"Balkan" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Balkan welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Balkanabat şäheri, 145-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 1
Telefon belgileri: 6-37-06, 6-07-92, 6-07-96
Email: balkan-gazeti@sanly.tm

Habarlar

"Halkbank" sanly hyzmatlaryny ornaşdyrdy

Türkmenistanyň “Halkbank” paýdarlar täjirçilik banky täze «Sanly karz» ulgamyny işläp düzdi we ornaşdyrdy. Innowasiýa hyzmaty raýatlaryň karz almakda sanly ulgamy ulanmak arkaly artykmaçlyklary döretmek ýaly internet arkaly uzakdaky müşderi hyzmatyny üpjün edýär. Sarp ediji karz üçin ýüz tutmagynyň dowamynda ýörite ykjam programmany ulanyp, bu işi doly onlaýn ýagdaýda amala aşyrylýar.

Deňizde ýük daşama nyrhlarynyň ýokarlanmagynyň sebäpleri

Aprel aýynyň ahyry bilen iýun aýynyň başy aralygynda deňiz ugurlary boýunça ýük daşamagyň derejesi 74% ýokarlandy. «Drewry» kompaniýasynyň dolandyryjy müdiri we üpjünçilik zynjyrynyň geňeşçiler bölüminiň başlygy Filip Damas nyrhlaryň düýpgöter ýokarlanmagyna sebäp bolan esasy faktorlara ünsi çekdi. Esasy gämi gatnaw zolaklarynda, esasan hem, Gyzyl deňizde ýüze çykan bökdençlikler gämileriň ep-esli saklanmagyna we ugurlaryň täzeden üýtgedilmegine sebäp boldy. Munuň özi alternatiw portlarda dyknyşyklaryň döremegine sebäp boldy, gijikmeleri has-da artdyrdy we çykdajylary ýokarlandyrdy.

Ekologik talaplar — milli ýangyç-energetika toplumyndaky özgertmeleri kesgitleýän möhüm görkeziji

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bu pudakda üstünlikli amala aşyrylýan iri taslamalar diňe bir ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem möhüm wezipäni ýerine ýetirýär. Nebitgaz senagatynyň ägirt uly mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, dünýä bazarynda eýeleýän ornuny berkitmek milli strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümler babatdaky talaby kanagatlandyryp, durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin täze düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegini, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini, halkymyzyň rowaçlygynyň üpjün edilmegini şertlendirýär. Döwlet Baştutanymyz 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, nebitgaz senagatynyň milli ykdysadyýetimiziň wajyp pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam

Tehnikalar saz işledilýär

Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, pudakda işiň netijeliligini ýokarlandyrmak döwlet Baştutanymyzyň esasy talaplarynyň hatarynda durýar. «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapgeohyzmat» tehniki hyzmat ediş kärhanasy hem özüniň alyp barýan işleri bilen ýokary netijeleri gazanyp gelýär. Tehniki hyzmat ediş kärhanasy ýük we ýeňil awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirýär. Bu ýerde 600-den gowrak adam zähmet çekýär. Tejribeli sürüjiler dürli görnüşli awtoulaglara we ýükleýji mehanizmlere, burawlaýjylara ussatlyk bilen erk edip, bu ugurda bildirilýän talaplary doly ödemegi başarýarlar. «Lebapgeohyzmat» tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň başlygy Rustam Gurbanow:

Beýik özgertmeleriň aýdyň ýoly

Eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän beýik işler hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli syýasatynyň üstünliklere beslenýändigini aýdyň beýan edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň şan-şöhratyny beýgeltmek bilen bir hatarda, röwşen geljegimiziň üpjün edilýändiginiň subutnamasydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylan beýik ösüşleri, ulanmaga berlen desgalary synlanyňda ýürek buýsanjyň goşalanýar. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda toplan baý tejribesi, bina galdyrmak, köpri gurmak ýaly asylly ýörelgesi bu günki günde mynasyp dowam etdirilýär we döwrebap ösdürilýär. Şeýle ajaýyp binalaryň arasynda ýaşaýyş jaýlarynyň, önümçilik desgalarynyň bolmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki bularyň ählisi halk bähbitli işlerdir, geljege niýetlenen belent maksatlaryň rowaçlanmagydyr. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, sebitlerinde gurlup, ulanmaga berlen binalar milli ykdysadyýetimiziň hem kuwwatlydygyny beýan edýär. Bu halkymyzyň bagtyýar şu gününiň we nesilleriniň geljeginiň hatyrasyna gönükdirilýändigi bilen buýsanjymyza buýsanç goşýar. Şeýle beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli halkymyz tüýs ýürekden alkyş aýdýar. Çünki durmuşa geçirilýän beýik işler, belent üstünlikler ýurdumyzy täze ösüşlere ýetirýär, biziň her bir günümizi bagtyýarlyga besleýär. Şunda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, senagatynyň, saglygy goraýyş we ylym-bilim pud

