"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaraly çäreler

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2024-2025-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy. Asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak bilen başlandy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta hem ýokary okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, olarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Şunlukda, döwlet Baştutanymyz ýaş nesillere bilimleriň, uly açyşlaryň ýoluna ak pata berdi. Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna hem-de ýetip gelýän şanly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna bagyşlandy.

Bu gün Bilimler we talyp ýaşlar güni

Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ajaýyp binagärlik keşbine sazlaşykly utgaşýan täze desgalaryň açylyş dabaralary boldy. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze, ak mermerli binalar toplumy hem munuň aýdyň güwäsidir. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyzyň her ýylyň 1-nji sentýabrynda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen Gutlagy dabaraly ýagdaýda okaldy.  Soňra ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow toý bagyny kesdi. Soňra paýtagtymyzyň taryhy merkeziniň keşbini has-da gözelleşdirýän Aşgabat şäher häkimliginiň toplumy açyldy.  Bu toplum Aşgabat şäher häkimliginiň pensiýa gaznasyny, zähmet we ilatyň iş bilen üpjünçilik bölümi, Baş bilim, Medeniýet müdirliklerini öz içine alýar.

Bagtyýar ýaşlaryň köňül kelamy

Näzik SERDAROWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň 1-nji ýyl talyby: — Söýgi, yhlas, ynam bilen başyna barlan her bir iş ýerine düşýär, arzuwlar amala aşyp maksatlar myrat bolýar. Men ata Watanymyň aşygy, waspçysy. Watan söýgüsi meni arzuw eden ýokary okuw mekdebimiň gapysyndan getirdi, talyp boldum. Watanymyzy ýagty ertirlere alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli bolmagy ugrunda edýän aladalaryndan, döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, bagtyň eýeleri bolýarys. Bize diňe okamak, kämilleşmek, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşandymyzy goşmak galýar. Bizi bagtyýar durmuşda ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun!

Täze okuw ýyly üstünliklere beslener

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillere berilýän bilime üns has-da güýçlenýär. Muny biz — mugallymlar, terbiýeçiler gündelik durmuşymyzda amala aşyrylýan işlerde görýäris. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýaşlary Watanymyzyň altyn geljegi hasaplap, olar üçin dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen, döwrebap ülňülerde gurlan mekdepleri, ähli şertleri bolan sport, dynç alyş, saglygy dikeldiş merkezlerini gurup berýär. Ýaşlaryň okap, bilim almagy üçin okuw kitaplarydyr gollanmalar yzygiderli neşir edilýär. Dünýäniň ösen tejribesini ele alan mugallymlar ýaşlarymyza bilim berýärler. Ynha, ýurdumyzda täze okuw ýyly başlandy. Täze okuw ýylyna bilim işgärleri örän taýýarlykly geldiler. 1-nji synpa gelen körpejelere hormatly Prezidentimiziň adyndan «Bilimli» atly kompýuter gowşuryldy. Elleri kompýuter sowgatly ýaşajyk nesillerimiziň gözlerinde buýsanç, geljege bolan ynam uçganaklaýar. 1-nji synp okuwçylaryna kompýuterleriň sowgat berilmegi oňat däbe öwrüldi. Biz munuň üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Dostlukly döwletde täze mekdep açyldy

Şu gün — 1-nji sentýabrda Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde 540 orunlyk, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän umumybilim berýän orta mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Mekdebiň binalar toplumynyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz bilen Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon sanly ulgam arkaly taryhy çykyş etdiler we mekdebiň açylyşyna ak pata berdiler. Bu bolsa çäräni ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlara besledi. Döwlet Baştutanlarynyň çykyşlary bu ýurtda ýaşaýan türkmenleriň, ildeşlerimiziň kalbynda çäksiz hoşallyk duýgularyny döredip, ynsanperwer gatnaşyklarymyzyň barha pugtalanýandygyny ýene bir ýola subut etdi. Dabaranyň çäklerinde täze mekdebe Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan «Bilimli» atly kompýuterleriň 100-si we «Toyota Coaster» kysymly awtobus sowgat gowşuryldy. Mälim bolşy ýaly, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy häzirki güne çenli abyrsyz işleri durmuşa geçirdi, öz hasabyna ýurdumyzda howandarlyga mätäç näsag çagalara bejergi işlerini üstünlikli ýerine ýetirdi. Bu gün bolsa gazna öz hasabyna Täjigistanda açylan täze mekdebe «Bilimli» kompýuterleri we awtobusy sowgat hökmünde ib

Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy

1-nji sentýabrda Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen gurlup ulanmaga berlen Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Bu şanly waka iki dost-dogan halkyň hoşniýetli gatnaşyklaryny üpjün edýär, medeni we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Täjigistanyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň açylyş dabarasy ýokary derejede geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň sanly ulgam arkaly aragatnaşyga çykmaklary we çykyşlarynyň çuňňur mana eýe bolmagy aýratyn bellärliklidir.

