"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Dil bilen dünýäni gezer

(Hekaýa) Wepa bilen Seýran jana-jan dostdular. Olaryň ikisi bir mekdepde, bir synpda okaýardylar. Her gün mekdebe bile gidip-gelýärdiler. Emma sapaklara ýetişikleri deň däldi. Wepa ökdedi, ähli sapaklardan oňat bahalar alýardy. Mydama öz öwrenenlerini deň-duşlary bilen paýlaşmaga, olara kömek etmäge höwesekdi. Esasan hem, türkmen dili, rus dili we iňlis dili sapaklaryny gowy görýärdi. Aýratynam, iňlis dilini çuňňur öwrenýärdi, onuň kadalaryny, sözlerini her gün özbaşdak okaýardy. Seýrana hem olary öwretmäge çalyşýardy. Ýöne Seýran Wepa ýaly okuwa höwesek däldi. Wagtyny kitap okap geçireninden, daşarda dostlary bilen oýnap geçirenini gowy görýärdi. Mugallymlaryň okamagyň, bilim almagyň möhümdigi baradaky maslahatlaryna kän bir gulak gabartmaýardy.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň ýeňijileri

Aşgabat şäheri 1. Döwletmyrat Maksadow — Aşgabat şäherindäki daşary ýurt diline ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 5-nji synp okuwçysy.

Bize baky bagtyýarlyk bagyş eden, sag boluň, mähriban Arkadagymyz!

Täze ýylyň öňüsyrasynda Aýazbaba bilen Garpamygyň ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerine aýlanyp, birinji synp okuwçylaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan Täze ýyl sowgatlaryny — kompýuterleri gowşurmagy begençli wakalaryň birine öwrüldi. Biz Täze ýylyň bosagasynda baýramçylyk sowgatlaryny alan körpeleriň ýürek buýsançlaryny, köňül owazlaryny siziň bilen paýlaşmagy makul bildik. Resulmuhammet HALLYÝEW,Aşgabat şäherindäki 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik-okuw mekdebiniň 1-nji synp okuwçysy:

Mekdep okuwçylarymyzyň halkara üstünligi

Gazagystan Respublikasynda 7 — 12-nji ýanwar aralygynda geçirilen matematika, fizika we informatika dersleri boýunça Halkara ders bäsleşiginde türkmen mekdep okuwçylarynyň üstünlikli çykyş etmegi hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli bilim ulgamynda başy başlanan özgertmeleriň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ders bäsleşigine dünýäniň 21 ýurdundan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Awstriýadan, Daniýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Mongoliýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Ermenistandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan zehinli okuwçylaryň müňden gowragy gatnaşdy. Ýurdumyzyň toparyna halkara derejede ukyplaryny mynasyp görkezen bäsdeşleriň 10-sy wekilçilik etdi.

Işine ussat mugallym

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýaşlaryň ylym-bilim almaklary üçin döredilýän mümkinçilikleriň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Dünýä ylmynyň ösüşinden, döwrüň şu günki talabyndan ugur alyp, hemmetaraplaýyn kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek bolsa mugallymlaryň paýyna düşýär. Taryhymyzy çuňňur öwrenip, ýaş nesliň zamanabap bilim almagy üçin yhlas edýän mugallymlaryň biri-de Dänew etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň taryh mugallymy Alyşer Narkulyýewdir. Ol okuwçylaryň her bir sapagy doly özleşdirmekleri, taryhymyzy içgin öwrenmekleri üçin meýilnama boýunça okuw gezelençlerini guraýar. Okuwçylar taryhymyzy içgin öwrenmek bilen, guralýan okuw gezelençleriniň dowamynda sapakda öwredilýän maglumatlaryň üstüni doldurýarlar, adamzat gymmatlyklaryny, geçmişimiziň ýeke-täk nusgasyna öwrülen maddy ýadygärliklerimizi synlamaga mümkinçilikler alýarlar. Öwrenýän maglumatlary olaryň Watanymyza bolan buýsanç duýgularyny artdyrýar.

