"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dünýä dilleriniň ähmiýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim ulgamynyň ösüşini kämilleşdirmek, milli we dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullary esasynda okuw-tejribelik işleriniň depginini ýokarlandyrmak, bilime, ylma we ýokary hünär derejesine höwesli ýaşlary goldamak bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn özgertmeler alnyp barylýar. Bu özgertmeler milli we halkara gurşawynda aýratyn many-mazmuna eýe bolýar hem-de dünýä döwletleridir halklary bilen döwletara gatnaşyklardaky ýörelgelere, umumadamzat we milli gymmatlyklara hormat goýmak, ylma, bilime möhüm ähmiýet bermek bilen ony sazlaşykly alyp barmaga täze badalga berýär. Häzirki wagtda halkara jemgyýetçiligi bilen syýasy, ykdysady, medeni-ruhy we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmeginde dil bilimini ösdürmegiň örän uly ähmiýeti bardyr. Şol bir wagtda hem, daşary ýurt dillerini kämil bilýän, ýokary taýýarlykly hünärmenleri ýetişdirmek esasy ugur bolup durýar. Dil bilmegiň adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak baýlykdygyny türkmen halkynyň edebi hem medeni mirasy, durmuş tejribesi görkezýär.

Okuwçylara çyzgylary düşündirmek

Ylmyň we tehniki ösüşiň häzirki zaman eýýamynda ýurdumyzda bilim we ylym ulgamyny ösdürmäge, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga giň mümkinçilikler döredilýär. Şonuň netijesinde hem ökde hünärmenleriň işläp taýýarlan täze tilsimatlary we taslamalary arkaly halkyň durmuş derejesi has-da ýokarlanýar. Şonuň üçin bilimli adam bolup ýetişip, öz zähmetiň bilen Watana peýda getirmek üçin çyzuw dersini düýpleýin öwrenmek möhüm ugurlaryň biridir. Çyzgy islendik hünärdäki adamyň hemişelik hemrasy bolup durýar. Çyzgy fizika, matematika we geografiýa ýaly dersleri we başga-da birnäçe ylymlary öwrenmekde giňden ulanylýar. Önümi ýasamak, ony täzeden işlemek ýa-da oňa gözegçilik etmek üçin, onuň çyzgysyny ýerine ýetirmek zerur bolup durýar. Şol çyzgyny çyzyp bilmegi we ol baradaky esasy maglumatlary ýazyp we okap bilmegi öwretmek inženerçilik grafika dersiniň paýyna düşýär. Inženerçilik hünärleri boýunça hünärmenleri taýýarlamakda inženerçilik grafika dersiniň aýratyn orny bardyr. Bu dersde öwrenilýän şekilleri gurmak, proýeksion meseleleri çözmek, çyzgylary çyzmagyň we olary resmileşdirmegiň düzgünleri baradaky bilimler taslamalary işläp düzmekde we olary iş ýüzünde ýerine ýetirmekde giňden ulanylýar.

Başlangyç synplarda ýazuwy öwretmegiň usullary

Başlangyç bilim maksatnamalarynda okuwçylaryň iň zerur hasaplanýan başarnyklarynyň biri hökmünde, olara owadan, arassa we dürs ýazuwy öwretmek kesgitlenilýär. Sebäbi dogry we dürs ýazmak her bir şahsyýetiň sowatlylygynyň esasy ugry hasaplanylýar. Ýazuw tutanýerli we ünsli hereket arkaly amala aşyrylýar hem-de kem-kemden kämilleşdirilýär. Her bir adamyň ýazuwyndaky aýratynlygy, onuň şahsy başarnygy we ruhy ýagdaýy bilen baglanyşykly bolýar. Ýöne ol adamyň gylyk-häsiýetini kesgitlemekde esas bolup bilmeýär. Kiçi ýaşly okuwçylaryň ýazuw endiklerini kemala getirmek, öwretmek we ösdürmek başlangyç synp mugallymlaryndan uly jogapkärçiligi talap edýär. Çünki bilimleriň binýady başlangyç synpda goýulýar. Eger okuwçy başlangyç synpda harplary talabalaýyk ýazmagy öwrense, onda ol kämil hatdatlyk endigine eýe bolýar.