Eziz Diýar ösüşlere beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ösüşlere beslenýän, täze üstünlikler bilen ildeşlerimiziň göwnüni göterýän ajaýyp zamanadyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar Watanymyzda uly üstünlikler we ösüşler gazanylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba we halk hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda, bilim, ylym, saglygy goraýyş ulgamlarynda, senagatyň pudaklarynda, täze döwrebap şäherçeleriň, obalaryň gurulmagynda, medeni ugurlarda durmuşa geçirilýän giň gerimli beýik işleriň rowaçlyklara beslenmegi munuň şeýledigini aýan edýär. Ynha, şu ýylyň 12-nji iýulynda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hem ýurdumyzyň beýik ösüşlerini görmek bolýar. Giňişleýin mejlisde hormatly Prezidentimiz Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji senagat pudagynda 3,6 göterime, oba hojalyk pudagynda 5,8 göterime, ulag we aragatnaşykda 7,3 göterime, hyzmatlar ulgamynda 7,9 göterime, söwda ulgamynda 7,8 göterime, gurluşykda bolsa 9,3 göterime deň boldy. Bu maglumatlar ýurdumyzyň durnukly ösüşini, ykdysadyýetiniň has-da pugtalandyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

«Galkynyşda» ýene-de bir guýy önüm berdi

Ýakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 236-njy belgili ulanyş gaz guýusynda buraw işleriniň 4 müň 563 metr çuňlukda üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4 müň 509 —–4 müň 363 metr aralyklardaky gatlaklarda jemi — 126 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde senagat taýdan ähmiýetli gaz akymy alyndy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 2 million 330 müň kub metr tebigy gaz berýär. Bu işler milli hünärmenlerimiz tarapyndan üstünlikli ýerine ýetirildi. Gazanylan zähmet üstünliginde halypa burawlaýjylar bilen birlikde ýaş gazçylaryň hem uly goşandynyň bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Gaz guýularyny burawlamakda, gurluşygy bilen doly tamamlap, ulanyşa girizmekde gazçylaryň döwletimiz tarapyndan hil taýdan öňdebaryjy tehnologik enjamlar bilen üpjün edilmegi bolsa, işleri çalt depginde, ýokary hilli ýerine ýetirmäge, şeýlelikde, guýularyň uzak wagtlap işlemegine şert döredýär.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 38 sanysy hasaba alyndy. Özbegistandan, Gazagystandan, Gonkongdan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler daşary ýurt walýutasyna nebit önümleriniň galyndylaryny, portlandsementi satyn aldylar. Şeýle-de dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 5 million 40 müň 300 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Ýylyň birinji ýarymynda söwda toplumynda gazanylan öňegidişlikler

12-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde söwda toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer B.Atdaýew garamagyndaky düzümlerde şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi. Hasabatda toplumyň üstünlikleri giňişleýin beýan edildi. Hususan-da, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda dolanyşygynyň ösüşi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 103,1 göterime, önüm öndürmegiň ösüşi bolsa 104,5 göterime deň boldy.

Şu ýylyň alty aýynda hususy ulgama berlen karzlaryň umumy möçberi artdy

2024-nji ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ýurdumyzyň banklary tarapyndan hususy ulgama berlen karzlaryň umumy möçberi artdy. Bu barada 12-nji iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Merkezi bankyň başlygy T.Mälikowyň beren hasabatynda mälim edildi. Bellenilişi ýaly, kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin ýeňillikli karzlaryň, hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere gönükdirilen karz serişdeleriniň görkezijisi ýokarlandy. Şeýle-de hasabatda 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, ýurdumyzyň welaýatlarynda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen ipoteka karzlarynyň galyndysynyň, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 12,4 göterim artandygy bellenildi.

Harytlar barada deslapky maglumaty bermek mümkinçiligi

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň gümrük edaralaryna sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri ornaşdyrylýar. «ASYCUDA World» maglumatlar ulgamy, elektron ekranlary, barlag rentgen enjamlary, maglumat ekranlary, TIR EPD sanly ulgamy we «Eksport-import amallary üçin bir penjire» maglumatlar ulgamy gümrük edaralaryna ornaşdyrylan sanly ulgamyň giň mümkinçilikleridir. Häzirki wagtda sanly ulgam arkaly alnyp barylýan işler has-da ýokarlanyp, bu ugurda daşary ykdysady işe gatnaşyjy taraplara uly mümkinçilikler döredilýär. Daşary ykdysady işe gatnaşyjylar we ulag-logistika kompaniýalary üçin, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan 2024-nji ýylyň iýul aýyndan başlap, Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi göz öňünde tutulýan ulag serişdeleri we harytlar barada elektron görnüşde deslapky maglumatlary bermek babatda ýene bir amatly mümkinçilik döredildi.

