Her daban ýeriňde keramat gördük

23 Iýul 2024
773

«Ýer ala, ýurt ala»

Biziň söhbedimiz eziz ene topragymyzyň uç-gyraksyz meýdanlary, gözel tebigaty, dag-dereli, çeşme-çaýly, giň sähraly ýaýlalary, kerem-keramatly ýerleri hakda. «Ýagşyny görmek jennet» diýilýär halkymyzda. Hydyr gören sähralara, asyrlaryň şaýady bolup oturan belent daglara gezelenç edip, arassa howadan dem almak, şildiräp akýan çeşme suwundan ganyp, eziz Diýarymyzyň gözel tebigatyny synlamak diýseň lezzetli. Ata-babalarymyzyň ýatan keramatly ýerlerine aýlanyp, olaryň ruhuny şat etmek, aýat-doga okamak bolsa sogaply işleriň biri. Bu gezekki döredijilik saparymyzda biz ýurdumyzyň günbatarynda ýerleşýän Balkan welaýatynyň keramatly ýerlerini, täsin tebigatly meýdanlaryny görmek maksady bilen ýola düşdük. Ir säherde paýtagtymyzdan çykyp, ýüzümizi günbatara tutup barşymyza, Gün öýleden aganda, Balkanabat şäherinden geçdik. Jebel şäherçesiniň üsti bilen gündogarlygyna tarap ugur alanymyzda, ýoluň ugrundaky: «Gözli baba 130 km. Ärsarybaba 235 km. Gaýtarmyş ata 160 km» diýen ýazgy hemmämiziň ünsümizi çekdi. Keramatly ýerlere çenli menzili görkezýän sanlar ýoluň agramly böleginiň heniz öňdedigini aňladýardy. Ykjam oturyşymyza, ýol ugrundaky hiç bir täsinligi gözden salmajak bolup, ulagyň aýnasyndan ikiýan tarapy synlap barýardyk.

Keýik UMAROWA.
«Türkmenistan».