Aýdym-saz sungaty hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleriň okap bilim almagy, olaryň ýagty geljegi üçin hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda uly mümkinçilikler döredilýär. Häzirki ajaýyp döwürde aýdym-saza, milli medeniýete belent sarpa goýulýar. Bu döwürde aýdym-sazyň, sungatyň uly orny bar. Şonuň üçin hem möhüm usuly gollanmalar ösüp barýan her bir çaga üçin çeper gurşawy döretmekde möhüm ähmiýete eýedir. Çagalar daş-töweregi mugallymyň we beýleki uly adamlaryň sözlerinden tanamaga çalyşýarlar.

Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde myhmançylykda

Häzirki wagtda ady dünýä dolan Arkadag şäheriniň gujagynda ýaşaýşyň bagtyýar günleri taryha altyn harplar bilen ýazylýar. Şäher — ýaşlygyň, bagtyň şäheri hasaplanýar. Onda ýaşaýyş-durmuş, ylym-bilim, medeni ulgamlaryň mümkinçilikleri juda ýokary. Biz hem şeýle ajaýyp şäheriň bagtyýarlygyna goşulmak we onuň täze mümkinçiliklerini okyjylarymyza ýetirmek maksady bilen Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde myhmançylykda bolduk. Türkmeniň ýürekdäki duýgularyny owazynda diňleýjilere paýlaýan dutaryň şirin mukamy bu ýere gelenleri biygtyýar özüne çekýär. Gazma dutaryň şirin owazynyň özüne çekmegi her bir türkmen üçin mahsus ýagdaý. Biz Şükür bagşy adyndaky Arkadag şäher çagalar sungat mekdebinde fortepiano, skripka, dutar, gyjak, plektorly dutar, akkordeon, gitara, fleýta, klarnet, turba, waltorna, trombon, saksofon, ksilofon, dep, bagşyçylyk, hor we tans sungaty boýunça, nakgaşçylyk hünäri boýunça bilim alýan bagtyýar çagalaryň köpdügine göz ýetirdik. Sungat mekdebinde döredijiligiň dürli ugurlary boýunça zehini, ukyby, kämil başarnygy bolan mekdep okuwçylary okuwdan boş wagtlary ýaş aýratynlyklaryna görä, degişli ugurlar boýunça okadylýar. Okuwa kabul ediljek çagalaryň ýaşlary ugurlaryna görä dürli-dürlüdir. Sungata höwesek çagalaryň 7, 8, 9, 10, 12, 13 we 14 ýaşlylary häzirki wagtda mekdebiň baý sungat gorundan hünär öwrenýärler.

Bagtyýarlyga beslenýän başlangyçlar

Bilim arkaly beýik geljek döredilýär. Hut şonuň üçin Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garalýar. Bilim ulgamynda öňde goýlan maksatlara ýetilmegi üçin bu ulgamy toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde dünýäniň ösen döwletleri, öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, iri abraýly halkara guramalary we olaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary işjeňleşdirilýär. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň altyn güýzüniň ilkinji güni bolan Bilimler we talyp ýaşlar güni buýsanja beslenen taryhy wakalara baý, ajaýyp günleriň biri boldy. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde bina edilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň zalynda geçirilen maslahatda BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko 6 sany mekdeplere ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna girizilendigi hakyndaky şahadatnamalary hormat bilen gowşurdy. Ýurdumyzyň şu mekdepleri şol şahadatnamalara eýe boldular. Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini, takyk, tebigy dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 140-njy orta mekdep; Ahal welaýatynyň Kaka etrabyndaky 19-njy orta mekdep; Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdep; Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyr

Bilim - jem­gy­ýe­tiň ösü­şini iler­le­di­ji güýç

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygyna Hal­ky­myz­da «Bi­lim bi­len hik­met — al­tyn­dan gym­mat» di­ýen paý­has bar. Çün­ki bi­lim — jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­ni üp­jün ed­ýän, ony öňe iler­led­ýän gym­mat­lyk. Şu jä­het­den, ýurt Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 32 ýy­lyn­da döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de bi­lim ul­ga­my­nyň mad­dy-en­jam­la­ýyn bin­ýa­dy­ny go­wu­lan­dyr­mak, ýaş nes­le be­ril­ýän bi­li­miň hi­li­ni kä­mil­leş­dir­mek ba­bat­da uly öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­dy we üs­tün­lik­li do­wam et­di­ril­ýär. Ýur­du­my­zyň beý­le­ki se­bit­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da hem bu ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, ga­za­nyl­ýan ne­ti­je­ler ata Wa­ta­ny­my­zy yk­dy­sa­dy-me­de­ni taý­dan has-da uly kuw­wat­lyk­la­ra çy­kar­ma­gy na­zar­la­ýar.

Wa­tan gül­lär ýaş­lar bi­len

Ýyllar bize beýik geljegiň bilimli ýaşlar bilen gurulýandygyny görkezip gelýär. Çünki bilim beýik geljegi gurmagyň kämil serişdesidir. Biri-birinden bilimli, sowatly ýaşlar 2023-2024-nji okuw ýylynyň başlanmagy bilen, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bilim ojaklarynyň gujagyna uly höwes, hyjuw bilen doldular. Islendik döwürde-de bilimiň gymmatyna göz ýetiren adamlar öz nesilleriniň sowatly, bilimli, ylymly bolup ýetişmekleri ugrunda aladalanypdyrlar. «Bilim Çyn-Maçynda bolsa-da, gitmäge, öwrenmäge ýaltanmaň!» diýilmegi hem ýöne ýerden däl. Ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilip, ösen maglumatlar jemgyýetiniň şertlerine laýyklykda, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär, bu ugra maýa goýumlar gönükdirilýär. Şeýlelikde, bilim ojaklary ylmyň iň soňky gazananlary, interaktiw-multimedia, kompýuter tehnologiýalary bilen doly derejede üpjün edilýär.

Belent üstünlikleriň şuglasy

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilime aýratyn üns berilýär, bu ugurda döwrebap mümkinçilikler döredilýär. Çünki ylym-bilim ähli ösüşleriň gözbaşy hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän maksada okgunly giň möçberli işleriň netijesinde ylym-bilim ösüşlere giň ýol açýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýaşlaryň bilim almaklaryna, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine, şeýle hem sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmaklaryna şert döredilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda ylym-bilimiň kuwwaty barha ýokarlanýar. Ýaş nesilleriň bilimli, hünärli bolmagy ugrunda maksatnamalaýyn işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu babatda ylym-bilimiň berk binýady emele getirildi, ýaşlaryň döwrebap bilimleri öwrenmekleri, tehnologiýalardan we tebigy bilimlerden habarly bolmaklary üpjün edildi.

Bilimli ýaşlara buýsanç

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň döwrüň talaplaryna laýyk bilim almagy, hünär we ylym öwrenmegi üçin ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň mümkinçiliklerini artdyrmak, ýurdumyzyň bilim ulgamyny döwrebap ösdürmek, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek esasy ugurlaryň birine öwrüldi. Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orny eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň belentlikleri nazarlaýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär.

