Çynar — gözelligiň nyşany

31 Iýul 2024
836

Dünýäniň köp ýurtlarynda bolşy ýaly, ata Watanymyzda çynar agajy köpçülikleýin ösdürilýär. Goýry kölegeli, belent başly bu daragt berkligiň, owadanlygyň, uzak ýaşlylygyň nyşany hasaplanylýar. Şu häsiýetli aýratynlyklaryny nazarda tutmak bilen, ene-atalar yrym edip, täze dünýä inen gyz bäbejiklerine Çynar, Çynargül, Çynarbibi ýaly owadan atlary hem goýýarlar.

Gadymy döwürlerden bäri arzylanyp gelýän bu agaçlar derýalaryň kenarlarynda, çeşmeleriň boýlarynda, daglaryň jülgelerinde, dag tokaýlyklarynda ösýärler. Adamlar olary ilatly ýerlerde hem köpçülikleýin oturdýarlar. Çynar agajy howany zyýanly gazlardan arassalamakda möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Suw howdanlarynyň golaýynda oturdylan çynarlar bolsa suwy gyzmakdan we aşa bugarmakdan goramakda ähmiýetlidir. Ýurdumyzda çynarlaryň şeýle peýdaly taraplary nazarda tutulyp, olardan gorag zolaklary hem döredilýär.

Hudaýberen PALEKEÝEW.