Nebitgaza geljegi bolan gurluşlary takyk öwrenmek

27 Noýabr 2023
1311

Gündogar Türkmenistanda köp sanly uly möçberli üsti açylan gazly we gazkondensatly känleriň hataryna degişli bolan «Galkynyş», Bagaja, Kerpiçli, Gazlydepe, Ýaşyldepe we başgalar ýokary sygymly, organiki gelip çykyşly karbonat formasiýasyndaky gurluşlar bilen baglydyr. Şonuň üçin öwrenilýän meýdançalaryň ýerleşiş şertleri we ölçegleri (meýdany, amplitudasy we ş.m.) boýunça ünsi çekýän gurluşlary ýüze çykarmak we jikme-jik öwrenmek maksady bilen, geljekli gurluşlarda ähli bar bolan seýsmobarlag işleriniň maglumatlarynyň häzirki zaman programma üpjünçiliklerini ulanmak arkaly täzeden teswirlemesini (interpretasiýasyny) geçirmek esasy wezipeleriň biridir.

Olaryň hataryna Mergen we Go. Mergen gurluşlary hem degişli bolup, öňki 60-njy, 70-nji we 80-nji ýyllardaky geçirilen geologiýa-gözleg işleriniň maglumatlarynyň doly täzeden seredilmegine hem-de seljerilip, netije çykarylmagyna degişli hasaplap bolar.

Rahmetnur AÝMÄMMEDOW,
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktorynyň geologiýa işleri boýunça orunbasary.