Demokratik özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen

4 Sentýabr 2024
49

Merdana halkymyzyň taryhynyň haýsy döwrüni alsaň-da, her bir işiň, möhüm meseläniň halk bilen geňeşilip edilýändiginiň şaýady bolýarsyň. Şeýle asylly ýörelgeleriň, nusgalyk däpleriň aňyrsynda giden many ýatandyr. Çünki geňeşli biçilen donuň gysga bolmaýşy ýaly, il-günüňe sala salnyp edilen işiň rowaç bolýandygyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleriniň mysalynda has aýdyň görmek bolýar. «Geňeşli salamat bolar» diýip, her bir işi il-gün bilen maslahatly eden ata-babalarymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa şeýle asylly ýörelgeleriň dabaralanýandygyny açyk-aýdyň görkezýär. Halk Maslahatynyň mejlisiniň halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellemek gerek.

Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň ýanwarynda  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirilip, onda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döredildi hem-de «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanuny kabul edildi. Halk Maslahaty halkymyzyň döwlet gurluşy babatda köp asyrlyk taryhynda toplan tejribesini hemmetaraplaýyn nazara almak bilen, ata-babalarymyzyň ygtyýarly jemgyýetçilik wekilleri bilen ählihalk ýygnaklaryny geçirip, iň wajyp syýasy, ykdysady, durmuş meselelerini çözmek baradaky asylly däplerinden ugur alýar we umumy ykrar edilen demokratik ýörelgelere eýerip, şeýle hem ilatyň giň gatlaklarynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy çözgütleriň kabul edilmegine gatnaşmagyny üpjün etmek, halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmäge ýardam etmek maksadyny özünde jemleýär. 

Muhammetmyrat ÖWEZOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar