"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ekologik abadançylyga goşant

Golaýda Italiýa Respublikasynyň Rim şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň guramagynda ýaşlaryň arasynda geçirilen «Ýaşlar klimat üçin: güýçli hereket» atly ylmy-taslama işleriniň halkara bäsleşiginiň jemi jemlendi. Ol dünýäniň 60 döwletinden daşky gurşawy goramak ugrunda ylmy iş alyp barýan ýaşlaryň 100-sini bir meýdança jemledi. Onda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň magistranty Ogulşirin Täjowa hem «Plastik galyndylary gaýtadan işlemegiň galyndysyz tehnologiýasy» atly ylmy işi bilen ýeňiji bolmagy başardy. 18 — 30 ýaşly ýaşlaryň arasynda geçirilen bu bäsleşik dört ugur — iýmit we oba hojalyk, energiýa, durnukly şäherler hem-de klimat bilimi ugurlary boýunça geçirildi. Ogulşirin Täjowa oňa durnukly şäherler ugry boýunça gatnaşyp, ýokary utuklara eýe boldy. Jemi üç tapgyrda geçirilen halkara bäsleşige 1 müň 100 töweregi iş hödürlendi. Onuň iki tapgyry Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň ýurtlardaky wekilhanalarynda geçirilip, tapawutlanan ylmy-taslama işleriniň awtorlary Rim şäherinde geçirilen jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bilimli nesiller — guwanjymyz

«Ýaşlar hemişe kämillige ymtylmalydyrlar. Çünki kämillik ýaşlar üçin iň ýokary derejedir. Ýadawsyz çekilmeli zähmet, kämilleşdirilmeli bilimler we hünärler, özleşdirilmeli tejribeler ýaşlaryň öz-özüni kämilleşdirmeginiň ýolundaky sepgitlerdir. Kämillik — ynsan durmuşynyň ölçeg daşy, bezegi hem ajaýyplygydyr». Bu sözleri türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda aýtdy. Bu sargyda wepaly ýaşlarymyzyň halkara derejede gazanýan üstünlikleri ählimizi buýsandyrýar. Olar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda aýratyn yhlaslylyk görkezip, halkara ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň abraýyny belende göterýärler. Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherinde maliýe howpsuzlygy boýunça guralan halkara olimpiadada türkmenistanly ýaşlaryň gazanan üstünligi-de bu hakykaty tassyklaýar.

Ylym-bilim — ösüşleriň binýady

Ylmyň we bilimiň ösüşleriň binýadydygy, geljegiň röwşen ýoludygy ykrar edilen hakykatdyr. Hut şonuň üçin hem ýaş nesilleriň ylymly-bilimli bolmagyny üpjün etmek, olary milli ruhda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlendi. Pederlerimiziň paýhas eleginde elenip, kämilleşip gelen asylly ýörelgelerimizde bilim öwrenmek, kitap okamak mukaddeslik saýylypdyr. Çuňňur many-mazmuny özünde jemleýän bu asylly ýörelge ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümizde has-da döwrebap ösdürilýär. Çünki bu ýörelgäniň süňňüni ylymly-bilimli iliň ösüşleriň şaýolundan ynamly gadamlar bilen öňe barýandygy, netijede, öz röwşen geljegini gurýandygy baradaky hakykat düzýär. Berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň täze tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine oňat düşünýändikleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, milli ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek, elektron senagatyny ýokarlandyrmak, işewürlige, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna daýanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň sazlaşygyny üpjün etmek Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şonuň netijesinde hem ýaş hünärmenleriň biliminiň, başarnygynyň ýokary derejede bolmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Dil öwretmegiň täsirli usullary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilimiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmek, bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny döwrebaplaşdyrmak, okatmagyň innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen giň möçberli möhüm özgertmeler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda daşary ýurt dillerini suwara bilýän hünärmenleri taýýarlamak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Talyplaryň dil başarnyklaryny ösdürmekde kitaplaryň, sözlükleriň we audio ýazgylaryň ähmiýeti uludyr. Tehniki ýokary okuw mekdeplerinde geçirilen iş tejribeleriniň netijelerine görä, talyplaryň köp okamagy, bu ugurda köp sözleri öwrenmegi gerekdir. Şol sebäpden, tehniki ýokary okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilini öwrenmek üçin höwesiň döremegine oňyn täsir edýän netijeli işleriň maksatly guralyşyna yzygiderli üns berilmegiň zerurlygy möhümdir. Dil öwrenmegiň netijeliligi, esasan, söz baýlygynyň ösdürilmegi bilen üpjün edilýär. Munuň özi talyplary mundan beýläk-de öz ukyplaryny ösdürmäge höweslendirip, dil öwrenmegiň yzygiderli ösüşiniň logiki nusgasy bolup durýar.

