"Ahal durmuşy" welaýat gazeti

Esaslandyryjysy: Ahal welaýatynyň häkimligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-31, 38-61-30, 38-61-49
Email: ahaldurmushy-gazeti@sanly.tm

Habarlar

Ilatyň abadan ýaşaýşy üçin

Ýagşy umyt-arzuwlara beslenip, Täze — 2021-nji ýyl bosagamyzdan ätledi. Abadan şu gününe guwanýan, nurana geljegine çäksiz ynanýan agzybir we bagtyýar halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň daşyna berk jebisleşip, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylyna belent ruh bilen ynamly gadam goýdy. Täze başlanan ýylyň hem halkymyzyň bagtyýarlygyna we abadançylygyna beslenjekdigine şek-şübhe bolup bilmez. Munuň şeýledigine eýýäm 2021-nji ýylyň ilkinji günlerinden ildeşlerimiziň köpeldilen pensiýalaryny we döwlet kömek pullaryny alyp başlamagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. «Döwlet adam üçindir!» Hormatly Prezidentimiziň şu dünýä nusgalyk ýörelgesi barha we barha dabaralanýar. Ata Watanymyzda ilatyň ähli gatlaklaryny durmuş taýdan goldamak we goramak babatynda bitirilýän işler haýran galdyryjydyr. Ine, indi köp wagtdan bäri her ýylda aýlyk zähmet haklary, pensiýalar hem-de döwlet kömek pullary, talyp we diňleýji haklary yzygiderli ýokarlandyrylyp gelinýär. Şeýle ilhalar çözgüt Gahryman Arkadagymyzyň jaýdar belleýşi ýaly, mähriban halkymyzyň mundan beýläk-de abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmeklige gönükdirilendir.

Korrupsiýa garşy göreşiň hukuk esasy

Esasy Kanunymyza laýyklykda, ýurdumyzyň çäginde ýaşaýan her bir adam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlaryny berjaý etmäge we milli däp-dessurlaryny hormatlamaga borçludyr. Hormatly Prezidentimiz Esasy Kanunymyzyň bu kadasyndan ugur alyp, döwletimizde kanunlara, milli däp-dessurlarymyza hormat goýmagy, olaryň hemmeler tarapyndan ýerine ýetirilmegini, hukuk tertibiniň üpjün, tertip-düzgüniň berjaý edilmegini hemişe talap edýär. Korrupsiýanyň esasy manysy barada aýdylanda, döwlet gullukçylarynyň wezipe ygtyýarlyklaryny ýa-da olar bilen bagly mümkinçilikleri peýdalanmak arkaly hut özi ýa-da arada durýan adamyň üsti bilen özi üçin ýa-da üçünji şahslar üçin pul, gymmatlyklary, gaýry emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almagy, şonuň ýaly-da, görkezilen adamlara şeýle peýdamy beýleki fiziki şahslaryň bikanun bermek arkaly olara bermit bermegi, şeýle hem ýokarda görkezilen hereketleriň ýuridik şahslaryň adyndan ýa-da olaryň bähbitlerine edilmegi bolup durýar.

Jemagat hyzmaty göwnejaý guralýar

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirýän maslahatlarynda ilata edilýän möwsümleýin jemagat hyzmatlaryny ýokary derejede guramak barada anyk tabşyryklary berýär, bu ugra dahylly edara-kärhanalaryň öňünde derwaýys wezipeleri goýýar. Olardan ugur almak bilen, biziň etrap jemagat hojalygy müdirligimiziň işgärleri hem giň gerimli çäreleri durmuşa geçirýärler. Olar ýyladyş desgalarynyň kadaly hereket etmegini, köçeleriň, ýollaryň ugurlarynda, meýdançalarda arassaçylyk, abadanlaşdyryş işleriniň göwnejaý ýerine ýetirilmegini gazanýarlar. Häzirki wagtda müdirligimiziň ýyladyş ulgamyna degişli binalaryň 20-si, jemagat ýaşaýyş jaýlarynyň 54-si bolup, olaryň ýylylyk üpjünçiligine aýratyn üns berilýär. Şonda bu babatda peýdalanylýan 60-dan gowrak desganyň bökdençsiz işledilmegi esasy wezipe bolup durýar. Çünki olaryň güýji bilen ýyladylýan orta mekdeplerde, çagalar baglarynda ýaşlaryň müňlerçesi bilim-terbiýe alýarlar hem-de ýaşaýyş jaýlarynda ilatyň uly bölegi ýaşaýar.