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: FINLÝANDIÝA RESPUBLIKASY

Finlýandiýa Respublikasy Ýewropa Bileleşiginiň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasynyň, Bütindünýä Söwda Guramasynyň agzasy bolup, senagat taýdan ösen, BMG-niň 2012-nji ýylda kabul eden 66/281 belgili karary bilen her ýylyň 20-nji martynda giňden bellenilýän Halkara bagt güni mynasybetli, her ýylda neşir edilýän Bütindünýä bagtlylyk hasabatyna görä, dünýäniň iň bagtly ýurtlarynyň sanawynda yzly-yzyna 7 gezek (2018 – 2024ý.ý.) 1-nji orny, Global innowasion indeksiň reýtinginde (2023ý.) 6-njy orny, Ýewropanyň innowasion reýtinginde (2023ý.) 3-nji orny eýelän, ykdysadyýeti açyk, ýokary derejede ösen infrastrukturaly, önümçilikleriň, ylmy-tehniki merkezleriň we uniwersitetleriň arasynda netijeli özara gatnaşyklary ýola goýan, täze tehnologiýalary çalt özleşdirýän, ilaty ýokary bilim derejeli we işewürlik üçin amatly şertler döredilen ýurtdur. Tokaý hojalygy, maglumat we telekommunikasiýa, metallurgiýa, energetika, işewürlik hyzmatlary, saglygy goraýyş, maşyn gurluşygy, azyk, gurluşyk fin ykdysadyýetiniň esasy pudaklarydyr. Finlýandiýanyň halkara derejesinde ykrar edilen bilim we innowasiýa ulgamy tarapyndan goldanýan çözgütleriň netijesinde ýurt sirkulýar ykdysadyýete geçmekde öňdebaryjy orny eýeleýär. Materiallary gaýtadan ulanmagy ýola goýmak arkaly, olaryň durmuş dolanyşygyny üpjün etmegiň hötdesinden gelen döwletiň uly üstünlikleri gazanyp biljekdigine fin jemgyýeti göz ýeti

Hytaý iň ýokary oňyn söwda balansyna eýe boldy

Bütindünýä banky 2023-nji ýylyň jemleri boýunça daşary söwda dolanyşygynda iň ýokary oňyn söwda balansyna eýe döwletleriň sanawyny yglan etdi. Oňa laýyklykda, geçen ýyl Hytaý Halk Respublikasy 594 milliard amerikan dollary möçberinde oňyn söwda balansyny gazanyp, sanawyň birinji ornuny eýeläpdir. Sanawda ikinji ýerde Germaniýanyň (245,3 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), üçünji ýerde bolsa, Irlandiýanyň (178 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy) ady getirilýär. Şeýle-de ilkinji onlukdan Singapur (155 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), Şweýsariýa (131 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), Saud Arabystany (127 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), Russiýa Federasiýasy (121 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), Niderlandlar (97 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), Awstraliýa (83 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy) hem-de Braziliýa (81 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy) ýer alypdyr. Şol bir wagtyň özünde hasabatda geçen ýyl daşary söwda dolanyşygynda importy eksportyndan has artyk bolan döwletler barada hem maglumat berilýär. Bu sanawyň başyny 1,1 trillion amerikan dollarlyk görkeziji bilen ABŞ çekýär.

TDG-ä agza ýurtlaryň özara söwda dolanyşygy 5 essä golaý artdy

Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň arasynda özara söwda dolanyşygy soňky onýyllykda 5 essä golaý artdy. Bu barada TDG-niň baş sekretarynyň orunbasary Omer Kojaman mälim etdi. Omer Kojamanyň aýtmagyna görä, TDG-ä agza ýurtlaryň arasynda özara söwda dolanyşygy 2015-nji ýylda 10 milliard amerikan dollary töwereginde bolan bolsa, bu görkeziji häzirki wagtda 50 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Şunuň bilen baglylykda, ol gurama agza ýurtlaryň bu görkezijini 100 milliard amerikan dollaryna ýetirmäge mümkinçilikleriniň bardygyny hem nygtady.