Üstünligiň aýdyň ýoly

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagy biziň her birimiz üçin nusgalyk ýoldur. Alym Arkadagymyzyň Watanymyzyň okgunly ösüşi, halkymyzyň şöhratly taryhy, milli gymmatlyklary, özboluşly däp-dessurlary, ýaşlaryň öňünde durýan wezipeler barada beýan etmegi beýik döwrümize mynasyp işleri bitirmäge ruhy joşgun berdi.

Bi­lim eda­ra­la­ryn­da okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti kä­mil­leş­di­ril­ýär

«7/24.tm»№ 43 (178) 23.10.2023 Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanlygynda äh­li ul­gam­lar bi­len bir ha­tar­da ylym-bi­lim­de hem uly ösüş­ler ga­za­nyl­ýar. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň gö­nü­den-gö­ni baş­lan­gyç­la­ry­nyň il­kin­ji­si ylym-bi­lim ul­ga­my­ny kä­mil­leş­dir­mek, ýur­du­my­zyň ýaş nes­li ha­kyn­da ala­da bo­lup dur­ýar.

Ýurdumyzda ylym-bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär

Ynsanyň kämil adam bolup ýetişmeginde ylym-bilim derwaýys meseleleriň biridir. Şeýle hem döwletiň gülläp ösüşi, ilkinji nobatda, bilimiň hem ylmyň ösüşine bagly bolup durýar. Şu nukdaýnazardan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlarymyzyň döwür bilen aýakdaş bolup, kämil bilim goruna eýe bolmagy, ylym bilen meşgullanmagy we kämilleşmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwletimizde ýaşlara berilýän ylym-bilimiň hilini ýokarlandyrmakda ýokary depginli işler amala aşyrylýar. Çagalar baglaryndan başlap, orta mekdeplere, ýokary okuw mekdeplerine, ylmy-barlag edaralaryna çenli ylmyň iň soňky gazananlaryna daýanýan tehnologiýalar, innowasiýalar ornaşdyrylýar. Bu babatda Hormatly Prezidentimiz: “Bilimleri, ylmyň dürli ugurlaryny özleşdirmek, il-ýurda mynasyp gulluk etmek beýik mertebedir. Ylym we bilim adama durmuş ýolunda üstünlik, abraý, sylag-hormat getirýän gymmatlykdyr, biziň şöhratly geçmişimizdir, bagtyýar şu günümizdir hem-de nurana geljegimizdir” diýip parasatlylyk bilen belleýär. Munuň özi bolsa ylym-bilimiň ösüşleriň gözbaşydygy baradaky düşünjä anyk we täzeçe many öwüşginlerini çaýýar. Berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň täze tehnologiýalara, sanly ulgamyň mümkinçiliklerine oňat düşünýändikleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Mälim bolşy

Mertebe münberi

Ynsan ykballary. Olaryň her birisi — heniz açylmadyk syrly dünýä. Adamyň jemgyýete, durmuşa we biri-birlerine bolan gatnaşyklary netijesinde ýaşaýyş barha kämilleşip, ýokary derejeli medeniýet we siwilizasiýa kemala gelipdir. Häzirki wagtda döwrebaplyk düşünjesi ynsan ykballaryny bütinleý özgerdýär, her bir raýaty bagtyýar ynsana öwürýär. Bu hakykat biziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda üstünlikli alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň il ykrarly ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän döwlet syýasaty türkmeniň adyny jahan içre beýgeldip, mertebesini zybanlaryň senasyna öwürýär. Ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyllyk tejribeleri we adamlaryň kämil şahsyýet bolmaklary babatda döreden durmuş ýörelgeleri häzirki wagtda özüniň oňyn netijelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitabyndaky: «Ynsan ykballary... Men bu hakynda kän oýlanýaryn. Şonda dogry görüm-göreldäniň, dogry terbiýäniň, kämil ýol-ýörelgäniň adam ykballaryna täsiri barada pikir edýärin. Ata-babalarymyz bu babatda beýik nusgalary goýup gidipdirler» diýip belleýär. Şunda bilim ulgamynda bitirilýän beýik işleriň ähmiýeti örän ýokarydyr.

