Geňeşli il — döwletli il

4 Sentýabr 2024
51

Ösüşlere, özgertmelere beslenýän ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalar Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen il-ýurt bähbitli ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem şeýle şanly wakalaryň hatarynda mynasyp orny eýelär. Bu ählihalk forumynda kabul ediljek çözgütler bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynda bagtyýar türkmen halkynyň bähbidiniň hemişe esasy orunda durýandygyny nobatdaky gezek görkezer.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakasyna öwrüljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmakda, ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygy, halk bilen häkimiýetiň jebisliginiň mizemezdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigi buýsanjymyza buýsanç goşýan hakykatdyr.

Gulatar GAZAKOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Bereket etrap birleşmesiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň agzasy.
Beýleki habarlar