Innowasion tejribeler — öňegidişligiň baş şerti

22 Noýabr 2023
1318

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagyndaky çykyşynda häzirki wagtda Türkmenistanda ylym ulgamynyň binýadyny berkitmek, ýokary tehnologiýalara, düýpli nazary ylymlara esaslanýan sanly ykdysadyýeti kemala getirmek babatda toplumlaýyn işleriň alnyp barylýandygyna ünsi çekip: «Bu gün ýurdumyzyň akademiki ylmy-barlag institutlarynda, ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-tehnologik, ylmy-kliniki, ylmy-taslama merkezlerinde, tejribe-önümçilik barlaghanalarynda, pudaklaýyn we pudagara ylmy guramalarda ylma, döredijilige höwesli ýaşlarymyzyň täze nesli kemala geldi» diýip belledi. Munuň şeýledigine Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň alyp barýan işleriniň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Uniwersitetimiziň Innowasiýa ylmy-okuw merkezi 2013-nji ýyldan bäri hereket edip gelýär we 2019-njy ýylyň iýunynda onuň Balkanabat şahamçasy döredildi. Doly hojalyk hasaplaşygy, öz-özüni maliýeleşdirmek we ödemek ýörelgelerinde iş alyp barýan merkez Türkmenistanyň Bilim hem-de Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň ygtyýarnamalary esasynda hereket edýär. Onuň çäginde ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ylma bolan höwesini artdyrmak, önümçilik maksatly dürli kiçi tejribeleri geçirmek, iri möçberli ylmy-tehniki wezipeleri bilelikde çözmek, bilim ojaklarynda işlenip taýýarlanan täzelikleriň önümçilikde peýdalanylyşyny giňeltmek üçin birnäçe ýuridik şahslar bilen ylmy-tehniki önümleri döretmek boýunça şertnamalaýyn işler alnyp barylýar.

Rahat NEPESOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň direktory, tehniki ylymlaryň kandidaty.