"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Mani ýa-da pul harplygy

(Başlangyjy gazetiň geçen sanlarynda). Bodo ŞEFER

Ýol hereketiniň düzgünleri öwredilýär

Geçen anna güni paýtagtymyzdaky Çagalar awtoşäherçesinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň açylyş dabarasy boldy. Dabarany Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň düzümindäki Metbugat merkezi hem-de Çagalar awtoşäherçesi bilelikde guramaçylykly geçirdiler. Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşi, şeýle hem Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän orta mekdepleriň 7 — 8-nji synplarynda bilim alýan okuwçylar öz mugallymlary bilen bilelikde bu çärä işjeň garnaşdylar. Okuwçylar öz mugallymlary bilen bilelikde Çagalar awtoşäherçesiniň öňündäki meýdançada bellenen tertipde nyzama düzüldiler. Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň wekili çykyş edip, «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli Çagalar awtoşäherçesinde geçiriljek çäreleriň dabaraly açylýandygyny yglan etdi. Soňra Çagalar awtoşäherçesiniň müdiri biraýlygyň dowamynda geçiriljek çäreleriň tertibi bilen dabara gatnaşyjylary tanyşdyrdy.

Sow­gat

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024 Türk­me­nis­tan Tä­ji­gis­tan­da gu­rup beren mek­de­bi­niň okuw­çy­la­ry­na ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­syn­dan komp­ýu­ter­le­ri sow­gat be­rer

Halk mas­la­ha­ty­nyň mejlisine taý­ýar­lyk

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     Türk­men hal­ky ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri bir uly işiň ba­şy­ny tu­tan­la­ryn­da ýa­şu­lu­lar bi­len mas­la­hat­la­şyp, kö­pi gö­ren adam­lar bi­len ge­ňeş edip­dir­ler. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň döw­let gu­rup, bir sup­raň ba­şyn­da top­la­nan gü­nün­den bä­ri jem­le­şip, mas­la­hat et­mek esa­sy ýö­rel­ge­le­ri bo­lup­dyr. Pe­der­le­ri­miz­den mi­ras ga­lan asyl­ly ýö­rel­ge hä­zir­ki aja­ýyp za­ma­na­myz­da hem do­wam et­di­ri­lip gelinýär. De­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re eýe­ri­lip, il-ýurt äh­mi­ýet­li mö­hüm çöz­güt­ler ka­bul edil­ýär. Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň işi hal­kyň bäh­bi­di­niň ile­ri tu­tul­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Döw­le­ti­miz­de halk bi­len ge­ňeş­mek, halk mas­la­hat­la­ry­ny yzy­gi­der­li ge­çir­mek indi asyl­ly dä­be öw­rül­di.

Ha­ly­pa-şä­girt­lik mek­de­bi

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     Hal­ky­my­zyň dün­ýä ýü­zün­de uly meş­hur­ly­ga eýe bo­lan mil­li gym­mat­lyk­la­ry sa­na­lan­da türk­men mil­li gö­re­şi­niň hem bu sa­naw­da my­na­syp or­ny bar. Asyr­lar­dan-asyr­la­ra ge­çip gel­ýän ha­ly­pa-şä­girt­lik ýo­lu­nyň üz­nük­siz do­wam etd­iri­lip, şu gün­ki gün­le­ri­mi­ze ge­lip ýet­me­gi bu gün­ki gün­de hal­ka­ra de­re­je­sin­dä­ki sport oýun­la­ry­nyň ha­ta­ry­na gi­ri­zi­len mil­li gö­reş sun­ga­ty­myz bi­len berk bag­lan­yşyk­ly­dyr. Bu ba­ra­da söh­bet açy­lan­da ir­ki dö­wür­ler­de hem halk ara­syn­da at-owa­za­sy alys­la­ra ýaý­ran at­ly päl­wan­lar bo­lup, ol päl­wan­lar hem öz yz­la­ryn­da en­çe­me şä­girt­le­ri ýe­tiş­di­rip, gö­reş sun­ga­ty­nyň do­wa­ma­ty­nyň do­wam bol­ma­gyn­da öz go­şant­la­ry­ny go­şup­dyr­lar. Mil­li gö­reş sun­ga­ty­nyň türk­men hal­ky­nyň ara­syn­da has giň ýaý­rap, ju­da ýör­gün­li sport gör­nü­şi bo­lan­dy­gy­na YU­NES­KO-nyň mad­dy däl me­de­ni mirasynyň gym­mat­lyk­la­ry­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zi­len «Gö­rog­ly» şa­des­sa­ny­ny oka­ny­myz­da has aý­dyň göz ýe­tir­ýä­ris. Şa­des­sa­nyň il­kin­ji bö­lü­mi bo­lan «Gö­rog­ly­nyň dö­reý­şi» şa­ha­syn­da ýi­git ýe­ti­şen Röw­şen, ýag­ny Gö­rog­ly öz ka­ka­sy­nyň kyrk ýi­gi­di bi­len sa­ta­şan pur­sa­tyn­da olar bi­len gö­reş tu­tu­şyp, güýç sy­nanyş­ýar. Şon­da Gö­

