaşlary

18 Ýanwar 2021
1952

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesle uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda ýaş nesil babatdaky aladanyň möhüm orun eýeleýändigi bizi ýokary ruhubelentlikde döwrebap ylym-bilim almaga borçlandyrýar. Ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy wezipesi adamyň we jemgyýetiň ösmegine ýardam etmekden, onuň intellektual hem-de zähmet mümkinçiliklerini kemala getirmekden, ýaşlara döwrebap bilim bermekden ybaratdyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Arkadag Prezidentimiz «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» tassyklamak hakynda Karara gol çekdi. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlar barada döwlet derejesinde maksatnamanyň kabul edilmegi we ony üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Diýarymyzyň ähli ulgamlary bilen agzybirlikde işleriň alnyp barylmagy hem bizi — ýaşlary guwandyrýar.

Akjemal BEGLIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.