TSMC kompaniýasy «Tesladan» öňe geçdi

«Taiwan Semiconductor Manufacturing Company» (TSMC) bazar maýasynyň möçberi bir trillion amerikan dollaryndan geçýän iri kompaniýalaryň hataryna goşuldy. Bu üstünlik tehnologiýalar pudagynda giňden peýdalanylýan ýarym geçirijileri öndürýän TSMC kompaniýasynyň dünýäniň öňdebaryjy tehnologik ägirtleriniň birine öwrülendigini aňladýar. Gymmatbahaly kagyzlarynyň bahasynyň ýylyň başyndan bäri 80 göterim ýokarlanmagynyň netijesinde häzirki wagtda TSMC bazar maýasy boýunça «Tesla» kompaniýasyndan hem geçmegi başardy. Şu ýyl bütin dünýäde ýarym geçiriji tehnologiýalara zerurlyk, geçen ýylky bilen deňeşdirilende, 16 göterim ýokarlandy. Bilermenleriň çaklamalaryna laýyklykda, ýarym geçirijileriň satuwynyň 2025-nji ýylda 12,5 göterim ýokarlanmagyna garaşylýar. Şeýle ösüş häzirki döwürde yzygiderli kämilleşdirilýän emeli aň tehnologiýalary üçin çylşyrymly we kuwwatly çiplere islegiň barha artmagy bilen şertlenendir.

Özbek ykdysadyýetindäki özgerişler

Taryhy ýadygärlikleri, aşhana medeniýeti, bilim ojaklary (medreseler) bilen dünýä taryhynyň altyn hazynasyna giren Özbegistan bu günki gün ykdysady bazasyny diwersifikasiýa etmäge, infrastrukturasyny gowulandyrmaga gönükdirilen reformalary we maýa goýumlary netijesinde yzygiderli ösüşi başdan geçirýär. Ykdysadyýetiň oba hojalyk, syýahatçylyk, senagat önümçiligi, telekeçilik, maglumat tehnologiýasy pudaklarynda öňe ilerlemegi başaran Özbegistan Respublikasynyň 2023-nji ýylyň netijesi boýunça nominal jemi içerki önümi 5,99 göterim ýokarlanyp, 90,89 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Bütindünýä bankynyň çaklama hasabatyna görä, 2024-2025-nji ýyllarda ýurduň jemi içerki önüminiò ösüş depgininiň 5,5 göterime deň bolmagyna garaşylýar. «Trading Economicsiň» seljerijileriniň çaklamalaryna laýyklykda bolsa, Özbegistanyň JIÖ 2024-nji ýylyň ahyryna çenli, 96,34 milliard amerikan dollaryna deň bolar. Şeýle-de uzakmöhletleýin mümkinçilikleriň netijesinde 2025-2026-njy ýyllarda ýurduň JIÖ, degişlilikde, 103,09 we 109,79 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlanar. Daşary söwda dolanyşygy

Ulaglar we aragatnaşyk ulgamynda durnukly ösüşler gazanylýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 12-nji iýulda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetiň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly meselelere seredilip, şu ýylyň ikinji ýarymynda öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Hökümet mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň redaktorlary hem-de beýleki ýolbaşçylar çagyryldy.

Türkmenistan Gyrgyzystana we Özbegistana eksporty artdyrýar

Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet statistika gullugynyň habaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 20 million dollara ýetdi we 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 36% ýokarlandy. Bu barada «Bigasia» ýazýar. Gyrgyzystandan Türkmenistana eksport 5,2%, Gyrgyzystana türkmen harytlarynyň importy 38,1% ýokarlandy.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri pagta soapstogynyň arassalanmadyk çig ýag turşulygyny, portlandsementi, nebit galyndylaryny, nah ýüplügi we pagta lintini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 40 müň dollaryndan gowrak boldy.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşine gönükdirilen döwlet syýasaty ilatyň abadançylygy üçin üstünlikli durmuşa geçirilýän we «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgä esaslanýan maksatnamalarda öz beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzyň 16-njy maddasynda: «Döwlet ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň ösüşine ýardam edýär, şeýle hem bu ugurlarda halkara hyzmatdaşlygy goldaýar» diýlip kesgitlenen. Bu konstitusion kadalar «Aragatnaşyk hakynda», «Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda», «Innowasiýa işi hakynda», «Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda giňişleýin beýan edilen. Amatlylyk, çaltlyk, tygşytlylyk ýaly düşünjeler bilen berk bagly sanly ulgam ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylyp, onuň täze innowasion we sanly tehnologiýalar, elektron resminama dolanyşygy hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamy, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýet, sazlaşykly işleýän elektron senagaty ýaly tapgyrlaýyn işleri ýola goýuldy. Sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen, ýurdumyz dünýäniň maglumat ulgamyna we tehnologik ösüşine goşulyşýar. Şonuň netijesinde, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirilen ýokary tizli