Hünär okuwlary kämilleşdirilýär

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň milli bilim ulgamynda başyny başlan giň möçberli özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilmeginiň netijesinde ýaşlara berilýän bilimiň hili we derejesi has-da ýokarlandy. Okatmagyň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy okuwçy ýaşlaryň hemmetaraplaýyn bilim-hünär almaga bolan höwesini has-da artdyrdy. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuwçy ýaşlaryň orta bilim bilen bir hatarda haýsydyr bir hünär eýesi bolmagyna gönükdirilen maksatnama üstünlikli amala aşyrylýar. Bu bolsa alym Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň aýdyň beýanydyr. Okuwçy ýaşlaryň özleşdirilýän dersler bilen bir hatarda, hünär öwrenmäge bolan höwesleriniň ýokarydygyny bellemek has-da ýakymly. Paýtagtymyzyň mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň sahawatly türkmen topragyna we milli tebigatymyza bolan söýgüleriniň ýokarydygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi türkmen tebigatynyň özboluşly aýratynlyga eýedigini, ýaşlaryň tebigata ýakyn durmaga bolan gyzyklanmalaryny äşgär edýär. Türkmen ýaşlary dürli hünärleri özleşdirmäge örän işjeň çemeleşýärler. Şunda ýaşlaryň syýahatçylyk ugruna aýratyn üns bermegi ýurdumyzda bu ugruň hemmetaraplaýyn ösdürilýändigine şaýatlyk edýär. Ýörite ugurlar boýunça okuwlary geçen mugallymlar ýaşlaryň isleg bildirýän hünär

Mukaddes borç

Her bir güni şöhratly üstünlikler bilen dabaralanýan ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, ösen dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli mümkinçilikler döredilýär. Häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, kämil bilimli şahsyýeti kemala getirmek maksady bilen, bilim bermegiň ýokary hili we derejesi üpjün edilýär. Ýurdumyzda bilim ulgamyny halkara ülňülerine laýyk getirmäge, okamagyň, bilmegiň jemgyýetdäki, ynsan durmuşyndaky eýeleýän bimöçber ornuny ýaş nesillere düşündirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ata Watanymyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň çäklerinde durmuşa geçirilýän işler gönüden-göni ýaşlar bilen baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda her ýylyň 1-nji sentýabry Bilimler we talyp ýaşlar güni hökmünde uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Aşgabat we Arkadag şäherlerinde köpsanly bilim ojaklarynyň açylmagy we düýbüniň tutulmagy her ýylda ýatdagalyjy şanly wakalar bilen utgaşýan ýaşlar baýramynyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndaky dabaralarynyň joşgunyny has-da artdyrdy.

Bilim ulgamy kämilleşýär

Ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek, gazanylýan netijeleri önümçilige ornaşdyrmak, ylmy-tehniki, innowasion tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek we şolaryň netijesinde ýurdumyzda hünärmenleriň taýýarlygyny kämilligiň ýokary derejesine çykarmak ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň häzirki zaman ylym-bilim ulgamynyň sepgitlerini nazarlamak üçin giň düşünjeli, hemmetaraplaýyn, täzeçe pikirlenip bilýän ýaşlary taýýarlap ýetişdirmelidigi baradaky tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýaşlaryň ýokary derejeli bilimi barada uly aladalar edilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlarynda zerur bolan ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlanylyşynyň hilini ýokarlandyrmakda möhüm serişde hökmünde okatmagyň sanly bilim ulgamy esasynda we beýleki işjeň usullarda alnyp barylmagyna aýratyn üns berilýär. Şu nukdaýnazardan-da bilimleri öwrenmegiň esasy maksadynyň häzirki döwürde jemgyýetiň ösüşine laýyk gelýän täze pikirleri kemala getirmekden ybaratdygy göz öňüne tutulyp, ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde ornaşdyrylan multimediýa tehnologiýalary dürli görnüşdäki maglumatlary görkezmäge mümkinçilik berýär we sapagyň netijeli bolmagyny üpjün edýär.

