Halk bähbidine gönükdirilen işler

25 Sentýabr 2024
366

Türkmenistanyň Halk Maslahaty türkmen jemgyýetini dolandyrmagyň iň gadymy ýörelgeleriniň biri bolup, döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygyny üpjün edýär. Muňa öňňin Aşgabatda geçirilen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde has aýdyň göz ýetirdik. Ol «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirmek bilen, durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynda, halk demokratiýasyny mundan beýläk-de dabaralandyrmakda, jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmekde, halkymyzyň syýasy medeniýetini we düşünjeliligini ýokarlandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy. Umumymilli forumda uly ösüşler bilen öňe barýan berkarar döwletimizde amala aşyrylýan işleriň üstünlikli dowamy boljak il-ýurt bähbitli tutumlaryň ara alyp maslahatlaşylmagy türkmeniň döwletlilik ýörelgeleriniň nusgalykdygynyň nyşanydyr.

Halkymyzyň asylly ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilen taryhy mejlisde kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeleri halk köpçüligine ýetirmek, ýaşlara düşündirmek, ýurdumyzda alnyp barylýan giň gerimli maksatnamalary, özgertmeleri, gazanylan üstünlikleri we ýetilen belent sepgitleri giňişleýin wagyz etmek jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleriniň esasy maksadydyr. Şonuň üçinem bu ugurda tagallalarymyzy gaýgyrmarys.  

Baýramgül ESENOWA,
TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň guramaçylyk bölüminiň müdiri.