Matematikadan sapak ýazgysynyň taýýarlanylyşy

Ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerinde sapak ýazgylarynyň ýazylyşyna hem-de olar boýunça sapaklaryň okadylyşyna täze ugurlar kesgitlenildi. Muňa «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyndan (rejelenen görnüşi), «Döwlet umumybilim edaralary hakynda» Düzgünnamadan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen tassyklanan «Umumybilim edaralarynda okuw sapaklarynyň tertibiniň düzülişine, mugallymlaryň sapak ýazgylaryna, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna bildirilýän talaplar barada usuly Gözükdirijiniň» durmuşa ornaşdyrylyp başlanmagy mysal bolup biler. Bu usuly Gözükdiriji boýunça matematikadan 5-nji synpda «Üçburçluk» diýen tema boýunça sapak ýazgysynyň taýýarlanylyşyna seredip geçeliň.

Kämilligiň berk binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlara döwrebap bilim öwretmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Bilim ulgamynyň işgärleri, çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeler, mekdep okuwçylary, ýörite we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary ýurdumyzyň ilatynyň uly bölegini tutýar. Şonuň üçin hem ýurdumyzda ylym-bilimiň gadyr-gymmaty has-da ýokarydyr. Şeýle hem döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyny özgertmek we kämilleşdirmek işleri yzygiderli amala aşyrylýar. Bilim — berkarar döwletimiziň ösüşiniň berk binýady bolup durýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda amala aşyrylan bilim, ylym özgertmeleri şu günki gün özüniň oňyn netijesini berýär. Çünki ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny düýpli özgertmek babatda netijeli işler durmuşa geçirildi. Bilimiň düýp binýatlyk esaslaryny özgertmegiň çäklerinde orta mekdeplerde okatmagyň usulyýeti hem döwrebaplaşdyrylýar. Şeýle hem mugallymlaryň hünärini kämilleşdirmeklerine, döwrebap sapaklary guramaklaryna mümkinçilikler döredildi. Netijede okatmagyň interaktiw usuly giňden ornaşdyrylyp, mekdepler, orta we ýokary okuw mekdepleri iň täze innowasion kompýuter, multimedia tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylyp, talyplar we mekdep okuwçylary döwrebap bilim alýarlar. Munuň özi ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň we zerur şertleriň döredilendiginiň subutnamasydyr.

Hünär dilini öwretmegiň ylmy esaslary

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» hem-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy» hereket edýär. Bu resminamalar ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini sanly bilim tehnologiýalaryndan peýdalanyp döwrebap öwretmäge ähli şertleri döredýär. Olaryň wezipelerini durmuşa ornaşdyrmak her bir dilçi mugallymyň esasy borjy hasaplanylýar. Bu bolsa talyplara hünär dilini innowasion çemeleşme esasynda, häzirki zaman usuly talaplardan we didaktik ýörelgelerden ugur alyp öwretmek wezipesini öňde goýdy. Konsepsiýalaryň wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen okuw maksatnamasy esasynda okuw-usuly gollanmalaryň mazmunynyň gurluşy yzygiderlilik tertipde, düşnükli we aýdyň berilmelidir. Talyplaryň pikirlenişini ösdürmek, gözýetimini giňeltmek maksady bilen, temalara laýyklykda lingwo öwreniş materiallardan peýdalanylmalydyr. Daşary ýurt dillerini kämil derejede bilmegiň dürli milletleriň wekilleri, daşary ýurt döwletleri bilen dost-doganlyk hyzmatdaşlygy ýola goýmakdaky ähmiýeti uludyr. Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli berjaý etmek maksady bilen, daşary ýurt dilleri talyplaryň hünäri bilen baglanyşdyrylyp öwredilmelidir.

