Ylym-bilim dünýäsinde

26 Dekabr 2023
1922

Ýakynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň ýaş mugallymlary Ýaponiýa döwletiniň Sukuba uniwersitetinde bir aýlyk iş saparynda bolup geldiler. Bu iş sapary ýurdumyzda inženerçilik we tehnologik ylmy ugurlary ösdürmekde ýapon tejribesini öwrenmäge uly ýardam berdi.

Ýaponiýa diýlende, ilki bilen, öňdebaryjy tehnologiýalar göz öňüňde janlanýar. Elbetde, bu ýöne ýerden däl. Çünki Ýaponiýa innowasion tehnologiýalary öndürmek we eksport etmek boýunça dünýäde öňdeligi saklap gelýän ýurtlaryň biridir. Hut şonuň üçin hem 2016-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň asylly başlangyçlary we ak patasy bilen Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti açylanda, turuwbaşdan, Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Geçen döwrüň içinde Ýaponiýanyň bu abraýly ýokary okuw mekdebinden birnäçe professor gelip, biziň uniwersitetimizde talyplara bilim-ylym öwretdiler. Şeýle-de uniwersitetimiziň köp sanly mugallymlary we talyplary Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde we beýleki birnäçe ýokary okuw mekdebinde gysga we uzak möhletleýin okuw saparynda bolup, bilimlerini, tejribelerini artdyryp geldiler. Ýaňy-ýakynda hem uniwersitetiň ýaş mugallymlary bu ýokary okuw mekdebinde iki aýlyk iş saparynda boldular.

Döwletmyrat PORRYKOW,
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy.