Çaga — durmuşyň güli
Il arasynda akylly, asylly çagalar barada gürrüň gozgalanda, «Terbiýe gören-dä» diýilýär. Bu ýerde, ilki bilen, çaganyň maşgalada alan terbiýesi göz öňünde tutulýar. Çünki çaga terbiýesi ilki maşgaladan başlanýar. Çagany edep-terbiýeli, ile-güne gerekli adam edip ýetişdirmek her bir ene-atanyň arzuwy. Ene-ata mähir, söýgi bilen gurşap alan perzentlerini geljekde edepli-ekramly, ilhalar, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişdirmäge, olarda ene topraga, ata Watana, il-güne söýgi döretmäge çalyşýar. Bu babatda hormatly Prezidentimiz: «Hiç bir adam öz nesline, onuň ertirki ykbalyna biparh garap bilmez. Öz perzendiniň geljegi hakda aladalanmak ynsana mahsus häsiýetleriň biridir» diýip belleýär. Terbiýeli çagalar diňe bir maşgalasynyň, dogan-garyndaşlarynyň däl, eýsem, milletiň buýsanjyna, guwanjyna öwrülýär. Watan mukaddesligini gursagynda saklap, uly-kiçini hormatlamagy, söýmegi başarýan, mertlik, batyrgaýlyk ýaly häsiýetler bilen terbiýelenýän çagalarda geljegiň ajaýyp keşbini görmek bolýar. Çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň terbiýesi maşgala terbiýesi bilen utgaşyp, sazlaşykly bolmalydyr. Sebäbi çaga dynç günlerini hasaba almazdan, köp wagtyny çagalar bagynda geçirýär. Dogry, köpçüligiň arasynda bolmak, deň-duşlary bilen oýnap ulalmagy çaganyň gözýetimini giňeldip, düşünjesini artdyryp biler. Sebäbi dürli maşgalalardan bolan çagalaryň hersinde-de öwrenere zat kän. Ýöne körpeleriň ter