Daşary ýurt dillerini öwrenmekde döwrebap tehnologiýalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesliň ylym-bilim öwrenmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ählitaraplaýyn ösýän Watanymyz bu gün ylym ýolunda hem täze şöhle saçýan ösüşleriň, özgerişleriň gujagynda ýaşaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň eşretli döwrana beslenen günlerinde “Ylymly il ozar” diýen paýhasa uýýan halkymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň öz höwes edýän hünäriniň ussady bolmaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilendir. Döwletiň, jemgyýetiň her bir babatdaky ösüşi bilimiň, ylmyň näderejede ösýändigine bagly bolup durýar. Şonuň üçin hem her bir döwletde ylym-bilimiň ösmegi zerurdyr. Her ýyl täze okuw ýylynyň başlanmagy ilkinji gezek ak mekdebe gadam basýan körpeler üçin uly şatlykly, ýatdan çykmajak gün bolup durýar. Birinji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan “Bilimli” atly kompýuteriň sowgat berilmegi çagalaryň bilimler dünýäsine ilkinji gadamlary basyp, dünýäniň ösen tehnologiýalarynyň üsti bilen ýokary derejede bilim almaklaryna uly mümkinçilik döredýär. Türkmen ýaşlaryna dünýä ülňülerine laýyk derejede ylym-bilim berilmegini üpjün etmek meselesi ýurdumyzda esasy wezipe bolup durýar. Biziň häzirki ýaşaýan döwrümizde ylym-bilim iň bir wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Ýokary bilimlilik we öz kes

Dil – dostluk köprüsi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  hormatly Prezidentimiziň ajaýyp başlangyçlary bilen ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy barha kämilleşýär. Ýaşlarymyzyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän  derejede bilim almaklary üçin asyrlara barabar işler amala aşyrylýar. Olaryň içinde daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmek esasy ugurlaryň biridir. Dil biziň medeni derejämiziň görkezijisidir. Dil bilmek ýaş nesliň köp taraply ösmegine, dünýä-garaýşynyň giňelmegine, pikirlenmek ukyplarynyň kämilleşmegine ýardam edýär. Döwletleriň arasyndaky syýasy, medeni, söwda gatnaşyklarynyň has kämilleşen häzirki döwründe halkara dilleriň orny has-da giňelýär. Şol bir wagtda, ylmyň, tehnikanyň, ýurdumyzyň sanly ykdysadyýetiniň batly gadamlar bilen ösdürilmegi häzirki döwürde ylmyň, tehnologiýanyň we önümçiligiň  biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşygynyň bir bitewilige öwrülendigine şaýatlyk edýär. Bu beýik ösüşleriň gazanylýan asyrynda daşary ýurt dillerini innowasion usulda okatmak döwrüň talabydyr. Dil ynsanyň pikirlenişi bilen berk baglanyşyklydyr. Dil biziň beýleki adamlar bilen pikirlerimizi, garaýyşlarymyzy we duýgularymyzy paýlaşmagyň, düşünişmegiň ýoludyr. Her bir halkyň milliligi, däp-dessurlary onuň dil aýratynlygynda aýdyň şöhlelenýär. Şonuň üçin hem dil öwrenmek halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň aýdyň beýanydyr. Dünýä dilleriniň içinde iňl

Bedew batly şäherde

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde Ynsan kalby elmydama gözellige teşne. Bedew bady bilen öňe barýan, taýsyz gözelligi bilen älemi haýrana goýýan ajaýyp ýurdumyzyň «akylly» şäheri bolan Arkadag şäheri hem şol teşne kalplary gandyryjy naýbaşy gözellik çeşmeleriniň biridir.

Baş maksat — baş baýlygyň goragy

Ýurdumyzda lukmançylyk hünärli ýaşlary ýetişdirmek üçin öňdebaryjy tejribeleri okuw maksatnamalaryna, meýilnamalaryna ornaşdyrmak boýunça uly işler alnyp barylýar. Şu okuw ýylynda öz işine başlap, ilkinji talyplaryny kabul eden Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi hem hut şeýle yhlas-tagallalaryň netijesinde bina bolan bilim ojagydyr. Lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň binalar toplumynda halkara ülňülere laýyk gelýän simulýasiýa bölümi döwrebap fantomlar, mulýažlar we görkezme esbaplar bilen üpjün edilen. Onda talyplara öz saýlap alan hünärine degişli amaly endiklerini özleşdirmäge giň mümkinçilikler döredilendir.