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tag­zym — mu­kad­des­li­ge tag­zym» ki­ta­by pars di­li­ne ter­ji­me edil­di

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     2024-nji ýylyň 28-nji aw­gust­ynda Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na iş sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Gahryman Arkadagymyz Täh­ran­da «Saa­da­bad» top­lu­my­nyň «Jum­hu­ri» köş­gün­de Prezi­dent Ma­sud Pe­zeş­ki­an bi­len gep­le­şik­le­ri ge­çir­di.

Asudalygyň aýdymy

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024 «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly şy­gar as­tyn­da bi­raý­lyk ba­dal­ga al­dy

Ak ýol­lar aba­dan bol­sun!

«7/24.tm»:№36 (223) 02.09.2024     Gün­be-gün­den ös­ýän ata Wa­ta­ny­my­zyň nu­ra­na ýol­la­ryn­da ýe­ňil ulag­la­ryň sa­ny­nyň gün­sa­ýyn art­ma­gy türk­men hal­ky­nyň iş, ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň bar­ha ös­ýän­di­gi­niň ala­ma­ty­dyr. Hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz­da adam­la­ryň asu­da, aba­dan dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len giň möç­ber­li iş­ler ýaý­baň­lan­dy­ryl­ýar. Her ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da ge­çi­ril­ýän «Ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy — öm­rü­mi­ziň ra­hat­ly­gy» at­ly bi­raý­ly­gyň çäk­le­rin­de hem ýur­du­my­zyň gör­ka­na ýol­la­ryn­da he­re­ket howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek bo­ýun­ça wa­gyz-ne­si­hat çä­re­le­ri, du­şu­şyk­lar­dyr mas­la­hat­lar yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýär.

Biz — kitapsöýüji nesiller!

Kitap — iň gowy söhbetdeş. Kitap — özboluşly bir dünýä. Ol aňyrsy-bärsi görünmeýän ummany ýadyňa salýar. Her okalan kitap bolsa bizi bir basgançak ýokary göterýär. Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Kitap ömrüňe many çaýýan iň bereketli desterhan ýalydyr» diýip belleýär. Şoňa görä-de, ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň «Türkmenkitap» lomaý-bölek birleşiginiň guramagynda «Kitapsöýüji nesiller» ady bilen kitap şüweleňiniň geçirilmegi aýratyn ähmiýetli boldy. Bu özboluşly kitap baýramçylygy birleşigiň paýtagtymyzdaky durky döwrebap görnüşde täzelenen 4-nji kitap dükanynda guralyp, oňa «Nesil» gazetiniň döredijilik topary hem işjeň gatnaşdy.

Jadyly dünýä syýahat

Mekan ÇARYÝEW,«Türkmenkitap» lomaý-bölek birleşiginiň 4-nji kitap dükanynyň satyjy-maslahatçysy: — Gahryman Arkadagymyz: «Adamzadyň geljegi kitaby köp okaýanlaryň elinde bolar» diýip belleýär. Şoňa görä-de, biziň baş maksadymyz — ýaş nesillerimiziň kitaba bolan söýgüsini artdyrmak we olarda kiçilikden kitaphana gatnamak endigini kemala getirmek. «Kitapsöýüji nesiller» ady bilen kitap şüweleňini guramagymyzyň düýp maksady hem şundan ybaratdyr. Dükanymyzda dünýäniň meşhur kitaplaryny hem tapyp bolýar. Aýratynam, Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary söýlüp okalýar. Çünki bu kitaplar röwşen geljege alyp barýan başlangyçlary, parasatly garaýyşlary özünde jemleýär.

