Aýdymyň aşygy, sazyň muşdagy
Geçen asyryň 60-njy ýyllary Öwezgeldi Tekäýew, Mämi Çaryýew, Roza Hudaýbergenowa dagynyň türkmen estradasynyň ussatlary hökmünde tanalyp başlan döwürleridi. Astanberdi Möwlamberdiýew hem şol ýyllarda «Armanda men, armanda», «Gyzyl güller, elwan güller», «Kim getirse Ýusup bilen Ahmedi» ýaly aýdymlary bilen diňleýjileriň göwnüni awlapdy. Entek jahyllykdan ýaňy saýlanan ýigidiň aýdymlary radioýaýlymlarda hoş owaz bolup ýaňlanýardy. Astanberdi aýdym-saz dünýäsine aralaşmak üçin yzygiderli öz üstünde işleýärdi. Onuň ilkinji halypasy agasy Eýýämberdi Möwlamberdiýew bolupdy. Eýýämberdi mandolin, dutar, akkardeon saz gurallarynda saz çalmagy, goşgy, aýdym düzmegi başarýardy. Ol inisine-de aýdym-sazyň inçe tilsimlerini öwretdi. Ýaşlykdan aýdym-saza höwesek Astanberdi Kerki şäheriniň medeniýet öýünde usulçy bolup zähmet ýoluna başlaýar. Arzuwdan doly gursagy ony aýdym-saz dünýäsine içgin aralaşmaga howlukdyrýardy. 1972-nji ýylda sungat ugrundan düýpli bilim almak maksady bilen Türkmen döwlet sungat institutyna okuwa girýär, aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny, opera sungatynyň ýollaryny halypalaryndan öwrenýär. Halypasy, Türkmenistanyň halk artisti Orazgeldi Berdiýewden dirižýorlyk etmek, aýdym aýtmak boýunça kämil bilim-terbiýe alýar. Instituty tapawutlanan diplom bilen tamamlap, öz dogduk mekany Kerki şäherine dolanýar. Şäherde ýerleşýän mugallymçylyk mekdebinde aýdym-saz ugrundan talyplar