"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Pyýada geçelgeleri we ýolugurly ulaglaryň duralgalary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallasy bilen Watanymyzyň rowaçlygy, halkymyzyň bagtly geljegi üçin beýik işler amala aşyrylýar. Asuda, abadan ýollarymyzda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda hem edilýän işler sanardan kän. Şu wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy Türkmenistanyň ýol hereketiniň kadalarynyň 14-nji böleginde görkezilen, ýagny Pyýada geçelgeleri we ýolugurly ulaglaryň duralgalarynyň düzgünlerinde görkezilen talaplary aýratyn jogapkärçilikli ýerine ýetirmelidigini ýatladýar. Düzgünleşdirilýän pyýada geçelgesine golaýlaşyp gelýän ulagyň sürüjisi gatnaw böleginden geçip barýan ýa-da geçmek üçin oňa çykan pyýadalary geçirmek üçin tizligini peseltmäge ýa-da geçelgäniň öňünde durmaga borçludyr. Eger düzgünleşdirilmeýän pyýada geçelgesiniň öň ýanynda ulag säginen ýa-da hereketini haýalladan bolsa, onda goňşy hatardan barýan beýleki ulaglaryň sürüjileri diňe şol ulagyň öňünde pyýadalaryň ýoklugyna göz ýetirenden soňra hereketini dowam etdirip biler.

Giň dünýäniň geň habarlary

Sowutly hažžyk Günorta Afrikanyň günbatar kenarýakasyny etekleýän çöl giňişliklerinde ertekilerdäki hyýaly aždarhalara çalym edýän täsin jandarlara gabat gelmek bolýar. Hažžyklaryň bir görnüşi hasaplanýan bu jandaryň deri örtügi söweşijileriň sowudyna meňzeşdir. Howp abanan halatynda, ol guýrugyny dişläp, halka görnüşde togalanýar. Bu jandarlaryň ýene bir tapawudy beýleki süýrenijiler ýaly ýumurtga arkaly köpelmeýändigidir. Ygtybarly gorag örtüginiň bardygyna garamazdan, sowutly hažžyklar adamzadyň goragyna mätäç, olar häzirki wagtda bikanun awçylygyň köpçülikleýin pidasyna öwrülýärler.

Demokratik özgertmeleriň aýdyň ýoly bilen

Merdana halkymyzyň taryhynyň haýsy döwrüni alsaň-da, her bir işiň, möhüm meseläniň halk bilen geňeşilip edilýändiginiň şaýady bolýarsyň. Şeýle asylly ýörelgeleriň, nusgalyk däpleriň aňyrsynda giden many ýatandyr. Çünki geňeşli biçilen donuň gysga bolmaýşy ýaly, il-günüňe sala salnyp edilen işiň rowaç bolýandygyny türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleriniň mysalynda has aýdyň görmek bolýar. «Geňeşli salamat bolar» diýip, her bir işi il-gün bilen maslahatly eden ata-babalarymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen ýörelgeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýär. Türkmenistanyň Halk Maslahaty bolsa şeýle asylly ýörelgeleriň dabaralanýandygyny açyk-aýdyň görkezýär. Halk Maslahatynyň mejlisiniň halkymyzyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň ýanwarynda  Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi geçirilip, onda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazananlaryny has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň has ýokary derejelerine çykarmak üçin ählihalk hereketini ýaýbaňlandyrmak, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we kanunçylyk-hukuk ulgamlarynda täze sepgitlere ýetmek, iň täze taryhymyzda gazanylan üstünlikleri wagyz e

Ynsanperwerlik ýörelgeleriniň rowaçlanýan döwri

Jemgyýetiň sazlaşykly ösmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatyna aýratyn orun degişlidir. Ol milli döwletlilik ýörelgeleriniň täze taryhy eýýamda rowaçlanmagynda, demokratik ýörelgeleriň giňden ýaýbaňlanmagynda, halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda milli hem dünýä tejribesiniň gazananlaryndan ugur alýan konstitusion özgertmeler amala aşyrylýar. Olaryň esasy maksady adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny kepillendirmekden, raýatlaryň döwlet dolandyryş işine gatnaşmaga bolan hukuklaryny berkitmekden ybaratdyr. Jemgyýeti demokratiýalaşdyrmaga, döwlet dolandyryşyny kämilleşdirmäge, halk häkimiýetliligini pugtalandyrmaga gönükdirilen hukuk özgertmeleri döwleti hem jemgyýeti mundan beýläk ösdürmekde ygtybarly esas bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata-babalarymyzyň asylly däp-dessurlaryndan gözbaş alýan demokratik ýörelgeler jemgyýetçilik durmuşyna giňden ornaşdyrylýar. Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk Maslahatynyň işiniň demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk, kanunyň hökmürowanlygy, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak,  adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligi, adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, çözgütleri erkin ara alyp maslahatl

