Ýaşlar — bagtly geljegimiz

9 Oktýabr 2024
437

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy-bilimi ösdürmek, ýaş nesle kämil bilim bermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Bu günki günde ýaşlar giň dünýägaraýyşly, ussat hünärmenler bolup ýetişýärler. Ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň, ýaş nesliň beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan kämil ösmeginiň esasy şerti hökmünde bilim ulgamyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, ony dünýä derejesine çykarmak üçin işjeň we maksada okgunly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ýakynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz taryhy çykyş edip, şeýle belledi: «Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, bilim ulgamynda durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler özüniň oňyn netijesini-de berýär. Bu günki gün ýaşlaryň başarnyklary, zehinleri bizi diýseň buýsandyrýar.

Hawa, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň gymmatyna doly düşünýän nesiller kemala gelýär. Şunda ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek we olaryň watansöýüji ýaşlar bolmagy hakynda alada etmek baş ýörelgämizdir. Şonuň üçin hem bu günki ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň esasynda milli terbiýe berilýär. Bu nusgalyk kitaplar bilim işgärleri üçin gymmatly gollanmadyr.

Sapa NURBERDIÝEW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.