Owadan ýazuwda ýaşlaryň üstünligi
Paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de «Biznes reklama» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni we Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli gadymy hatdatlyk sungatyna ýaşlaryň ünsüni çekmek we bu ugurda ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ilkinji gezek yglan edilen «Owadan ýazuw» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Orta asyrlarda Merkezi Aziýa yklymynda, şol sanda Türkmenistanyň çäginde hem medeniýet, sungat, ylym, bilim belent sepgitlere ýetipdir. Bu döwürde halk arasynda uly meşhurlyga eýe bolan, halk köpçüligi tarapyndan hormatlanylýan kärleriň biri-de hatdatlyk sungaty bolupdyr. Orta asyr hatdatlary bu käri sungat derejesine çenli kämilleşdiripdirler. Hatdatlyk kärinde halklaryň medeni aýratynlyklary, däp-dessurlary saklanypdyr we ösdürilipdir. Hatdatlyk sungaty Gündogar ýurtlarynda kitap sungatynyň iň köp ýaýran görnüşleriniň biri bolup, aýratyn çeperçilik gymmaty bilen dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrüldi. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gadymy hatdatlyk sungatyna ýaşlaryň gyzyklanm