Geňeşli il — döwletli il

Ösüşlere, özgertmelere beslenýän ajaýyp zamanamyzda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik işler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalar Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen il-ýurt bähbitli ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem şeýle şanly wakalaryň hatarynda mynasyp orny eýelär. Bu ählihalk forumynda kabul ediljek çözgütler bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatynda bagtyýar türkmen halkynyň bähbidiniň hemişe esasy orunda durýandygyny nobatdaky gezek görkezer. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakasyna öwrüljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň döwletimizi mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmekde, halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmakda, ýakyn we uzak geljegi nazarlaýan maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmekde uly ähmiýete eýe boljakdygy, halk bilen häkimiýetiň jebisliginiň mizemezdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüljekdigi buýsanjymyza buýsanç goşýan hakykatdyr.

Il bähbitli däpler dowamat-dowam

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik maksat-tutumlarynyň mundan beýläk-de rowaçlyklara beslenmeginde taryhy ähmiýete eýe bolar. Bu ýokary wekilçilikli edaranyň alyp barýan işleri muny ynamly aýtamaga mümkinçilik berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň gülläp ösmegine, halkymyzyň röwşen geljegine gönükdirilen taryhy tutumlaryndan gelip çykýan wezipeleri erkin ara alyp maslahatlaşmaga halkyň wekillerini işjeň hem-de giňden çekmekde Halk Maslahatyna uly orun degişlidir. «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kadalary muňa aýdyň güwä geçýär. Konstitusion kanuna laýyklykda öz işini alyp barýan ýokary wekilçilikli edaranyň amala aşyrýan döwletli tutumlary halk bilen geňeşmek, raýatlaryň ýürek arzuwlaryny we tekliplerini seljermek, şolar esasynda çözgütleri kabul etmek ýaly asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan ynsanperwer ýörelgelerimiziň täze taryhy eýýamda dowamat-dowam bolýandygynyň güwäsidir.   Taryhy mejlis jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam diýlip kesgitlenilen ýurdumyzda her bir adamyň raýatlyk hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmegiň, jemgyýetiň demo-kratik kadalaryny, şol sanda hukuk esaslaryny berkitmegiň döwlet syýasatymyzda baş

Kanuny talaplar berjaý edilmelidir

Ýurdumyzda raýatlaryň abadan, asuda, eşretli durmuşda ýaşamaklary, ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklar, möhüm şertler döredilendir. Ýaş nesilleri watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Adamlaryň agzybirlikli gatnaşykda bolmaklaryny we jemgyýete peýdaly işe işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, ýaşlarda asylly sypatlary terbiýelemek hem-de ösdürmek türkmen halkynyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadalary we ýörelgeleri bolup durýar. Şol milli terbiýede ýaşlaryň arasynda kanun bozulmalarynyň öňüni almak hem esasy maksatlaryň biridir. Biz şu ýazgymyzda jenaýatyň edilmegine ýol açýan sebäpleri, şertleri we beýleki kanun bozulmalary aradan aýyrmak hakynda teklipnama barada durup geçmegi makul bildik. Jenaýatlaryň öňüni almak maksady bilen ýazylýan teklipnama belli bir jenaýat işi boýunça deslapky derňewi alyp baran, ilerki derňew edaralary tarapyndan jenaýatyň edilmegine getiren sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak maksady bilen ýazylýan täsir ediş namasydyr.

