Üstünlige ýetmegiň syrlary

19 Dekabr 2024
102

Üstünlige ýetmegiň birinji ädimi bir işe başlap, şol işde şowsuzlyk gazanmakdyr. Haýsy hem bolsa bir ugur boýunça synanyşyk gurarsyň. Bu ugurda esasy iki sany ýol bardyr. Birinjisi, üstünlik, ikinjisi, bu işde şowsuzlyk gazanmakdyr.

Bir işiň başyny tutup, şol işde üstünlige ýetip bilmedik bolsaň, ol seniň bu işe ukybyň ýok diýmegi aňlatmaýar. Eýsem, dünýäde islendik işde iň uly üstünlik gazanan adamlar kimler? Olar bu üstünlige nädip ýetdiler? Bu soraglara şeýle jogap bermek bolýar. Haýsy hem bolsa bir işiň birnäçe gezek başyny tutup, bu işde iň köp ýalňyşlyk goýberip we iň köp şowsuzlyga uçran adamlar has köp üstünlik gazanýarlar. Ýöne köp adamlar: «Adama ukyp dogabitdi berilýär» diýip pikir edýär. Hakykatynda bolsa sportda, işde, ylymda, tehnologiýada uly üstünlik gazanan şahsyýetler şol ugur boýunça has köp işlän adamlardyr. Beýik heýkeltaraş Mikelanjelonyň bu ugurda aýdan bir sözi bardyr: «Eger meniň üstünlige ýetmek üçin nähili we näçe zähmet çekendigimi bilsediňiz, onda meniň ýerine ýetiren işlerime gudrat diýip baha bermezdiňiz». Ýagny, eger siz uly üstünlik gazanan adamyň onuň bu üstünlige ýetmek üçin nähili we näçe zähmet çekendigini gören bolsaňyz: «Munça zähmet çeken bolsam, bu üstünlige menem ýeterdim» diýerdiňiz. Olaryň üstünlige ýetmek üçin näçeräk zähmet çekendigini bilmeýändigimiziň sebäbi, biz ol adamlar ýörite ukyply doglandyr diýip pikir edýäris. Fiziki taýdan sizden kämil bolmadyk adamlaryň sizden has köp üstünlik gazanmagynyň ýekeje sebäbi bardyr. Ol sizden has köp zähmet çekipdir. Ol has köp synanyşypdyr. Ol özüniň işlän döwründe has köp ýalňyşlyk goýberipdir. Belli bir derejä ýeten adam bu derejä ýeňillik bilen ýetmeýär. Işewür adam, sportuň islendik şahasyndaky adam, alym, suratkeş öz işine dogluşdaky ukyby bilen sizden kämil görnüşde başlamaýar. Bu üstünlikleriň arkasynda örän uly zähmet we öwrenmäge bolan isleg ýatyr.

Döwlet ORAZMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.