Ylym-bilim — kämilligiň binýady

Eziz Diýarymyzda ýaşlaryň döwrebap bilim almagyna, milli ruhda terbiýelenmegine aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ähmiýet berýän bu ulgamy ähli raýatlarymyzyň ýaşaýşyna we medeniýetine dahyllydyr. Adamzat taryhynda örän uly ähmiýete eýe bolan bilim babatdaky ýörelgeleriň döwlet derejesinde ösdürilmegi guwandyryjydyr. Bilim ulgamyna okatmagyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagy, mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagy ýurdumyzyň ýaşlarynyň intellektual derejesini kämilleşdirmäge we dünýä ülňülerine laýyk bilim almaklaryna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň adyndan 1-nji synpyň okuwçylaryna şahsy kompýuterleriň sowgat berilmegi, mekdep okuwçylarynyň okuw kitaplary bilen mugt üpjün edilmegi, çagalar baglarynda we orta mekdeplerde iňlis, rus, türkmen dilleriniň öwredilmegi bu ulgamyň kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar.

Çagalar bagynda surat sapaklarynyň guralyşy

Çagalar baglarynda körpeler şekillendiriş sungatynyň dürli görnüşleri bilen tanyşdyrylýar. Sungat mekdebe çenli ýaşly çagalarda döredijilik başlangyjyny ýüze çykarýar. Şol sebäpli çagalar baglarynda şekillendiriş sungaty sapaklaryny talabalaýyk guramak terbiýeçileriň esasy wezipesi bolup durýar. Çagalar baglarynda körpelere şekillendiriş sungaty öwredilende surat çekmek, şekiljikleri ýasamak, ýelimlemek ýaly sapaklaryň geçişine aýratyn üns berilýär. Bu sapaklar özara baglylygy sebäpli, milli maksatnama boýunça olar üçin umumy temalar göz öňünde tutulýar. Mysal üçin, orta toparda “Ýaşyl baýdak” temasy ilki ýelimlemek sapagynda geçilýär, soňra baýdagyň şekili (ululygy, bölekleriniň gatnaşygy) baradaky düşünjeler surat sapagynda ulanylýar.

Dil öwrenmek — döwrebap ugur

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym-bilim ýokary derejede ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmekde, sanly bilim ulgamyny has-da täze derejelere çykarmakda uly mümkinçilikleri döredýär. Esasan hem bu ugurda dil öwretmek, dünýä dillerini bilýän ýaşlary ýetişdirmek ýaly asylly işler hem ýola goýuldy. Bu babatda “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Häzir jemgyýetiň ösýän zerurlyklaryna laýyklykda, ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmegiň okuw-usulyýet esaslary döwrebaplaşdyryldy. “Biz dünýä halklary bilen dostlukly gatnaşyklara ähmiýet bermek bilen, adamzat mirasynyň dürdäneleriniň ynsanperwer pikirli islendik halk üçinem derwaýysdygyny nazara alýarys. Dünýä halklary, ýurtlary we iri halkara guramalary bilen döwletimiziň hyzmatdaşlyk etmeginiň düýp manysy asuda durmuşyň kemala gelmegini gazanmakdan ybaratdyr” diýip, hormatly Prezidentimiz dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýeti barada belleýär. Ýurdumyzyň halkara ylym-bilim, medeni, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, dostlukly gatnaşyklary parahatçylygy has-da ösdürmek, durnukly ösüşi ýola goýmak ýaly ugurlarda işjeňleşdirilýär. Türkmenistanyň halkara parahatçylygyny we durnuklylygyny berkitmäge, daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin edýän tagallalary oňat netijelere getirýär. Bu bolsa

Aýdyň maksatdan ugur alyp

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat geňeşiniň jogapkär işgärleri welaýat kitaphanasynda geçirilen wideoşekilli maslahata gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiziň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň ilkinji mejlisinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny» tassyklamak hakynda Kararyndan ugur alnyp, TMÝG-niň Merkezi Geňeşi bilen welaýatlaryň geňeşleriniň arasynda guralan sanly ulgam arkaly wideoşekilli maslahatda kämil tehnologiýalardan oňat baş çykarýan ýaşlary kemala getirmek, zehinli, ukyp-başarnykly nesilleri höweslendirmek maksady bilen geçirilýän çäreleriň ähmiýeti dogru-

Bürünç medala mynasyp boldy

Ata Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaşlarymyzyň daşary ýurtlarda geçirilýän halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy hormatly Prezidentimiziň alyp barýan bilim syýasatynyň oňyn netijeleri berýändigini görkezýär. Gazagystan Respublikasynyň Ylym we bilim ministrligi tarapyndan 2021-nji ýylyň 7 — 12-nji ýanwary aralygynda onlaýn görnüşinde matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XVII Halkara olimpiadasy geçirildi. Bäsleşige welaýatymyzyň Balkanabat şäherindäki iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Musa Artykow fizika dersi boýunça gatnaşyp, üçünji orna — bürünç medala mynasyp boldy. Ony bäsleşige mekdebiň fizika mugallymy Yhlas Apbasow taýýarlady. Ýeri gelende aýtsak, zehinli okuwçy 2019-njy ýylda hem Hindistan döwletiniň Nýu-Deli şäherinde geçirilen halkara olimpiadasyna gatnaşyp, baýrakly orny eýeläpdi.