Çaga we kitap

Rus ýazyjysy Maksim Gorkiý: «Her bir kitap meni adamkärçiligiň belentliklerine galdyrýan, durmuşa düşünmegime ýardam edýän güýç bolup görünýär» diýýär. Hakykatdan-da, kitap durmuşy, ýaşaýşy gözelleşdirýär. Oňa many öwüşginlerini çaýýar. Şeýle güýjüň çaganyň durmuşyna hem ornaşmagy, elbetde, her bir ata-enäniň arzuwydyr. Hawa, kitap iň gowy dost hasaplanylýar. Kitap bilen dostlaşan her bir çaga özünde aýratyn bir dünýäni açýar. Şol dünýä hem onuň öz-özüne akyl ýetirmegine ýardam edýär. Kitap diýleninde, çagalar diňe bir okuw kitaplary bilen çäklendirilmeli däldir. Sebäbi çaganyň durmuşynda çeper edebiýatyň uly orny bardyr. Kitap çagalaryň ylym-bilimiň çuňluklaryna aralaşmagyna, sözleýiş diliniň ösmegine, söz baýlygynyň artmagyna ýardam edýär. Mundan başga-da, jemgyýetde öz ornuny tapmagyna, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sagdyn bolmagyna, okaýan jemgyýetiň kemala gelmegine itergi berýär. Olaryň ýanynda hemsyrdaş bolup, ýaşaýşa bolan ynamyny güýçlendirýär. Emma bu zatlar diňe çaganyň kitap okamaklygy endik halyna getireninden soňra amala aşýar. Şonuň üçin hem çagalara kitaply dünýäniň lezzetini dadyrmak, ozaly bilen, ata-enäniň, maşgala agzalarynyň, ikinjiden, mugallymlarynyň, galyberse-de, bile tirkeşýän dostlarynyň üstüne düşýär.

Beýni we akyl-paýhas oýunlary

Akyl-paýhas oýunlarynyň diňe bir güýmenje bolman, beýniniň işjeňligini artdyryp, zehini ýitileşdirýändiginden habaryňyz bardyr. Gyşky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde bu oýunlara wagt tapyp bilersiňiz. Olar hem güýmenje, hem-de beýniňiz üçin yzygiderli türgenleşik bolar. Düzzüm, şaşka, küşt, krossword, matallar, tapmaçalar ýaly akyl oýunlary birek-birek bilen özara arabaglanyşygy hem ösdürýär. Professor Riçard Kaselli bu oýunlary yzygiderli oýnamagyň birbada birnäçe ukybyň ýüze çykmagyna, munuň bolsa beýnidäki käbir keselleri bejerijilik häsiýetine eýedigini belleýär. Çünki 12 ýylyň dowamynda 1157 müň adamda geçirilen barlaglarda yzygiderli akyl oýunlaryny oýnamagyň täsiri bilen beýnidäki Alsgeýmer keseliniň ýok bolup gidýändigi ýüze çykaryldy.

Reňkleriň täsiri

Taryhy çeşmelerde «Ata-babalarymyz gadymy döwürde öz daş-töweregini Günüň hereketine görä dört tarapa bölüpdirler. Her tarapa bir at dakyp, olary özboluşly häsiýet, nyşan we reňk bilen tapawutlandyrypdyrlar. Mysal üçin, oguzlar gündogara gök reňk berip bahary, günorta gyzyl reňk berip tomsy, günbatara ak reňk berip güýzi, demirgazyga gara reňk berip gyşy aňladypdyrlar» diýlip bellenilýär. Diýmek, gadymyýetde pederlerimiz reňkleriň üsti bilen dürli pursatlary aňlatmagy başarypdyrlar. Şeýlelik bilen ýaşyl reňk il arasynda ýaşlygy, umyt-arzuwy aňladýar. Gyzyl reňk Günden gözbaş alyp, toý-baýramyň, şan-şöhratyň reňki hasaplanylsa, ak reňk milli däp-dessurlarymyza laýyklykda «Ak zat alnyňa ýagşy» diýlip, tämizlige deňelýär. Türkmenleriň toý däp-dessurlarynda diş çykaran çaganyň üstünden ak patragyň, täze gelen gelniň üstünden ak nogulyň seçilmegi hem şonuň üçin bolsa gerek. Munuň özi halkymyzyň durmuşynda reňkleriň uly mana eýedigini görkezýär. Şöhratly taryhymyzda hem reňkler hakyndaky dürli düşünjeler halkyň edim-gylymlarynda, däp-dessurlarynda öz beýanyny tapýar.

Giň dünýäniň geň habarlary

Edil aýna ýaly Öndürýän önümleri bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýän «Xiaomi» kompaniýasy aňyrsy görnüp duran, edil aýna ýaly diýdirýän täze telewizorlaryň önümçiligini ýola goýmakçydygyny mälim etdi. Şeýle telewizorlary 2019-njy ýylda «Panasonic», 2017-nji ýylda «LG», 2016-njy ýylda «Samsung» kompaniýalary köpçülige tanyşdyrypdy. Kompaniýa şeýle telewizorlary köpçülikleýin öndürmegi maksat edinýär. «Xiaomi Mi TV Lux Transparent Edition» diýlip atlandyrylýan telewizoryň OLED ekrany 55 dýuým bolup, onuň galyňlygy 5,7 mm deň bolar. Onuň haçan satuwa goýberiljekdigi hakynda anyk maglumatlar ýok. Telewizoryň bahasynyň beýleki kompaniýalaryň şeýle görnüşli telewizorlaryndan 3 esse arzan bolmagyna garaşylýar.

Giň mümkinçilikleriň ulgamy

Garaşsyz döwletimiziň ykdysadyýetini ösüş--özgerişli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda depginli ösdürmekde Gahryman hem mähriban Prezidentimiz wajyp wezipeleri öňe sürýär. Şol wezipeleriň birem sanly ykdysadyýeti giňden ornaşdyryp, ýurdumyzy çalt depginlerde ösdürmekdir. Halk hojalygyna we beýleki ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalary, innowasiýalary ornaşdyrmak şu günüň wajyp wezipesi bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda dünýäniň ähli ýurtlarynda sanly ykdysadyýet giň gerime eýe bolup, Arkadag Prezidentimiz kämil ulgama geçilmegi bilen bagly giň möçberli işler barada möhüm wezipeleri öňde goýýar. Milli Liderimiziň “Türkmenistanda 2019 — 2025--nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekmegi bilen ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda uly işler durmuşa geçirilip başlandy. Sanly ykdysadyýetiň ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde, onuň netijeliligini ýokarlandyrmakda ähmiýeti uludyr. Muny institutymyzda alnyp barylýan işlerem doly subut edýär. Biz, talyplara bilim berip, hünär öwretmekde kämil ulgamdan peýdalanylmagy gowy netijeleri berýär.

Kitaphana ulgamy ösdürilýär

Zähmet üstünlige ýetirýär Eziz Arkadagymyzyň saýasynda Diýarymyz günsaýyn ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda bolşy ýaly, kitaphana ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar.