Sanly bilimiň täze sepgitleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki ugurlary bilen bir hatarda, bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek babatda hem giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda bilim ulgamynda kabul edilen «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek bilen, ýurdumyzda sanly bilimi ösdürmegiň esasy maksady we wezipeleri beýan edilýär hem-de ony durmuşa geçirmegiň esasy ugurlary kesgitlenilýär. Bu konsepsiýanyň durmuşa ornaşdyrylmagy esasynda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynyň täze maglumat tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi babatda degişli işleriň ýola goýulmagy, mugallymlaryň innowasion tehnologiýalar bilen işlemek ukyplarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi sanly bilimi ösdürmekde uly ähmiýete eýedir. Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen 1-nji synpa okuwa barýan körpelere hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat berilmegi hem sanly bilime geçmegiň ilkinji basgançagynyň görkezijisidir. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň barşynda ýurdumyzyň umumybilim berýän we ýokary okuw mekdeplerinde mugallymlar we okuwçylar sanly bilimiň bir bitewi tor üpjünçiliginden we onuň binýadyndaky sanly bilim portallaryndan peýdalanýarlar. Şeýle bilim torlarynda elektron resminamalar toplumy, okuw maglumatlary, okuw kitaplary, okuw gollanmalary ýal

Kitaphana ulgamy kämilleşýär

Aladamyz ýerine düşýär Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne guwanýan hem buýsanýan bagtyýar halkymyz Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda eşretli durmuşyň, abadan geljegimiziň binýadyny berkden tutýar. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýen ada eýe bolan üstümizdäki ýylymyzda ata Watanymyzda beýleki ulgamlar bilen birlikde kitaphana ulgamyna hem aýratyn üns berilýär. Esasan-da, pähim-paýhasyň akar çeşmesi bolan, gyzyldan gymmatly kitaplar bilen okyjylary ysnyşdyrmak baradaky işler giň gerime eýe bolýar. Çünki, kitap her bir ynsanyň terbiýeçisi bolup, olary ýagşy häsiýetler bilen terbiýeleýär. Bilşimiz ýaly, çeper edebiýatlar, ylmy kitaplar adamlary sowatly edip, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmäge ýol açýar.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Hemişe döredijilikli gözlegde Kärdeşleri: “Ogulsuraý mugallymçylyk kärini saýlap ýalňyşmandyr. Onuň kärine bolan söýgüsi, yhlasy egsiler ýaly däl” diýip, baha berýärler. Şeýle diýmez ýaly hem däl. Çünki, biregne 28 ýyl bäri işläp gelýän Ogulsuraý Alladyýewa mekdebiň medeni-köpçülik çärelerini guramakda ýakyndan ýardam berýär. Bir görseň-ä, sapakdan soň okuwçylary bilen edebiýat agşamyna taýýarlanýandyr, birde-de, mugallymlaryň arasynda guralýan “Ýylyň mugallymy” atly bäsleşige taýýarlyk görüp ýörendir.

Ynsan üçin bahasyz hazyna

«Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» ýaly pederlerimizden galan nakyllar halkymyzyň durmuş şygaryna öwrüldi. Şeýle bolansoň, häzirki wagtda bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini has-da ýokarlandyrmak we okatmagyň innowasion usullaryny, bilim edaralaryna sanly bilim tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak maksady bilen, uly işler durmuşa geçirilýär. Dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlary, interaktiw-multimediýa programmalaryny, okuw-görkezme esbaplaryny, maglumat kitapçalaryny, bilim portallaryny we beýlekileri işläp taýýarlamak üstünlikli alnyp barylýar. Amala aşyrylýan şeýle özgertmeleriň netijesinde parasatly pederlerimiziň watansöýüjilik ruhuny, zähmet däplerini mynasyp dowam etdirýän, giň dünýägaraýyşly, maksada okgunly, sanly tehnologiýalardan ökdelik bilen baş çykarýan ýaş hünärmenler kemala gelýär. Bagtly geljegiň binýadyny goýýan, bilimiň ak ýolundan öňe sary gadam urýan ýaşlar halkara bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar, zehin-başarnyklaryny görkezip üstünlik gazanýarlar. Bu bolsa Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ata Watanymyzyň geljekki eýeleri boljak ýaşlary edepli, bilimli, tutanýerli, hemmetaraplaýyn kämil adamlar edip ýetişdirmek barada durmuşa geçirýän beýik işleriniň beýanydyr.