Ömrümiziň rahatlygy ugrunda

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň yglan edilmegi ýollarymyzyň asuda, hadysasyz bolmagyny gazanmaklyga döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýändiginiň, raýatlaryň rahat durmuşyny üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň giň gerime eýediginiň subutnamasydyr. Bu ählihalk çäre sürüjileriňem, pyýadalaryň hem ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmekligi durmuş kadasyna öwürmeklerini, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda, umuman, gatnawly ýollarymyzyň sazlaşykly bolmagyny gazanmakda örän ähmiýetli bolup durýar. Biraýlygyň çäklerinde geçirilýän çäreleriň oňat netije berýändigini bellemek gerek. Olarda pyýadalaryň we sürüjileriň jogapkärçiligi, ünslüligi elden bermezligi, herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň düzgünlerini we kadalaryny doly berjaý etmelidigi, bularyň bolsa howpsuz hereketi, rahat ýaşaýşy şertlendirýändigi düşündirilýär. Awtoulag sürüjileri bilen bir hatarda, pyýada ýolagçylaryň hem elmydama ünsli bolmalydygy, bellenen tertip-düzgüni pugta berjaý etmelidigi aýratyn nygtalyp geçilýär.

Ýollaryň bezegi — sazlaşykly hereket

Günsaýyn ösýän we özgerýän eziz Diýarymyzda täze awtoulag ýollaryny gurmak, öňden bar bolanlarynyň durkuny täzelemek boýunça Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly işler durmuşa geçirilýär. Aýna ýaly tekiz ýollaryň ugrunda döwrebap awtoduralgalaryň gurulmagy, häzirki zaman ýol belgileriniň, maglumat görkeziji elektron tagtalaryň, awtoulaglaryň tizligini ölçeýji enjamlaryň goýulmagy hereketiň howpsuz bolmagyny gazanmakda uly mümkinçilikleri döredýär. Sürüjiler ulaglara erk edenlerinde seresaply bolsalar, pyýada ýolagçylar hem ýol hereketiniň düzgünlerini doly berjaý etseler, hereketiň sazlaşykly boljakdygy hemmämize mälim. Sürüjileriň ulagy dolandyrýan wagtlarynda awtoulaglary bellenilenden ýokary tizlik bilen sürmekleri ýol-ulag hadysalarynyň döremegine getirýän esasy sebäpleriň biridir. Şonuň üçin sürüji ulagy kadalaryň talaplaryny berjaý etmäge mümkinçilik berýän tizlik bilen sürmelidir.

Ýükler howpsuz daşalmalydyr

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň dünýä nusgalyk beýik işlerini üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler halkymyzy begendirýär. Bagtyýar ilimiziň abadan durmuşy, oňat ýaşaýşy üçin bitirilýän işleri, gurulýan biri-birinden owadan belent binalary, kuwwatly önümçilik desgalaryny göreniňde göwnüň göterilýär. Şeýle ajaýyp desgalaryň gurluşyklaryna zerur serişdeleri, halk hojalygynyň hajatlary üçin dürli harytlary, önümleri daşamakda kuwwatly ýük awtoulaglarynyň hyzmatyndan giňden peýdalanylýar. Şol ýük awtoulaglarynyň ýollarda howpsuz hereket etmekleri hemişe möhümdir. Ýurdumyzda her ýylyň sentýabr aýynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda gowy netijelerini berýär. Ýol hereketiniň düzgünlerini bilmek we olary dogry berjaý etmek dürli halk hojalyk ýüklerini kada laýyk daşamakda, ýol hereketiniň howpsuzlygyny gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, halk hojalyk ýüklerini howpsuz daşamakda ýük awtoulaglarynyň sürüjilerine aýratyn uly talaplar bildirilýär. Sürüjileriň ýükleri bellenen ýerlerine abat eltmekde doly jogapkärçilik çekýändiklerine düşünmekleri zerurdyr.

Diňe terbiýe barada

Terbiýe we bilim aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bilim bermezden terbiýelemek mümkin däl, ýöne islendik bilim terbiýe bilen berlende kämildir. L. Tolstoý.*  *  *Terbiýe — ynsanyň, bilim — ylmyň işi. Eýýäm kämillige gol beren adamda bu iki barlyk biri-biri bilen berk baglanyşýar.

Dumly-duşdan dürli dümen

Garpyzlar muzeýi Hytaýdaky garpyzlar muzeýiniň eksponatlary bu ýere gelýänlerde ýakymly täsirleri galdyrýar. Muzeý tutuşlygyna garpyz temasyna bagyşlanandyr. Bu ýerde garpyzyň taryhy, onuň sortlary, ekilişi, ideg edilişi we milli ekerançylyk däpleri barada baý maglumatlar jemlenendir. Mundan başga-da, bu tema boýunça şekillendiriş sungatynyň çeper eserleri hem bar. Muzeýde sergi meýdançasy bolup, onda garpyzlaryň dürli sortlary ösdürilip ýetişdirilýär. Myhmanlara ter garpyzlardan dadyp görmek mümkinçiligi döredilendir. Muzeýiň dizaýny hem garpyza meňzäp dur. Jaýyň içinde ýokarda garpyzyň kesilen, böleklenen görnüşleri şekillendirilendir. Muzeý ylmy merkez hökmünde hem tanalyp, onda okuw sapaklary, ylmy seminarlar geçirilýär.