Nusgasy iller gezer

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň abadan ýaşaýşyna gönükdirilen beýik işlerini, ýaşlaryň edep-terbiýeli bolmaklaryny, gyzlaryň el hünärlerinden baş çykarmaklaryny gazanmagy wagyz etmek boýunça täsirli çäreler, maslahatlar, sergiler guralýar. Şeýle çäreleriň biri-de «Nusgasy iller gezer» diýen at bilen Serdar şäher medeniýet öýünde geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň we Serdar şäher geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat we şäher birleşmeleriniň bilelikde guramaklarynda geçirilen söhbetdeşlige orta mekdepleriň mugallymlary, mährem eneler we gyzlar gatnaşdylar. Çykyşlarda el işleriniň gyzlary terbiýelemekdäki ähmiýeti barada gürrüň edildi. Gyzlara keşde-nagyş öwretmekde, haly-palas dokamagyň tärlerini doly ele almaklaryny gazanmakda edilmeli işleriň edep-terbiýe bilen baglydygy aýdyldy. El işleriniň dowamat-dowam bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy, beýik başlangyçlarynyň has-da rowaç almagy arzuw edildi.

Paýhas diwany — dünýä dillerinde

Golaýda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitaby ýene-de birnäçe daşary ýurt dillerine — türk, arap, fransuz dillerine terjime edilip, olaryň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Dabaralara Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň professor-mugallymlary hem işjeň gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, bu kitap eýýäm hytaý, ýapon, rus, azerbaýjan, gruzin we ukrain dillerine hem terjime edildi. Bu sanawyň yzygiderli artmagy milli Liderimiziň gymmatly eserlerine dünýä jemgyýetçiliginde gyzyklanmanyň uludygynyň, döwlet Baştutanymyza goýulýan çuňňur hormatyň nyşanydyr. Kitap 12 bölümden ybarat bolup, olarda durmuşyň gönezligi, Zeminiň abatlygy, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, ynsaply bolmak, agzybirlik ýaly düşünjeler giňişleýin beýan edilýär. Kitapdaky: «Häzirki wagtda halkara giňişlikdäki dostlukly gatnaşyklar ösüşleri ýaýbaňlandyrmaga amatly ýagdaýy döredýär. Adamzadyň döreden beýik taglymatlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň ýoly hem dostlukdadyr» diýen sözler halkymyzyň dost-doganlyga uly ähmiýet berýändigini, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň baş ýörelgelerini alamatlandyrýar.

Watany söýmegiň mekdebi

Zeminiň parahatçylygy, halklaryň dostlugy, jemgyýetiň durnuklylygy ynsanlaryň ýagşy umyt-arzuwlarynyň rowaç bolmagynyň ilkinji şertleri hasaplanýar. Şu nukdaýnazardan, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ählumumy parahatçylygyň pugtalandyrylmagy, ýurduň asudalygy, raýatlaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň ygtybarly goraglylygy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenýär. Toplumlaýyn özgertmelerde halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi baş wezipe hökmünde öňe çykarylýar. Ata Watanymyzyň goragynda takyk tabşyryklary ýerine ýetirýän harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Akyldar danalar «Ata Watan aman bolsa, reňki-roýuň saman bolmaz», «Merdi sylan — merdana» diýen we başga-da ençeme parasatly pähimleriň üsti bilen Watanyňa, halkyňa wepalylyk baradaky düşünjeleri milli edep-kadalaryň, ahlak päkliginiň özenine deňäpdirler. Duşmana gaýtawul bermekde gaýduwsyzlyk görkezen edermen ata-babalarymyz nesil terbiýesinde dogduk mekana ygrarlylyk duýgularynyň kemala getirilmegini öňdäki orunda goýupdyr. Perzentleriniň goç ýigitler, asylzada gyzlar, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri hakyndaky arzuwlaryny ene hüwdüsine, ata pendine siňdiripdir. Milli oýunlara ýaşlaryň özüne erk edijilik, şahsy ugurtapyjylyk, ykjamlyk, çakganlyk, erjellik endiklerini ösdürýän tilsimleri gir

Arkadagly Diýara hoş gelipsiň, Täze ýyl!

