Şowly netijeler

1 gün öň
56

Golaýda ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň taryhy dersinden onlaýn bäsleşigi geçirildi. Bu bäsleşikde TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň harby talyplary baýrakly orunlary eýelemegi başardylar. Olardan Atajan Momatow, Şöhrat Durdynazarow, Yhlas Şirmetow 1-nji, Hydyr Altyýew 2-nji, Bahramjan Begenjow bolsa 3-nji orna mynasyp boldular. Şeýle-de institutymyz toparlaýyn jemlemede iň ýokary netije gazanmagy başardy.

Bu üstünlik hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen harby talyplaryň ukyp-başarnyklaryna laýyklykda gulluk borçlaryny berjaý etmekleri üçin döredilýän giň mümkinçilikleriň aýdyň subutnamasydyr.

Aýjemal DURDYÝEWA,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy.