Ýatlamalarymyň ýagşysy

21 Awgust 2024
513

Ynsanyň ýatkeşligi örän ýiti bolsa, ol hatda 3-4 ýaşlaryndaky wakalaram hakydasyna dolap bilýär diýilýär. Bu, alymlaryň ýyllar boýy geçiren tejribeleriniň netijesi. Ýöne ynsanyň ýadynda bir zadyň şeýle möhürlenmegi üçin, ol onuň kalbynda üýtgeşik bir täsir galdyrmaly. Ýogsam, ynsan ony bahym unutgyç bolarmyş. Sözüm guraksy bolmaz ýaly, şeýle ýiti täsir galdyrandygy üçin hakydama möhürlenen bir ýatlamany siz bilen paýlaşmakçy.

...Kakamyň agasynyň aýaly — Bilbil gelnejem aýagynda agyry bardygyny ýaňzydypdyr. Özem dyzçanagynda eken. Doganoglan agam jaň etdi-de, boş wagtymyň bar-ýoklugyny sorady. Ýok bolsa-da, agaň jaň eden wagty bar diýäýmeli bor. Agaň-da ol! Ulagyny howlymyzyň deňesinde saklap, birküç ýola duýduryjy sesini basdy welin, dessine gapydan çykdym. Ulagyň yzky oturgyjynda-da gelnejem dyzyny owkalap otyr. Agamyň gapdalynda joňkaryp oturyşyma: «Ugur hanjak, agam?» diýdim. Ol ýoldan ünsüni sowman:

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Esger».