Dil — milletiň gadymy genji-hazynasy

6 Fewral 2024
1649

Häzirki zaman türkmen dili, onuň sözlük goruny hasyl edýän sözler, sintaktik gurluşyny emele getirmäge gatnaşýan söz düzümleri uzak döwrüň önümi bolup, olar geçmişden gözbaş alyp gaýdýan milli däp-dessurlar, edim-gylymlar bilen baglanyşyklylykda ösüp, kämilleşip, biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Türkmen däp-dessurlary, urp-adatlary, gündelik oba hojalyk, maldarçylyk işleri ýaly, olar bilen baglanyşykly ulanylýan sözler we söz düzümleri-de örän gadymydyr we döwrüň ruhuna laýyklykda, olaryň köpüsi şol duruşlaryna, birnäçesi bolsa timarlanan görnüşinde häzirki zaman türkmen diliniň sözlük düzümine girdi. Olaryň käbirine seredip geçeliň.

Loganak — ata aýagyňy basyp münmek üçin agaçdan edilen üzeňňä loganak diýilýär. Ol biziň mirashanamyzda hem saklanýar.

Akynyýaz AKMUHAMMEDOW,
Tagtabazar etrabyndaky 12-nji orta mekdepde ýerleşýän «Hakyda» mirashanasynyň ýolbaşçysy.