Şatlyk-şowhuny her bir öý-ojagy gurşap alýan Täze ýyly garşylamak dabarasy welaýatymyzda hem ýokary ruhubelentlige beslendi. Esasy dabaralar Balkanabat şäherindäki welaýat kitaphanasynyň öňünde oturdylan welaýatyň baş Täze ýyl arçasynyň ýanynda giňden ýaýbaňlandyryldy. Älemgoşar öwüşgini bilen haýran galdyrýan baýramçylyk meýdançasynda şatlyga beslenen dabara il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar körpeler, medeniýet we sungat ussatlary, talyp ýaşlar agzybirlik bilen gatnaşdylar. Baýramçylyk mynasybetli guralan teleköpri dabara gatnaşyjylara ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň hem-de paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary bilen toý şatlygyny paýlaşmaga, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň adyna baýramçylyk gutlaglaryny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Buýsançly ýaňlanan baýramçylyk gutlaglarynda şöhratly taryhymyzda mynasyp orun alan 2020-nji — “Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylan köpugurly üstünlikler dogrusynda durlup geçildi. 2020-nji ýyl döwletimiziň iň täze taryhynda milli we halkara ähmiýetli şanly wakalara baý ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda hem hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly, döredijilikli beýik işleri rowaçlyklara beslenip, durmuş-ykdysady özgertmeler üstünlikli amala aşyryldy. Munuň özi döwrebap nusgaly durmuş düzümlerini döretmekde, gurluşyk pudagyny, oba hojalygyny ösdürmekde, hususy

Çagalaryň şatlygy — dünýäniň abatlygy

Baky berkarar döwletimiz hemmeleriň kalbyny toý şatlygyna besläp gelen täze, 2021-nji ýyla gadam basdy. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan bu ýylyň hem eziz Diýarymyza düşümli ýyllaryň biri boljakdygyny onuň belent tutumlaryndan duýmak bolýar. Toý lybasyna beslenen Täze ýyl arçalarynyň daş-töwereginde baýramçylyk keşbi kalbyňy joşa getirýär. Täze ýyl mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda geçirilen dabara hem ýatdan çykmajak täsirli pursatlara beslendi. Dabarada çykyş edenler bu ýere ýygnanan bagtyýar körpeleri Täze ýyl baýramy bilen gutladylar. Täze ýylda ata Watanymyzyň abadan, ilimiziň agzybir, topragymyzyň rysgal-bereketli bolmagyny arzuw etdiler. Körpeler şatlyk-şowhun bilen Aýazbabadyr Garpamygy çagyrdylar. Ýürekleri joşgunly körpeler Aýazbabadyr Garpamyk bilen bilelikde aýdym aýdyp, tans etdiler. Täze ýyl baýramçylygyny wasp edýän goşgulary ýatdan aýtdylar. Olaryň Watanymyzy, bagtyýar çagalygy wasp edip aýdan aýdymlary, goşgulary halkymyzy eşretli döwrüň eýesi eden Arkadag Prezidentimize hoşallyklarynyň beýany bolup ýaňlandy.

Rowaclyga beslendi

Ýagşy umyt-arzuwlar bilen Täze ýylymyz bosagadan ätledi. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly uly ösüşleri, möhüm syýasy-jemgyýetçilik wakalary bilen taryhymyzyň gatynda mynasyp orun alar. 2020-nji ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllygy dabaraly bellenip geçildi. Baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýy uludan tutuldy. Mydama bolşy ýaly, gazanylan üstünlikler örän köpdür. Ähli ugurlarda bolşy ýaly, bilim ulgamyny ösüşiň täze derejelerine çykarmaga gönükdirilen işler oňat netije berýär. Bilim berlişiniň hili ýokarlanýar. Bizem çagalar bagymyzda sapaklary talabalaýyk guramaga, terbiýeçilik çärelerini gyzykly geçirmäge çalyşýarys. Şu maksat bilen görkezme esbaplaryndan, interaktiw tagtadan peýdalanýarys. Şeýle edilmegi körpeleriň sapaga höwesiniň artmagyna ýardam edýär. Çagalar bagymyzda terbiýelenýän çagalar şäher, welaýat derejesinde geçirilýän bäsleşiklere işjeň gatnaşýarlar, baýrakly orunlary eýeleýärler. Şäher möçberinde guralan «Zehinliler öňe saýlanýarlar», «Körpe bilgirjeler», «Dil bilen dünýäni gezer» atly bäsleşiklerem gyzykly boldy.

