Ynsanperwerlik ýörelgeleriniň rowaçlanýan döwri

4 Sentýabr 2024
54

Jemgyýetiň sazlaşykly ösmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna aýratyn orun degişlidir. Ol milli döwletlilik ýörelgeleriniň täze taryhy eýýamda rowaçlanmagynda, demokratik ýörelgeleriň giňden ýaýbaňlanmagynda, halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda milli hem dünýä tejribesiniň gazananlaryndan ugur alýan konstitusion özgertmeler amala aşyrylýar. Olaryň esasy maksady adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmekden, raýatlaryň döwlet dolandyryş işine gatnaşmaga bolan hukuklaryny berkitmekden ybaratdyr. Jemgyýeti demokratiýalaşdyrmaga, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmäge, halk häkimiýetliligini pugtalandyrmaga gönükdirilen hukuk özgertmeleri döwleti hem jemgyýeti mundan beýläk ösdürmekde ygtybarly esas bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlaryndan gözbaş alýan demokratik ýörelgeler jemgyýetçilik durmuşyna giňden ornaşdyrylýar. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň işiniň demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak,  adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatlaşmak we kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak ýörelgelerine esaslanýandygy muňa subutnamadyr. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ata Watanymyzyň demokratik özgertmeler ýoly bilen öňe barýandygynyň kepiline öwrüler.

Wepa ANNAMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Balkan welaýat müdirliginiň Türkmenbaşy şäher bölüminiň uly döwlet bellige alyjysy, 2-nji derejeli ýurist.
Beýleki habarlar