Ýollar asuda — durmuş abadan

25 Sentýabr 2024
335

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ildeşlerimiziň abadan, asuda we bagtyýar durmuşyny, saglygynyň goraglylygyny, ulag gatnawlarynyň artýan döwründe ýollaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, ýaş nesillerde ünslüligi, ýurdumyzyň tebigatyny, ähli gözelliklerini söýmegi hem-de goramagy terbiýelemek babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar. Bu babatda her ýylyň sentýabr aýynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda biraýlygyň yglan edilmegi Diýarymyzda indi asylly däbe öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary bilen ýola goýlan şeýle asylly çäreler, ynsanperwer işler bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär.

Her ýyl güýz paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, aýratyn-da, paýtagtymyz Aşgabadyň köçelerinde ulaglaryň hereketi ýygjamlaşýar. Olaryň gatnawynyň artmagy bilen birlikde, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanýan raýatlaryň sany hem barha köpelýär. Tomusky dynç alyş möwsüminden soňra mekdep okuwçylarynyň, mugallymlardyr talyplaryň täze okuw ýylyna girişmekleri, şeýle-de şu aýda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm çäreleriň geçirilmegi jemgyýetçilik gatnaşyklaryny has-da ýygjamlaşdyrýar. Munuň özi ýollaryň asudalygyny we howpsuzlygyny, hereket bilen bagly gatnawlaryň kadaly bolmagyny üpjün etmek üçin sürüjileriň-de, pyýadalaryň-da has ünsli bolmagyny, degişli düzgünlere berk eýerilmegini talap edýär. Şeýlelikde, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar astynda biraýlygyň yglan edilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki bu biraýlygyň dowamynda edaralardyr kärhanalarda, bilim edaralarynda köpsanly wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýörite gepleşikler, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler guralýar. «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen şygar boýunça ýaşlaryň arasynda döredijilik bäsleşikleri, mekdebe çenli bilim edaralarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda dürli oýunlar guralýar. Şunda her bir adamyň, hususan-da, ene-atalaryň, ýagny maşgalanyň, Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Bilim ministrliginiň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, saglygy goraýyş işgärleriniň bilelikdäki tagallalary uly ähmiýete eýedir. Şu ýyl 1-nji synpa okuwa baran çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat berlen «Bilimli» atly noutbuk kompýuterlerde körpelere ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalaryny ündeýän, oýun görnüşindäki täze programmanyň ornaşdyrylmagy-da ýaş nesilleriň bu babatda kiçilikden kämil düşünjeli bolmagy ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň mysalydyr.

Çaryýar EMIROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň uly mugallymy.