Ýaş watançylara buýsanç
Häzirki wagtda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň milli terbiýe ulgamynda ýetişdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Olaryň Watanymyza, il-günümize wepaly, ata-babalarymyzyň hoşniýetlilik taglymatyny mynasyp dowam etdiriji nesil bolup terbiýelenmeginde täzeçe usullar ulanylýar. Şeýle depginli işler TGM-niň podpolkownik Amangeldi Gurdowyň müdirlik edýän Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde hem mynasyp dowam etdirilýär. Ýaş Watan goragçylarynyň geljekde kämil hünärmenler bolup ýetişmeginiň möhüm şertleriniň biri-de olaryň häzirki zaman maglumat tehnologiýalaryny işjeň hem-de netijeli ulanyp bilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň häzirki ösüş tapgyrynda öňde durýan bu möhüm wezipe dünýä tejribesiniň gazananlarynyň esasynda milli sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär. Şu nukdaýnazardan sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerini Ýöriteleşdirilen harby mekdebimizde harby okuwçylarymyzyň gündelik durmuşyna ornaşdyrmak babatynda degerli işler alnyp barylýar.