Ýaşlar röwşen geljegimiziň eýeleridir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaşlar baradadyr. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, işlemegine gönükdirilendir. Milli Liderimiz Watanymyzyň geljeginiň ýaşlara baglydygyny hemişe nygtap, ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da rowaçlandyrmak, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete bolan söýgini terbiýelemek, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleri bilen ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny utgaşdyrmak, olaryň jemgyýetçilik, şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek ýaly örän möhüm wezipeleri öňe sürýär. «Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyzyň sagdyn pikirli, ahlak taýdan arassa, ruhubelent, ylmyň soňky gazananlaryny ele alan, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen ýaş nesliň kemala gelmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýändigi, elbetde, döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa

Türkmen mekdep okuwçylarynyň halkara ders bäsleşigindäki üstünligi

Gazagystan Respublikasynda 7 — 12-nji ýanwar aralygynda geçirilen matematika, fizika we informatika dersleri boýunça Halkara ders bäsleşiginde türkmen mekdep okuwçylarynyň üstünlikli çykyş etmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli bilim ulgamynda başy başlanan özgertmeleriň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ozal habar berlişi ýaly, ders bäsleşigine dünýäniň 21 ýurdundan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Awstriýadan, Daniýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Mongoliýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Ermenistandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan zehinli okuwçylaryň müňden gowragy gatnaşdy. Ýurdumyzyň toparyna halkara derejede ukyplaryny mynasyp görkezen bäsdeşleriň 10-sy wekilçilik etdi.

Sanly bilim — ösüşlere badalga

Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan sanly bilim ulgamy ýaşlaryň dünýä derejesinde ýokary hilli bilim almaklaryny doly derejede üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda milli bilim we ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi, hususan-da, ýokary hünärli ýaş hünärmenleri, alymlaryň ýaş neslini taýýarlamagy, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýär. Bilim babatdaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän, bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýörite orta, ýokary okuw mekdepleriniň gurlup ulanmaga berilmegi, olarda täze ugurlaryň girizilmegi, täze, ýokary hilli okuw kitaplarynyň taýýarlanylmagy we çap edilmegi, bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak maksady bilen sanly bilim ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy bu babatda ädilen beýik ädimler boldy.

Kitap — paýhas ummany

Kitap — bilimler hazynasy. Gyzykly wakalaryň hem-de başdan geçirmeleriň beýanyny edýän kitap — jadyly dünýä. Çaganyň kitap okap, bilimler dünýäsine aralaşmagy, gyzykly maglumatlardan habarly bolup, dünýägaraýşyny giňeltmegi üçin, ene-ata olara kiçiliginden ertekidir hekaýa okap bermeli, goşgulary ýat tutdurmaly. Perzendine kitap okamagy, onuň manysyna düşünmegi öwretmek üçin, ilki bilen, ene-atanyň özi kitap okamagy endik etmeli. Häzirki sanly tehnologiýalaryň ösen döwründe audio kitaplar hem bar. Kähalatda ene-atalar çagalaryna audio kitap alyp berip, olaryň kitaby okamagyny däl-de, diňe diňlemegini isleýärler. Ýöne çaga ýaşlykdan kitap okamagy öwretmek bilen, ene-ata perzendiniň sowatlylygyny hem artdyrýandygyny bilmelidir. Sebäbi hat-sowat öwrenen çaga bir kitaby okamak bilen çäklenmän, onda başga-da eserleri okamaga bolan mümkinçiligi bolýar. Eýýäm harplary tanaýan çaga hat ýazmagy-da özleşdirýär. Ata-babalarymyz «Köp okan — köp biler» diýip, kitap okamagyň gymmatyny beýan edipdir. Audio kitap bolsa diňe öz çygryndaky eseri «gürrüň bermek» bilen çäklenip, «ýadyna» girizilen eseriň gürrüňi gutaransoň, ony zol-zol diňlemegiň gyzygy hem barha peselýär.