Saglyk — geljegiň sakasy

Ýurdumyzda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde adam hakdaky aladanyň bir ugry bolan milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek ugrunda köp ugurly işler durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasy» aýratyn orun eýeleýär. Bu aýdyň maksatnamanyň ugry bilen, paýtagt şäherimiz Aşgabatda we welaýatlarda häzirki zaman ylmy-kliniki merkezler, şypahanalar, döwrebap derman kärhanalary, saglyk öýleri gurulýar, bar bolanlarynyň mümkinçilikleri kämilleşdirilip, döwrebaplaşdyrylýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde amala aşyrylýan özgertmeleriň netijesinde, lukmançylyk hyzmatlarynyň ençeme görnüşi halk üçin elýeterli bolup durýar. Bu ugurdaky hyzmatlaryň derejesi ösen halkara ülňüleriniň öň hatarlaryna deňleşýär. Ýurdumyzyň şypahanalar ulgamyna degişli maddy-tehniki binýadyň, olarda alnyp barylýan işleriň ýokary derejede kämilleşdirilýändigini hem bellemek örän guwandyryjydyr. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Arçman» şypahanasyna baryp görmegi hem-de şypahananyň çäginde gurulmagy meýilleşdirilýän w

Netijeli häsiýete eýe

Kaka etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi etrabyň jemgyýetçilik guramalary we beýleki degişli edaralar bilen bilelikde ýörite meýilnamalar esasynda sürüjileriň we pyýadalaryň arasynda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini alyp barýar. Onuň barşynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň yglan edilmeginiň ähmiýeti barada ildeşlerimize gürrüň berlip, bu giň göwrümli çäräniň esasy maksadynyň halkymyzyň rahat durmuşyny üpjün etmekden, ýol-ulag hadysalaryň öňüni almakdan ybaratdygy barada aýdylýar. Biraýlygyň dowamynda etrapdaky bilim-terbiýeçilik edaralarynda ýaş nesliň arasynda hem birnäçe wagyz-nesihat çäreleri, bäsleşikler geçirilýär. Olaryň barşynda ýaşlara köçe-ýol hereketiniň kadalary, pyýadalar üçin niýetlenen ýerler, ýanýodalar, ýerasty geçelgeler, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri barada gürrüň berilýär. Şeýle çäreleriň ýol hereketiniň howpsuzlygyny berk üpjün etmekde, onuň kadalaryna eýermekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda uly ähmiýeti bardyr.

Körpelere düzgünler düşündirildi

Düýn Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 20-nji çagalar bakja-bagynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň çäginde wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Körpeleriň arasynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz etmek maksady bilen geçirilen çäräni Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi, etrap bilim bölümi hem-de etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi bilelikde gurady. Ak bugdaý etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wagyz-nesihat boýunça gözegçisi Maksatgeldi Kakabaýewiň gyzykly çykyşyny körpeler uly gyzyklanma bilen diňlediler. Köçe-ýol hereketiniň kadalary, ýolyşygyň bar ýerinde ýoldan geçmegiň düzgünleri, herekete gatnaşyjylaryň borçlary hakda aýdylanlar körpelerde uly gyzyklanma döretdi. Çäre ýörite şertli belgiler bilen bezelen meýdançada dowam edip, onda körpelere ýoldan geçmegiň düzgünleri düşündirildi. Bu bolsa, çäräniň netijeliligine oňyn täsirini ýetirdi.