Bilimler güni

Gelmegine barmak büküp sanalar,Talyp ýaşlar güni, Bilimler güni.Iň ajaýyp aýdymlara ýanalar,Talyp ýaşlar güni, Bilimler güni. Düzüler oglanlar, gyzlar hatara,Pursat berer süýji oýa batara,Bilim dünýäsine sary atarar Talyp ýaşlar güni, Bilimler güni.

Milli bilim ulgamy: nusgalyk işler, täzeçil özgertmeler, toplumlaýyn maksatnamalar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan öňe sürlen, jemgyýetimiziň we döwletimiziň sazlaşykly ösüşini, halkara gatnaşyklaryň giňeldilmegini üpjün edýän beýik başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mynasyp dowam etdirilýär. Netijede, ýurdumyz ösüşleriň ýoly bilen ynamly öňe barýar, döwletimiziň berkararlygy, halkymyzyň bagtyýarlygy ýokary derejede üpjün edilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň gerimde ýaýbaňlandyrylan tutumly işler, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary, şol sanda milli bilim ulgamy boýunça gazanylýan ýokary netijeler munuň aýdyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiz ylmyň we bilimiň jemgyýetimiziň hem-de döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmegiň berk binýadydygyny nygtaýar. Şu nukdaýnazardan, milli maksatnamalarda, konsepsiýalarda, strategiýalarda kesgitlenen wezipelere laýyklykda, şäherdir obalarymyzda häzirki zaman bilim edaralary — çagalar baglary, orta mekdepler, hünär bilimi edaralary gurulýar, bilim işine öňdebaryjy tejribeler ornaşdyrylýar.

Ösüşiň altyn çyragy

Döwletiň durnukly we sazlaşykly ösüşi ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň çäklerinde milli bilim ulgamyny kämilleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şoňa görä-de, her ýylyň 1-nji sentýabrynda Bilimler we talyp ýaşlar gününiň bellenilmegi, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bilim ulgamyna degişli binalardyr desgalaryň açylyp ulanmaga berilmegi bu ulgamy ösdürmeklige döwlet derejesinde berilýän ünsüň örän ýokarydygyny nobatdaky gezek äşgär edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar» diýmek bilen, ylym-bilime, sungata höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýär. Özleri üçin edilýän aladalardan ruhlanyp, ýaşlar döwlet bäsleşiklerinde hem, halkara bäsleşiklerinde hem üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýynyň dünýä derejesinde dabaralanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Sowatlylyk — döwletlilik

Ylym-bilim uç-gyraksyz deňizdir. Ylym-bilim ynsaplylyk, adalatlylyk, lebzine wepalylyk, edermenlik, halallyk, şükürlilik, gaýratlylyk ýaly häsiýetler ýaly, adamlaryň köňlüni açyp görkezýän hazynadyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Ylym tükeniksiz ýoldur, ol köňül gapylaryny açýar. Her bir ýürekde gämik bardyr, ony şineletmek üçin ýagtylyk gerek. Şol ýagtylyk zehindedir. Zehin her adamyň özünde bardyr» diýip, ylym-bilim mukaddesligini parasatly jümleler bilen beýan edýär. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri okamaga, öwrenmäge, bilimli bolmaga çalşypdyr. Nesilleriň ylym-bilimli bolmaklary üçin kitaphanalary, medreseleri, bilim ojaklaryny gurdurypdyr. Şu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky bir rowaýata ýüzleneliň: «Bir adam öz ogluny ýedi ýaşynda bilim almak üçin molla beripdir. Oglan ukyply bolandygy üçin okamagy, ýazmagy tiz wagtda öwrenipdir. Kakasynyň oglunyň sowadyndan göwni hoşal bolupdyr.