Mekdepden şu güne (Durmuş we biz)

Niçikmi: «Öýde oturaýyn» diýip arkaýynlaşsam, maňa-da bir zat tapylaýýar. Ýene bazara gitmeli boldum. Kompýuterimiň kuwwatlandyryjysy ençe gün bäri gyzsa-da, üns bermedim. Ahyr döwüldi olam. Ussa äkitsemem, haýry bolmady. «Täzesini alaýsana!» diýip dur. Işdeş oglanlara jaň etsem, olaram şony maslahat berdiler. Öýden howul-hara çykamsoň, daşyna daşlygynam alaýmandyryn, seretsem, bazaryň orruk ortarasyndan kompýuterimi goltugyma gysyp barýan. Mekdep başlajak günleri has ýakyna gelensoň, adamlardan ýaňa töwerekde aýak basara ýerem ýok. Hiç kimiň hiç kim bilen işem. Satyjylardyr alyjylaryň gowrunyň arasyndaky: «Ene, gündeligem almalydyrys!», «Pozgujy ýatdan çykarypdyrys-a, kaka?!» diýýän çaga seslerine diň salyp barşyma, tasdanam olaryň birine öwrülipdim. Şol barmana-da atasyna täze alnan torbasyny görkezip duran oglanjyga gytagymy aýladym. «Gutly bolsun-ow! Baý, kakasy bu ogluny gowy görýär-ä! Görýäňmi, gaty owadan torba-da alyp beripdir muňa!». Ýaşulynyň bu sözlerinden soň ýaňky oglanjygyň ýylgyryşyny bir görsediňiz. Uçaýjak bolýar. Haýdabam depderlerini görkezýär. Ýaşuly ýene öwgüsini ýetirýär: «Tüweleme-tüweleme, bu depderleriň içini bäşlikden doldurmak galaýypdyr-da onda saňa?!».

Redaksiýanyň elektron poçtasyndan: watan@sanly.tm

Şöhrata beslenen Diýar Halkymyzyň durmuş derejesiniň hasam ýokarlanmagy, raýatlaryň hukuk kepillikleriniň berkidilmegi, döredijilik işjeňligi täze taryhy döwrüň belent maksatlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Ösüşlere beslenýän döwletimiziň her güni buýsançly wakalardan doly. Agzybir halkymyz ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerini, milli däp-dessurlarymyzy häzirki döwrüň şertleri bilen utgaşdyryp, berkararlygyň we bagtyýarlygyň röwşen ýolunda ynamly gadamlar bilen öňe barýar. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň toýlanjak günlerinde türkmen halkynyň asylly däbine öwrülen we sabyrsyzlyk bilen garaşylýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine birnäçe wagtdan bäri taýýarlyk görülýär. Bu sene mynasybetli TKA-nyň Balkan welaýat birleşmesi tarapyndan welaýat kitaphanasynda ýaşuly hem-de ýaş nesillerimiziň, dürli pudaklarda zähmet çekýän zähmetkeşleriň arasynda «Şöhrata beslenen Diýar» atly maslahat geçirildi. Onda çykyş edenler ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň syýasy we taryhy ähmiýeti hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýtdylar.

Biraýlyga taýýarlykly barylýar

Ýurdumyzda her ýylyň sentýabrynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu giň göwrümli çäre ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde ähmiýetli bolup durýar. Biraýlygyň çäginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň bilelikde guramagynda hem birnäçe çäreler geçirilýär. Üstümizdäki şanly ýylda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygy guramaçylykly geçirmek, onuň çäginde wagyz-nesihat çärelerini guramak ugrunda etrabymyzda degişli taýýarlyk işleri alnyp baryldy. Onuň dowamynda mekdep okuwçylarynyň arasynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz-nesihat etmek, bu boýunça düşünjelerini artdyrmak maksady bilen geçiriljek duşuşyklardyr maslahatlaryň, söhbetdeşlikleriň netijeliligini gazanmakda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Sarahs etrap Geňeşiniň wekilleri hem tagallalaryny gaýgyrmaz. Biz ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmegiň kadalary boýunça täsirli wagyz-nesihat çärelerini guramagy meýilleşdirýäris.

Demokratik ýörelgeler dabaralanýar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetini, Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini, içeri we daşary syýasatda gazanýan üstünliklerini ilat arasynda wagyz-nesihat etmekde Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň işgärleridir işjeň agzalary hem aýratyn işjeňlik görkezýärler. Şu günler etrabymyzyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriniň barşynda ýokarda agzalanlar boýunça täsirli çykyşlara giň orun berilýär. Pederlerimiziň nesilden-nesle geçip gelýän görüm-göreldesi, nesihatlary, şeýle-de ulyny sylamak, agzybirlik ýörelgesine eýermek ýaly asylly däpleri halkymyzyň ruhy mirasyna pugta ornaşyp, häzirki döwrümiziň demokratik ýörelgeleri bilen utgaşykly sazlaşýar. Munuň şeýledigini Halk Maslahatynyň mysalynda aýdyň görmek bolýar. Bu umumymilli forumyň ýurdumyzda jemgyýetçilik jebisliginiň milli esaslaryny berkitmekde möhüm ähmiýeti bar. Ýerlerde geçirilýän wagyz-nesihat çärelerimizde hem şular dogrusynda aýratyn bellenip geçilýär hem-de 24-nji sentýabrda boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary taýýarlyklar bilen barmagyň ähmiýeti barada gürrüň edilýär.