Ak ýollar — bagta barýan ýollar

Adamzat ýaşaýşynyň ösüşine saldamly goşant goşan merdana pederlerimiz durmuşda halklaryň, ynsanlaryň özara medeni, ykdysady hem-de önümçilik gatnaşyklaryny berkitmekde gatnaw, jahankeşdeleri dünýä aýlaýan kerwen ýollarynyň ornuna uly ähmiýet beripdirler. Şonuň üçin ýol gurmagy sogaply iş hasaplap, ýodalaryň ýollara, ýollaryň şa ýollara öwrülmegini gazanypdyrlar. Bu ynsanperwer ýörelgeler biziň häzirki günlerimizde hem döwrebap dowam etdirilýär. «Ýol» sözi manysy boýunça gaty köp zatlary öz içine alýar diýsek, öte geçmeris. Çünki uzak ýola düşülende ýa-da kimdir birine ak pata berlende, «Ýoluň ak bolsun!» diýilýär. Şundan görnüşi ýaly, halkymyz diňe bir gatnaw ýollarynyň däl, eýsem, durmuş ýollarynyň hem asuda, abadan bolmagyny isläpdir. Ýurdumyzda däbe öwrülen her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hem munuň şeýledigini doly tassyklaýar.

Ýollarymyz asuda bolsun!

Her ýylyň 1 — 30-njy sentýabry aralygynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen biraýlyk geçirilýär. Bu biraýlygyň dowamynda geçirilýän çäreler toplumy ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramaga, şikesler sebäpli döreýän keselleriň we maýyplygyň öňüni almaga gönükdirilendir. Ýurdumyzda iki taraply, köp zolakly ýollaryň, aýlawly, köp şahaly köprüleriň, häzirki zaman ýol belgileriniň, san belgili ýol yşyklaryň, pyýada ýolagçylar üçin ýerasty we ýerüsti geçelgeleriň gurlup ulanmaga berilmegi nurana ýollarymyzda raýatlarymyzyň barmaly ýerlerine sag-aman ýetmekleri üçin döredilýän giň mümkinçiliklerden habar berýär.

Okuw maslahaty geçirildi

Milli jemgyýetimiziň welaýat bölüminde dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň, Köýtendag, Kerki, Saýat, Darganata, Dänew, Çärjew etraplaryndaky wekillerimiziň gatnaşmaklarynda «Lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermegiň maksadyny we usullaryny öwretmek» boýunça okuw maslahaty geçirildi. Okuw maslahatynda durmuşda gabat gelip biläýjek dürli hadysalarda ejir çekene ilkinji gaýragoýulmasyz kömegi bermegiň ýollary dogrusyndaky çykyşlar diňlenildi we hünärmenler bilen sowal-jogap alşyldy. Okuwa gatnaşan diňleýjilere ýörite güwänamalar gowşuryldy. Milli jemgyýetiň welaýat bölüminiň işgärleri öwrenenlerine esaslanyp, welaýatyň çäginde görnüşine garamazdan, ähli edara-guramalarda okuwlary geçirmek bilen ilatyň bu ugurdan habarlylygyny gazanmagy maksat edinýärler.

Welaýatymyzda möhüm biraýlyga badalga berildi

1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli sebitleri bilen bir hatarda biziň welaýatymyzda hem «Ýol hereketiniň howpsuzlygy ― ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyga badalga berildi. Eýýäm bu biraýlygyň çägindäki çäreler giň gerime eýe boldy. Türkmenabat şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesinde geçirilen maslahat hem biraýlyga bagyşlandy. Onda biraýlygyň dowamynda edilmeli işler seljerildi.

Ýaşlar — Watanyň ýagty geljegi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen döwletimizde amala aşyrylýan özgertmeleriň çäklerinde bagtyýar ertirlerimiziň eýeleri bolan ýaş nesliň dünýä ölçeglerine laýyklykda bilim almagyna, hünär öwrenmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Bu ugurdaky aladalary her ädimde görmek bolýar. Ynha, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda altyn güýzüň ilkinji gününde bagtyýar ýaşlarymyz uly ruhubelentlik bilen täze okuw ýylyna girişdiler. Bilşimiz ýaly, ýaş nesliň kämil bilim almagy bilen birlikde milli ruhda terbiýelenilmegi hem aýratyn üns merkezinde saklanylmaly meseleleriň biridir. Şu nukdaýnazardan, welaýatymyzyň bilim we terbiýeçilik edaralarynda yzygiderli bolup, wagyz-nesihat çärelerini geçirýäris. Bu ähmiýetli çärelere ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem işjeň gatnaşýarlar. Edilýän çykyşlarda ýaşlara milli ruhda terbiýe bermegiň, jemgyýetimizde giň düşünjeli, sagdyn ruhly we maksada okgunly şahsyýetleriň kemala gelmeginiň zerurlygyna aýratyn üns çekilýär.