Dil bilmek — baýlyk

Durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, milli bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeleriň başyny başlan Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysy» atly kitabynda ýaşlaryň hünärleri kämil ele almagyna, şonuň bilen birlikde, daşary ýurt dillerini çuňňur öwrenmegine uly talap bildirilýändigine ünsi çekip, dünýä dillerini bilmeginiň geljekde olaryň ýokary hünärli adamlar bolup ýetişmekleri üçinem, halkara giňişlikde Türkmenistana mynasyp wekilçilik edip bilmekleri üçinem zerurdygyny aýratyn belleýär. Hawa, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ylymly-bilimli bolup ýetişmeklerine uly üns berilýär. «Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiz geljekki ýurt eýeleriniň ýokary derejede bilim almaklary, dil öwrenmekleri üçin hem ähli mümkinçilikleri döredip berýär.

Röwşen geljegimiziň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri milli ösüşimiziň täze tapgyrydyr. Bu ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik özgertmeleriň amala aşyryljak, ajaýyp ösüşleriň gazanyljak, belent sepgitlere ýetiljek eýýamydyr. Onda esasy ynam Garaşsyz ýurdumyzyň altyn geljegi bolan, häzirki zaman innowasiýalaryndan baş çykarýan ylymly we bilimli türkmen ýaşlaryna bildirilýär. Munuň özi täze taryhy döwürde ähli ýaşlaryň bilim alyp, ylym öwrenip, ählitaraplaýyn kämil hünärmenler hökmünde durmuşa geçiriljek beýik işlere mynasyp goşant goşmaga bolan ynamyny has-da artdyrýar, olary ruhlandyrýar. Taryhyň giň durmuş tejribesinden belli bolşy ýaly, ylma we bilime esaslanýan özgertmelerdir amal edilýän işler hemişe belent ösüşleri gazanmaga ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» geljekde ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda täze wezipeler göz öňünde tutulýar.

Döwrebap bilim özgertmeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz ösüşli ýollarda ynamly öňe barýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli ugurlarda gazanylýan ösüşler bilen bir hatarda bilim özgertmeleri hem üstünliklere beslenýär. Ylym-bilim we döredijilik mümkinçilikleriniň derejesi bu ulgamyň merkezlerine ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen has ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Çagalar baglaryndan başlap, orta we ýörite orta, şeýle hem ýokary okuw mekdepleri, ylmy-barlag merkezleri dünýä ülňülerine laýyk gelýän iň täze kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen üpjün edilýär. Şonuň üçin hem häzirki ajaýyp döwrümizde bilim öwretmegiň, okatmagyň iň döwrebap usullaryndan peýdalanylýar. Geçilýän sapaklarda multimedia tagtalaryndan, kompýuter tehnologiýalaryndan hem-de lingafon otaglaryndan peýdalanylýar. Munuň özi bilimiň döwrebap ugurlaryny aýdyň beýan edýär. Ýurdumyzyň ilatynyň biliminiň ýokary derejede bolmagyny gazanmaga hem-de hünärmenleri taýýarlamak boýunça bitewi ulgamyň bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaş nesliň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwrenmekleri, olaryň dünýäniň iň öňdebaryjy tehnologiýalaryndan oňat baş çykaryp bilýän ýokary derejeli hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrun

Kämilligiň berk binýady

Bilim we ylym ulgamy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bilim ulgamy jemgyýetiň ösüşine täsir edýän iň esasy şertleriň biri bolmak bilen, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, ýaş nesliň ýokary derejede bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikler döredilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, elektron bilim maglumatlarynyň gaznasyny döretmek babatda netijeli çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde sagdyn, hemmetaraplaýyn ösen, giň dünýägaraýyşly, bilimli ýaş nesli kemala getirmek ugrunda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn işler ajaýyp miwelerini berýär. Iri halkara ders bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýän ýaşlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy, türkmen ýaşlarynyň sportda we döredijilikde ýokary sepgitlere ýetmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Zehinli we erjel ýaşlarymyzyň halkara derejesinde gazanýan üstünlikleri bellenilmäge mynasypdyr.

Üstünlikli geçen bäsleşik

Ýakynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynyň 97-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda robot bäsleşigi geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) guramagynda geçirilen bu bäsleşikde mekdep okuwçylary öz ýasan robotlary bilen gatnaşyp, ylmy taslamalary bilen çykyş etdiler.