Saçaklaryň berekedi

5 Ýanwar 2024
1640

Döwlet Baştutanymyz öz çykyşlarynda Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda we halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda türkmen telekeçileriniň möhüm orun eýeleýändigini aýratyn nygtaýar. Şoňa görä-de, döwlete dahylsyz ulgamda ýokary tehnologiýaly innowasion önümçilikleri ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi yzygiderli ilerletmek işleri hemişe üns merkezinde saklanylýar. Çünki tehniki ösüş, sarp edijileriň islegleriniň kanagatlandyrylmagy, köp babatda, ykdysadyýetiň hususy böleginiň alyp barýan işiniň netijeliligine bagly bolup durýar.

Döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, ýurdumyzyň telekeçileri milli ykdysadyýeti ösdürmäge mynasyp goşant goşmak ugrunda yhlasly işleýärler. Balkan welaýatynyň Gyzylarbat şäherinde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Erada» hususy kärhanasy-da şolaryň biri. Kärhananyň düzüminde 2015-nji ýylda işe girizilen, çörek we çörek önümlerini öndürýän «Nurana Aý» önümhanasynda oturdylan täze innowasion tehnologiýalar Türkiýe, Eýran, Italiýa ýaly döwletlerden satyn alnypdyr. Bu ýerde ýylda ýokary hilli çörek hem-de konditer önümleriniň bir müň tonnasy taýýarlanyp, täzeligi bilen sarp edijilere ýetirilýär. «Nurana Aýyň» häzirki wagtda taýýarlaýan azyk önümleriniň görnüşi 30-a ýetýär. Bu ýerde taýýarlanýan ýagly gatlamalary, ýagly petirleri, süýtli külçeleri, pişmeleri, dürli görnüşli kökeleri müşderiler uly höwes bilen satyn alýarlar. Gündelik önümler üçin zerur bolan bugdaý uny baglaşylan şertnama esasynda «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky degirmeninden alynýar.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.