Täze mekdep açyldy

Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky Hojambaz şäherinde 960 orunlyk ähli amatlyklary bolan täze döwrebap 2 gatly mekdebiň açylyş dabarasy boldy. Döwrebap mekdebiň gurlup ulanylmaga berilmegi okuwçylar bilen bir hatarda ata-eneleriň, şäheriň ýaşaýjylarynyň kalplaryna egsilmejek şatlyk paýlady. Bu ajaýyp täze binanyň açylyş dabarasyna etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri we şäheriň köpsanly ýaşaýjylary gatnaşdy. Täze mekdep dünýäniň iň meşhur kompaniýalarynyň ösen tehnologik enjamlary bilen enjamlaşdyrylyp, bu ýerde bilim aljak okuwçylar üçin ähli zerur şertler döredilipdir.

Muzeýe syýahat edildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly, şeýle-de Änew şäheriniň şu ýyl «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýen derejäni göterýändigi mynasybetli Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýine syýahat guraldy. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen syýahata agzalan jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleridir işjeň agzalary gatnaşdy. Syýahat mahalynda oňa gatnaşyjylar muzeý zallaryna aýlanyp, ol ýerdäki gymmatlyklar we maglumatlar bilen tanyşdylar. Muzeýiň hünärmenleriniň muzeýde sergilenen tapyndylar we maglumatlar dogrusyndaky gürrüňleri uly gyzyklanma döretdi.

Zähmet howpsuzlygy pugtalandyrylýar

Ýakynda TKA-nyň Balkan welaýat we Bereket etrap birleşmeleriniň bilelikde guramagynda zähmeti goramak, sagdyn howpsuz iş şertlerini üpjün etmek bilen bagly kanunçylyk namalary düşündirmek maksady bilen, okuw maslahaty geçirildi. Oňa TKA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, etrabyň daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň işgärleri, oba hojalyk toplumynyň mehanizatorlary, sürüjileri we edara-kärhanalaryň zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk hünärmenleri gatnaşdy.    Okuw maslahatynyň dowamynda çykyş edenler ekin meýdanlarda howply hem-de zyýanly önümçilik faktorlaryndan goranmagyň usullary hakynda belläp geçdiler. Zähmeti goramak we sagdyn howpsuz iş şertlerini guramaçylykly alyp barýandyklary üçin oba hojalyk toplumynyň mehanizatorlaryna, sürüjilerine hem-de edara-kärhanalaryň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk hünärmenlerine TKA-nyň welaýat hem-de etrap birleşmesiniň adyndan ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Maslahat geçirildi

Halk maslahaty — döwletliligiň, agzybirligiň maslahaty Ýakynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda TKA-nyň welaýat, etrap, şäher birleşmeleriniň bilelikde guramagynda “Halk maslahaty — döwletliligiň, agzybirligiň maslahaty” atly maslahat geçirildi. Oňa dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ildeşlerimiz gatnaşdylar.

Wagyz-nesihat duşuşyklary

Pyragy hem Arkadag döwürlere şamçyrag Şeýle at bilen TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, medeniýet, bilim ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Ýangyç-energetika pudagy özara gatnaşyklaryň esasy ugry

Myh­man wagt ta­pyp ka­bul eden­di­gi hem-de ýo­la goý­lan ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri­ni iki­çäk söh­bet­deş­lik­de ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga dö­re­di­len müm­kin­çi­lik üçin ho­şal­lyk bil­di­rip, türk­men hal­ky­nyň Milli Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza mä­hir­li sa­la­my­ny be­ýan et­di. Ga­raş­syz Türk­me­nis­ta­nyň ýe­ten be­lent sep­git­le­ri Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ady bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz işe­wü­ri myh­man­sö­ýer türk­men top­ra­gyn­da mü­bä­rek­läp, şu ge­zek­ki sa­pa­ryň çäk­le­rin­de ge­çi­ril­jek du­şu­şyk­la­ryň iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne ýar­dam ber­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň ara­syn­da­ky dost­luk­ly gat­na­şyk­lar köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da öza­ra dü­şü­niş­mek, yna­nyş­mak, hor­mat goý­mak esa­syn­da yzy­gi­der­li iler­le­dil­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýurt­la­ry­my­zyň hyz­mat­daş­ly­gy iki­ta­rap­la­ýyn esas­da, şeý­le hem BMG-niň, beý­le­ki iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de al­nyp ba­ryl­ýar.