Sanly ykdysadyýet: döwrebaplyk, millilik, ösüş

8 Noýabr 2024
279

Häzirki döwürde adamzat durmuşynda innowasiýalara möhüm orun degişlidir. Şoňa görä-de, sanly ykdysadyýete geçmegimiz ýurdumyzyň dünýäde öz mynasyp ornuny berkitmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyny, uzak geljegimizi nazarlaýan ygtybarly ösüşimizi üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak işleriniň üstünlikli amala aşyrylýandygyny buýsançly bellemelidiris.

Ykdysady ösüş her bir ýurduň durnukly öňe gitmeginiň möhüm şertidir. Şunuň bilen baglylykda, 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ykdysady üstünliklerimiziň mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýratyn buýsanç bilen belledi. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzy ýokary depginde ösdürmegiň täze tapgyryna badalga berilmeginiň möhüm wezipeleriň biridigini belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geljek ýyl geçiriljek mejlisine dürli ugurlar bilen bir hatarda, 2026 — 2052-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasyny hödürlemegi teklip etdi. Munuň özi sanly ykdysadyýeti has-da kämilleşdirmekde möhüm başlangyçdyr.

Mähek ATAÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.