Kämilligiň berk binýady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň geljegi ýaşlar bilen berk baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp barýan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin möhüm şertler döredilýär. Onuň şeýledigini ýaşlarymyzyň durmuşy, okuwy, işi we dynç alşy bilen bagly esasy wezipeleriň durmuşda öz beýanyny tapýandygy hem aýdyň görkezýär. Milli Liderimiz ýaşlaryň çuňňur bilim almagyna, olaryň iş bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga aýratyn üns berýär. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky syýasaty döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklarynyň ygtybarly goralyp, mertebesiniň belent tutulýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 8-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. Bu maksatnama ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärele

Bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaş nesillere döwrebap bilim bermek, olary milli ýörelgelere laýyklykda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly esasy wezipeler kesgitlendi. Olaryň hatarynda Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, 2019 — 2025-nji ýyllarda umumy orta bilim berýän ulgamy ösdürmegi dowam etdirmek, umumybilim berýän mekdepleri tamamlaýan ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak maksady bilen, okuw maksatnamalarynyň mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler bar.

Pähim-paýhasa ýugrulan kitap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby çuňňur pähim-paýhasa ýugrulyp, halkymyzyň milli ýörelgesini, şöhratly taryhyny beýan edýär. Bu ajaýyp kitapda nakyllaryň, rowaýatlaryň beýan edilmegi okyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Munuň özi çuňňur pikirli, pelsepewi garaýyşly bu kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokary derejä ýetirýär. Kitabyň çuňňur many-mazmunynda halkymyzyň ruhy dünýäsi, gadymdan gelýän milli medeniýeti öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby ruhy dünýämizi baýlaşdyrýar. Hut şunuň özi hem bu ajaýyp kitabyň halkymyz üçin ýokary gymmatlykdygyny, ýakyn hemradygyny aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyna ýugrulan bu kitapda ylym-bilime aýratyn orun berilýär. Kitabyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar” atly bölüminde ynsanyň mertebesini has-da ýokarlandyrýan ylym hakynda giňişleýin beýan edilýär. Şu ýerde ylym-bilimiň örän ýokary gymmatlykdygyny, ösüşleriň gözbaşydygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Sebäbi, ata-babalarymyz sowat öwrenmegi zerur hasaplapdyrlar. Milli Liderimiziň bu ajaýyp kitabyny okanymyzda ylymly bolmagyň hem asylly ýörelgedigine aýdyň göz ýetirýäris. Ýaşlary terbiýelemekde ylym-bilimiň uly orny bardyr. Çünki ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin ylym-bilim gerekdir. Bu hakda hormatly Prezidentimizi

Çeper eserleri okatmak

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesilleri ýetişdirmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan bilim ulgamynyň işgärleri, mugallymlar ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde öz goşantlaryny goşýarlar. Munuň üçin milli terbiýä esaslanyp, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini ýakyn gollanma edinýärler. Şeýle asylly, mukaddes wezipeden ugur alyp, öz gündelik işlerimizi şu ýokary talaplara laýyk guramaga çalyşýarys. Şunda türkmen dili we edebiýat mugallymlaryna-da jogapkärli borçlar degişli bolup durýar. Şolara abraý bilen amal etmekde alyp barýan işlerimiziň bir ülşi — bir esere dilden syn bermek sapagyna taýýarlanyşym, guraýşym we geçirişim barada söhbet etmek isleýärin.

Dil öwretmegiň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlar döwrebap bilim alýar. Şunda ýaşlaryň kämilligi, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri baş maksat bolup durýar. Şonuň üçin hem, häzirki wagtda ýaşlara berilýän bilim döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Esasan hem, bilim bermegiň sanly ulgamyna geçilmegi aýdyň netije berýär, şunda ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Esasan hem, sanly bilim ulgamynda birnäçe dil öwretmegiň ugurlary işlenip düzüldi. Bu bolsa ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine oňat ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýaşlara dünýä dillerini öwretmek, olary giň dünýägaraýyşly hünärmenler edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Iň täze tehnologiýalary özleşdirmäge we häzirki zaman hünär maglumatlary bilen tanyşmak üçin daşary ýurt dillerini bilmäge ukyply halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksat edinilýär.

Kompýuter sowatlylygy — esasy ugur

Bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda ýurdumyzda ylmy esasda giňişleýin alnyp barylýan işler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda netijeli häsiýete eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek babatynda durmuşa geçirilýän döwrebap işleriň barha giň gerim alýandygyna doly şaýatlyk edýär. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösüşine işjeň goşulmak, ykdysadyýeti yzygiderli we depginli ösdürmek üçin eziz Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, zehinli, ussat hünärmenleriň ýetişdirilmegi ýola goýulýar.