Akper RAHIMOW, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sport fakultetiniň 1-nji ýyl talyby, Saçly Dursunowanyň çowlugy:

— Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň Bilimler we talyp ýaşlar güni durmuşymyzda iň bir ýatdan çykmajak bagtly günleriň biri boldy. Şol gün garry mamam Saçly Dursunowanyň adyny göterýän lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň açylmagy, meniň hem Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby bolmagym biziň maşgalamyzyň begenjini, buýsanjyny artdyrdy. Saçly Dursunowanyň lukmançylyk ylmynyň ösmegi ugrunda eden işleri, uruş ýyllarynda görkezen gahrymançylygy dogrusynda ejem Selbi Rahymowa, mamam Anna Çerkezowa köp zatlary gürrüň berdiler. Garry mamamyň ýatlama suratlary, döwlet we harby sylaglary, ordendir medallary, lukmançylyk ulgamyny kämilleşdirmekde taýýarlan ylmy işleri Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde döredilen muzeýde goýuldy. Nesip bolsa, bu lukmançylyk orta hünär okuw mekdebinde halkymyzyň saglygyny goramakda uly işleri durmuşa geçirjek ýokary derejeli saglygy goraýyş işgärleri taýýarlanyp ýetişdiriler.

Ruhy galkynyşyň gönezligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine, dünýäde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen içeri we daşary syýasaty şanly rowaçlyklara beslenýär. Döredijilik, ynsanperwerlik, giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýan güneşli Diýarymyzda mähriban halkymyz beýik geljeginiň hatyrasyna döredýär, gurýar, bagtyýar durmuşa buýsanyp ýaşaýar, toý-baýramlaryny agzybirlikde, jebislikde ýokary ruhubelentlikde belleýär. Berkarar döwletimiziň taryhyna müdimilik ýazylan we aýratyn many-mazmuna eýe bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli welaýatymyzda medeni-durmuş maksatly täze desgalaryň dabaraly açylmagy, aýdym-sazly baýramçylyk dabaralarynyň, döredijilik bäsleşikleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmegi biziň abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap batly depgin bilen gadam urýan ata Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Üstümizdäki ýylymyzda ýurdumyzyň paýtagtynda we ähli sebitlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda orta mekdepleriň 8-siniň we döwrebap çagalar bagynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy diňe bir bilim ulgamynyň işgärleri, okuwçy we talyp ýaşlar üçin däl, eýsem, ulus-ilimiz üçi

Dil — dostluk köprüsi

Welaýatymyzyň orta mekdeplerinde rus dili boýunça sapak berýän mugallymlaryň ikisi meşhur rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň adyny göterýän bäsleşige gatnaşdy. Olar Çärjew etrabyndaky 37-nji orta mekdebiň mugallymy Myrat Kazakow bilen Saýat etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy Çary Jumadurdyýewdir. Mugallymlaryň ýazan işleri bäsleşigiň iň gowy eserleriniň 50-siniň hataryna girizilip, olara Hormat hatlary we pul baýraklary gowşuryldy. «Rossiýskaýa gazeta» metbugat neşiri, Moskwanyň hökümeti, Moskwa şäheriniň daşary ykdysady we halkara gatnaşyklar bölümi we Moskwanyň Watandaşlar öýi tarapyndan guralan bäsleşik şu ýyl ýigrimi üçünji gezek geçirildi. Ol döredileni bäri ýeňijileriň sany 1150-ä ýetdi. Russiýanyň Astrahan şäherinde geçirilen bu ýylky bäsleşige 23 döwletden 300-den gowrak eser hödürlenildi. Bäsleşigiň esasy şerti düzme ýazmakdan ybarat bolup, bu gezekki mowzuk Anna Ahmatowanyň «Batyrlyk» goşgusyndaky «Rus dilini, beýik rus dilini gorarys» diýen jümlelerden ugur aldy.