Türgenleriň iýmitinde witaminleriň we mineral maddalaryň ähmiýeti

7 Dekabr 2024
161

Bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak adam bedeniniň fiziki işjeňligini ýokarlandyrýar. Bedeniň işjeňliginiň ýokarlanmagy kadaly iýmitlenmegi, ýagny has köp uglewodlary, aminokislotalary we beloklary, makro-mikroelementleri talap edýär. Türgenleriň kadaly iýmitlenmegi bolsa, barha artýan ýüklenmelere çalt uýgunlaşmaga, dikelişi çaltlaşdyrmaga we sport türgenleşiginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Iýmit we iýmit düzümi adam bedeninde örän möhüm ähmiýete eýedir. Yzygiderli sport türgenleşikleri üçin köp mukdarda energiýa sarp edilýär. Ýaryşlar metabolik prosesleri çaltlaşdyrýar. Ýokary netijeli türgenleşik üçin bedeniň kaloriýa, makro-mikroelementlere bolan talabyny doly kanagatlandyrmaly we şeýle hem oňyn duýgularyny oýandyrmalydyr. Çünki ruhubelentlik sportda ýokary netijeler üçin möhümdir. Artykmaç iýmitlenmek türgenler üçin zyýanlydyr. Artykmaç iýmit bedende iýmitiň siňmeginiň bozulmagyna ýa-da agramyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar. Şonuň üçin türgenler jynsyna, meşgullanýan sport görnüşine we ýaşyna görä iýmitlenmelidirler. Türgenleriň iýmitlenmegi türgeniň özüne berýän ýüklenmelerine görä bolmaly.

Türgenlere esasy haýsy witaminler we minerallar zerur?

Gunça GOÇGULYÝEWA,
Aşgabat şäher häkimliginiň Olimpiýa şäherçesini dolandyryş müdirliginiň Saglygy dikeldiş merkeziniň we anyklaýyş barlaghanasynyň başlygy.