Täze ýyl — arzyly baýram

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe 2021-nji ýylyň gelmegi bilen, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Täze ýyl baýramçylygy dabaraly bellenilýär. Her bir baýramçylygyň öz täsiri we garşylanylyşy bolýar. Baýramçylyklaryň bir-birinden tapawutly bolşy ýaly, olaryň adamlarda galdyrýan täsirleri-de üýtgeşikdir. Täze ýyl baýramçylygy welin, iň bir ajaýyp baýramçylyklaryň biri. Sabyrsyzlyk bilen garaşylýan bu baýramçylyk täze bir ýylyň başlanmagyny aňladýar. Şonuň üçin geçen ýyly dabaraly ýagdaýda tamamlap, Täze ýyly uly joşgun bilen garşylamak däbe öwrüldi. Şeýle-de halkymyzda bir yrym bar. Täze ýyl saçagyny näçe bol edip, dürli-dümen nygmatlardan doldursaň, geljek ýyl hem şonça bereketli, rysgally bolarmyşyn diýilýär. Şol sebäpli, Täze ýyl saçagyny giňden ýazan halkymyz öz bereketli desserhanynyň iň bir süýji, lezzetli nygmatlardan doldurdy. Täze ýyl maşgala baýramçylygydyr. Her kim Täze ýylda öz öýünde, maşgalasynyň arasynda bir saçagyň başynda jemlenýär. Goý, 2021-nji ýyl halkymyza rowaçlyklar getirsin! Uly şatlyk-şowhun bilen maşgala agzalarynyň arasynda garşylanan Täze ýylda rysgal-berekediň, döwletliligiň ýaran bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris! Täze ýylyňyz düşümli bolsun!

Hoş geldiň, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly!

Ýurdumyzyň çar künjeginde Täze ýyl baýramçylygy, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny garşylamak bilen bagly dabaralar giňden ýaýbaňlandyryldy. Bagtyýar ildeşlerimiz hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagyny aýratyn ruhy göteriliş bilen garşylady. Baýramçylyk agşamy guralan teleköpri arkaly göni ýaýlymda Gahryman Arkadagymyza, şeýle-de külli türkmen halkyna ýetip gelen Täze, 2021-nji ýyl mynasybetli gutlaglar, iň gowy arzuwlar aýdyldy. AHALDA

Ähli ýollar Türkmenistana gelýär

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylyna köňül kelamy Parahatlyk ata-baba däbimiz,Şygyr köňül atly bossana gelýär!Dünýäniň öňünde belent Tugumyz,Ähli ýollar Türkmenistana gelýär!

Ýyldan-ýyla belent maksatlar bilen

...Pikir edip otursaň, wagt täsin närse, ol bir görseň-ä, juda tiz geçýär, bir baksaňam, beýle-de däl ýaly. Onuň tizligi hakda «Ýortup barýan keýgiň şahyny saýalan ýaly» diýýäris. Dünýäde bir hakykat bar: hiç bir zat wagtdan üzňe däl, wagta dahylsyz, ondan emin-erkin ýaşap bilýän janly-jandaram, jansyz närse-de ýok. Her bir öten ýyl — ömür atly bibaha serpaýdan wagtyň gädip alan bölegi. Daglaryň ösýändigi, hawa, baglaryň-a baýaky, daglaryňam ösýändigi wagtyň “aýnasynda” mälim bolýar.

Gel, Täze ýyl, töre geç!

2021-nji — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly geljege ynam bilen garşylandy 31-nji dekabrda — 1-nji ýanwarda ýurdumyzyň Baş arçasy oturdylan «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança esasy Täze ýyl dabaralarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Meýdançada gurnalan sahnada meşhur estrada aýdymçylaryň, ussatlaryň hem-de parlak ýyldyzlaryň gatnaşmagynda aýdym-sazly şüweleň guraldy. Olar Täze ýyla bagyşlanan döredijilik çykyşlary bilen tomaşaçylary begendirdiler. Joşgunly aýdym-sazly çykyşlar hem-de tanslar ýerine ýetirildi.