Yhlas ýerde ýatmaýar

Munuň şeýledigini bu gün hemmelere joşup-joşup gürrüň beresim gelýär. Talyp bolmak bagtynyň ykbalymda düşlemegi üçin ençe ýyllap göwün ýüwürtme kemini goýmadym. Çagalygymdan sporta höwes etmegim meni sport oýunlarynyň teswirleýjisi hünärine alyp geldi. Şu güne çenli teleýaýlymlarda, gazet-žurnallarda türgenleriň ýurdumyz boýunça, şeýle-de halkara ýaryşlarda gazanan ýeňişlerini, täze üstünlikleriniň buşluklaryny il-günümize ýetirip geldik. Göni ýaýlymda şatlyklaryny paýlaşdyk. Bularyň ählisi geljekde saýlap aljak hünärime has-da yhlasly ýapyşmagyma, öňümde goýan maksatlarymyň myrat tapmagyna itergi berdi. Ýollar meni ahyr indi ençe ýyllap talyby bolup adyny göterjek şu ýokary okuw mekdebiniň bosagasyna getirdi. Nesibäm çekip, arzuwlarym hasyl boldy.

Ýaryşly ýollar, ýeňişli menziller

Sport — saglyk, sport — ruhubelentlik, sport — gözellik. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bedenterbiýe we sport döredijilik başlangyçlaryny, maksada okgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem gujur-gaýratyň çeşmesidir. Çünki dürli ýaşdaky raýatlarymyzyň, hususan-da, ýaş nesillerimiziň saglygy üçin bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak döwrüň möhüm talabydyr. Şoňa görä-de, türkmen ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip, sport-bedenterbiýe hereketini işjeň ösdürýärler. Men hem 9 ýaşymdan başlap, sportuň sambo, dzýudo, kuraş görnüşleri bilen meşgullanyp, dürli ýaryşlara gatnaşyp gelýärin. Ussat tälimçi Şirin Kubaýewanyň elinde tälim almagym öz saýlan sport görnüşlerimiň ähli emellerini inçeligi bilen öwrenmegime ýardam berdi.

Talyp bolmak — bagt

Güýz. Sentýabr. Ynha, ýene-de täze bir okuw ýyly. Täze okuw ýyly — täze üstünlikleriň badalgasy. Täze okuw ýyly — täze maksatlaryň, täze arzuwlaryň, täze gözlegleriň başlangyjy. Bilşimiz ýaly, şanly ýylymyzda hem zehinli ýaşlaryň müňlerçesi talyp şahadatnamasyny eline alyp, tolgundyryjy pursatlary başdan geçirýärler. Biz hem arzuwlary hasyl bolan ýaşlary sahawatly güýzüň ilkinji gününde bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen gutlap, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Terbiýe söz bilen, görelde göz bilen

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, bilim ulgamynyň mekdepden öňki, başlangyç, orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde okatmagyň usulyýetleri, şertleri, hili düýpli kämilleşdirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bütindünýä maglumat ulgamy bolan internete birikdirilen dürli okuw-usulyýet enjamlary bilen abzallaşdyrmak, mugallymlaryň hünärini kämilleşdirmek işi güýçli depginde alnyp barylýar. Bilim we terbiýeçilik işlerinde öňdebaryjy usullary, döwrebap sanly tehnologiýalary giňden ulanmak, mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, daşary ýurt dillerini öwrenmek we beýleki möhüm ugurlar boýunça ýöriteleşdirilen bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek zerur ýerine ýetirilmeli maksatlardyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Döwür bilen aýakdaş gitmek üçin ýaş nesliň dünýäniň dürli dillerini öwrenmekleri zerur. Ýaşlaryň ylma-bilime bolan höwesiniň ýokarlanmagynda kitap okamak ýörelgesine-de möhüm orun degişlidir» diýip nygtaýar. 2024-2025-nji okuw ýylynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, pedagogik işgärleriň etrap, şäher usuly-amaly okuwlary ýokary derejede guralyp, gyzgalaňly pikir alyşmalar geçirildi. «Türkmenistanda umumybili

Geljekki hünärmenler

Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine resminamalaryny tabşyryp, döwlet synaglaryndan üstünlikli geçen geljekki hünärmenler täze okuw ýylyny uly ruhubelentlikde garşylaýar. Biz hem şeýle ýaşlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris: Nowruz NURBERDIÝEW,Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara arbitraž we işewürlik hukugy hünäriniň magistri:

