Arzuwlaryň hasyl bolan zamanasy

27 Fewral 2024
1525

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň iňlis dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynda Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşyndan gelip çykýan wezipeler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşynda Magtymguly Pyragynyň ömür-döredijiligini, edebi mirasyny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň örän möhüm ähmiýete eýedigi baradaky aýdanlaryna aýratyn uly üns berdiler. Bu işe kafedranyň mugallymlary hem uly goşant goşýarlar. Olar öz ynsanperwer garaýyşlary bilen her bir ynsana, bütin adamzada söýginiň, ählumumy sazlaşygyň dogry ýoluny salgy berýän beýik şahyryň ömrüne we döredijiligine degişli gymmatly maglumatlary toplaýarlar, ylmy işleri bilen bilen gazetlerde, internet saýtlarynda çykyş edýärler. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň wesýetlerine wepaly halkymyzyň agzybirligi, tutanýerliligi, maksada okgunlylygy, ata Watanyna bolan beýik söýgüsi bilen ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýetilýän belent sepgitler barada hem jikme-jik aýdyldy. Türkmenistanda beýik şahyrymyzyň arzuwlan zamanasynyň berkarar bolandygy, döwletimiziň demokratiýanyň, kanunlaryň rüstemliginiň, raýat agzybirliginiň we bitewüliginiň mizemez ýörelgeleriniň esasynda ösýändigi bilen baglanyşykly buýsançly sözler belentden ýaňlandy.

Nigara KAÝLYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň iňlis dili we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň mugallymy.