Şatlyga beslenjek pursatlar

“Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr” diýip belleýän hormatly Prezidentimiz ýaş nesil hakda bimöçber alada edýär. Ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna, terbiýelenmegine we hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegine gönükdirilýän ägirt uly üns-alada şeýle diýmäge esas berýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününe, şeýle-de täze okuw ýylyna görülýän ykjam taýýarlyk işlerinde hem ýaş nesil hakdaky alada aýdyň ýüze çykýar. Şanly günde täze, döwrebap bilim ojaklary toý ruhunda açylar, 1-nji synpa gadam basjak mekdep okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan “Bilimli” kompýuterleri gowşurylar. Täze, 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji sapagynyň beýik watançylyk we ynsanperwerlik ruhuna beslenip, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçer. Bu bolsa, ýaş nesliň berkarar Watanymyza, mukaddes Garaşsyzlygynyň gazananlaryna, eşretli döwrümize bolan buýsanjyny goşalandyrar.

Hasyl bolan arzuwym

Maral ÖWEZGELDIÝEWA,Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby: — Maňa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň atçylygyň weterinariýasy fakultetiniň weterinar lukmany hünäriniň talyby bolmak bagty miýesser etdi. Begenjimiň çägi ýok. Geljekde türkmeniň buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň milli mekdebindäki ähli öwredilýän sapaklary uly höwes bilen özleşdirip, türkmen halkynyň ajaýyp gymmatlygy bolan ahalteke atlarynynyň baş sanyny abat saklamakda, ahalteke we ýomut atlarynyň asyl bedew keşbini yzygider kämilleşdirmekde, tohumçylyk işlerini ylmy esasda guramakda özümiň mynasyp goşandymy goşjakdygyma Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy tüýs ýürekden ynandyrýaryn.

Bilim almagyň giň mümkinçilikleri

Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly eserinde: «Bilim arkaly beýik geljek gurulýar» diýip, ýurdumyzyň bilim ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmekde amala aşyrylýan uly işleriň ähmiýetini nygtaýar. Hakykatdan-da, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda bilim bermegiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini has-da kämilleşdirmek, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär.  Ýaşlarymyza ýurdumyzyň we dünýäniň iň kämil ýokary okuw mekdeplerinde hünär öwrenmekleri üçin döredilýän oňaýly şertler hem munuň aýdyň mysalydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir. Toplanan ylym-bilim tejribeleriniň netijeleri seljerilip, şolar esasynda XXI asyrda durnukly ýaşaýşy üpjün etmegiň taglymatynyň döredilmegi möhümdir. Şonda adamyň ukyplary, zehini, mümkinçilikleri babatynda oýlanyşykly çemeleşmek gerek» diýip, ýaşlara mynasyp bilim-terbiýe bermegiň ähmiýetini nesihat edýär.

Ajaýyp sowgat

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde ykdysady taýdan kuwwatly, ählitaraplaýyn durnukly ösýän döwletleriň hatarynda özüni tanadýar. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde milli bilim ulgamy dünýä standartlaryna laýyk derejede kämilleşdirilýär. Birinji synpa baryp, bilim dünýäsine gadam basýan körpe raýatlaryň her birine noutbuk kompýuterleriniň hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgat hökmünde gowşurylmagy hem ýaş nesliň kiçilikden döwrebap düşünjeli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky aladanyň nyşanydyr. Ildeşlerimiz ýaş nesliň bilimli, sowatly, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmegi ugrundaky döwletli işleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Milli Liderimize çäksiz alkyş aýdýarlar.

Ýagşy arzuwlaryň miwesi

Her bir adam çagalygyndan ene-atalarynyň  mährine eýlenen watansöýüjilik duýgulary, öçmejek umytlarydyr ýürek arzuwlary bilen ýaşaýar. Biziň ýurdumyz iň arzyly arzuwlaryň amala aşýan, bagtly çagalygyň, bagtyýar ýaşlaryň mekany. Bu günki gün ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň giriş synaglaryny üstünlikli tabşyryp, kämil hünärli bolmak üçin ylymlar dünýäsine gadam basan kalby joşgunly ýaşlar munuň şeýledigine has aýdyň göz ýetirýärler. Çünki paýhasdan gaýdýan arzuwlaryň wysalyna gowuşmagy bilen, talyp bolmak bagtyna eýe bolan ýaşlaryň ýürekleri hyjuwdan, buýsançdan doly. Talyp bolmak arzuw edilen bagtdyr, ýagty geljege çyragdyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda talyp bolmak hakdaky  arzuwlary hasyl bolan ýaşlaryň köňül buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirmegi müwessa bildik. Sähra BATYROWA,Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby: